Open main menu

Wikipediýa β

Serdar

(Gyzylarbat sahypasyndan gönükdirildi)

Serdar (öňki ady Gyzylarbat, SSSR wagtynda rusça Kizyl-Arbat, ýagny Кизыл-Арбат diýip ýazylýardy) bu Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Balkanabat we Türkmenbaşy şäherinden soň üçünji uly şäheri. Ilaty 50000 töweregi. Bu şäher Aşgabat we Balkanabat şäherleriniň arasynda, olardan takmynan deň aralykda ýerleşýär. Serdar şeýle hem etrap bolup, ol Janahyr, Purnuwar, Hojagala, Goç, Zaw, Paraw, Çukur diýen ýaly birnäçe obalary we daýhan birleşiklerini öz içine alýar.

Ýurt
Türkmenistan
Sebit
Balkan welaýaty
Koordinatlar
Ilat
50 000 adam
Sagat guşaklygy
Telefon kody
+993 246
Karta görkez/gizle
Serdar (Türkmenistan)
Red pog.png
Serdar şäherindäki taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi (Günbatar tarapdan)

Mazmuny

Serdar şäheriniň iri ykdysady zawod fabrikleriEdit

Wagon remont ediş zawodyEdit

Bu zawodyň düýbi 1882-nji ýylda esasy demir ýol ussahanasy hökmünde tutulýar. 1992-nji ýylda ussahanany rekonstruksiýa edýärler. 1928-nji ýylda onuň ady "Parawoz remont ediş zawodyna" üýtgedilýär. 1947-nji ýylda bolsa häzirki adyna eýe bolýar. Beýik Watançylyk urşy döwründe bu zawodda broneotlylar bejerlipdir we goranyş önümleri ýasalypdyr. 1947-nji ýyldan bäri sisternalary bejermek bilen meşgullanýar. 1992-nji ýylyň başynda 4 we 8 osly sisternalary remont edýärdi, wagon tekerlerini bejerýärdi we şaý-seplerini ýasaýardy.

Gurbansoltan eje adyndaky tekstil toplumyEdit

Bu zawod Garaşsyzlyk döwründe Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Niýazowyň başlangyjy bilen guruldy we häzirki wagtda ýüplik çykarmak bilen meşgullanýar. Zawod öz önümlerini esasan daşary ýurtlara eksport edýär.

Haly fabrigiEdit

Serdaryň aýal-gyzlary uzak wagtlardan bäri halyçylyk ussatlyklary bilen meşhurdyr. Bu ýeriň halyçylary 20-nji asyryň birinji ýarymynda dünýäde iň uly ölçegli teke gölli halysyny dokadylar we ol haly Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Häzirki wagtda ol haly Aşgabat şäheriniň haly muzeýinde saklanýar.

Serdar ýod zawodyEdit

 
Serdar şäherindäki esasy metjid

Bu zawod SSSR döwri gurulyp, häzirki wagtda hem önüm bermegini dowam edýär. Zawodyň çykarýan önümi esasan daşary ýurtlara eksport edilýär.

Ösümlik ýag kärhanasyEdit

Serdar şäheriniň ösümlik ýag kärhanasy pagta çigidinden nahar ýagyny çykarmak boýunça ýöriteleşýär. Zawodyň önümi içeri we daşarky bazarlarda uly islege eýedir.

Serdaryň belli şahsyýetleriEdit

Han Ahmet (Türkmenistanyň premýer ministri bolan)

 
Serdar şäheriniň baş meýdançasy

Röwşen Hallyýew (Türkmenistanyň belli halk aýdymçysy bolan)

Toýguly Jepbarow (Türkmenistanyň halk aýdymçysy)

Serdar etrabynda ýerleşýän meşhur medeni taryhy ýerlerEdit

Paraw bibiEdit

Türkmenistanda belli zyýarat edilýän ýerleriň biri.

Serdar şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiEdit

Rus patyşa döwründe gurulan, öň serkow (церковь) bolan.

Köpetdagyň eteginde ýerleşýän çagalar sagaldyş merkeziEdit

Öň Kaçkowskiý ýa-da Orlýonok diýip atlandyrylýardy. 2016-njy ýylyň tomsunda bu ýerde täze çagalar sagaldyş merkezi guruldy we işläp başlady.

SeretEdit