Häzirki zaman nanotehnologiýalary
Nanotehnologiýa XXI Asyr ýokary nanotehnologiýalaryň asyrydyr. Nanotehnologiýalara düýpli ylmy barlaglary talap edýän tehnologiýalara geçmek ylmy tehniki öwrülişi giň iň ýokary basgançagydyr. Nanotehnologiýa durmuşda möhüm hile eýe bolan belli bir önümi almak prosesidir. Nanotehnologiýa geljegiň önümçilik tehnologiýasy. Ol maddanyň gurluşyna doly gözegçiligi ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Nanotehnologiýa häzir üç ugur boýunça ösýär. Birinjiden, molekula ýa da atom ululygyndaky electron shemalary ikinjiden, şeýle ölçegdäki mehanizmleri taýýarlamak üçünji den, molekulalardan we atomlardan ybarat predmetleri düzmek boýunça işleri alyp barmak. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda Erik Dreksler tarapyndan jikme-jik öwrenilenden soň, molekulýar nanotehnologiýa ylmyň özbaşdak şahasyna öwrüldi. 1991-nji ýylda ýapon alymy SumioIijima tarapyndan uglerodyň millionlarça atomyndan düzülen diametri 10 nanometre, uzynlygy onlarça mikrona barabar bolan turbajyk şekilli molekula nano turbajyk açylýar. Ol adamyň saçyndan 100 müň esse inçedir hem-de örän berkdir. Bu görkeziji nano turbajykdan ýasalan ýogynlygy bary-ýogy 1 millimetrlik sapajyga 20 tonna agyrlygy götermäge mümkinçilik berýär. Nanotehnologiýalaryň maddalar bilen däl-de, atomlar bilen iş salyşýanlygy onuň esasy aýratynlygydyr. Lukmançylykda nanotehnologiýalaryň hyzmaty uludyr. Ynsan ömrüni uzaltmakda, keselleriň öňüni almakda, täze dermanlary döretmekde, onkologiýa, genetik keselleriň, wiruslaryň garşysyna göreşmekde, emeli usulda immuniteti güýçlendirmekde we beýlekilerde geljegi uly bolan barlaglar dowam etdirilýär. Aşgabatda 2014-nji ýylda açylan Tehnologiýalar merkezinde ýörite nanotehnologiýa bölümi döredildi. 2015-nji ýylda bolsa Halkara Türkmen-Türk uniwersitetinde nanotehnologiýa hünäri açyldy we 2016-nji ýylda bolsa Türkmen Inžiner Tehnologiýalar uniwersitetine geçirilip we birnäçe bölumler goşuldy.
*'' IUHD. Nuryyew Myrat ''