Häzirki zaman umumyadamzat gymmatlyklarynyň düýpli meseleleri.


Mowzuk: Häzirki zaman umumyadamzat gymmatlyklarynyň düýpli meseleleri.

Meýilnama:

1. Ýaragsyzlanmak-halkara howpsyzlygynyň möhüm şertidir.

2. Demografiýa, çigmal we energetika meseleleri.

3. Ekologiýa we adam saglygyny goramak.

4. XX-nji asyryň ahyrynda iň täze taryhyň ösüşiniň jemleri.

-Biziň ýurtlarymyz gadymy wagtlardan bäri goňşy oturan ýurtlardyr. Birek-birege hemaýat etmek, parahatçylykda we dostlukda ýaşamak bolsa goňşularyň borjudyr. Biz halk hojalygynyň ähli sferalarynda, ylym, medeniýet babatda jebis hyzmatdaşlygy ösdürip we pugtalandyryp, dostlukly we parahatçylykly ýaşamaga çalyşýarys. Türkmen-eýran serhediniň iki tarapyndaky halklar parahatçylykly we dostlukly ýaşamak isleýärler. Biziň wezipämiz bolsa olara kömek bermekden ybaratdyr.

1993-nji ýylyň 22-24-nji Garaşsyzlyk aýynda Türkmenistana resmi sapary wagtynda aýdan sözleri.

№64 Häzirki zaman umumy adamzat durmuşynyň düýpli (global) meseleleri.


Häzirki wagtda halkara meseleleriniň içinde globalizasiýalaşmak meselesi, jedelsiz suratda, öň hatara çykýar.

Saparmyrat Türkmenbaşy.


Global meseleler näme? Iki asyryň sepgidinde dünýä adamzat durmuşynyň düýpli meseleleri bilen ýüzbe-ýüz boldy. Olar tutuş siwilizasiýanyň, hatda biziň planetamyzdaky ýaşaýşyň dowam etmegine howp salýan düýpli meselelerdir. “Global” diýen adalganyň özi latyn dilindäki “globus”, ýagny Ýer, Ýer togalagynyň diýen sözden gelip çykýar. Bu adalga XX asyryň 60-njy ýyllaryndan başlap häzirki zamanyň bütin adamzady gurşap alýan umumy planeta möçberindäki möhüm meselelerini aňlatmak öçin giňden peýdalanylyp başlandy.

Häzirki zaman umumy adamzat durmuşynyň düýpli meseleleri biri-biri bilen berk baglanyşykdadyr. Şonuň üçin olaryň hiç birini hem üzňelikde çözmek mümkin däl.

Indi bolsa umumy adamzat durmuşynyň düýpli meseleleri barada aýratynlykda gürrüň edeliň!

Ýaragsyzlanmak- halkara howpsuzlygyň möhüm şertidir. XX asyryň ahyrynda adamzat öz döreden ýaraglarynyň siwilizasiýasynyň tepbedini okap biljekdigine düşündi. Gapma-garşy iki ulgamyň biri-birinden rüstemdigini subut etmek üçin döredilen ýadro, termoýadro, himiki, baktereologiki we beýleki gyryjy ýaraglary Ýer ýüzündäki ýaşaýşy birnäçe sapar süpürip taşlamaga ukyplydy.

Adamzat üçin ýadro ýaragynyň nä derejede hoplydygyna göz ýetiren ABŞ we SSSR ahyry gepleşikler stolunyň başyna jemlendi. 80-nji ýyllaryň ahyrynda olaryň arasynda strategiki hüjüm ediş ýaraglaryny çäklendirmek, ýadro synaglaryny bes etmek barada birnäçe şertnamalara gol çekildi (seret №5!)

80-nji ýyllaryň ahyrynda Gündogar Ýewropada sosialistik düzgüniň synmagy hem-de 1991-nji ýylda SSSR-iň dargamagy dünýä ösüşinde oňaýly meýilleriň kemala gelip başlamagyna getirdi.

Merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy öz çykyşlarynyň birinde : “Adamzat üçünji jahan urşunyň wehininden halas bolup ýetişmänkä, harby taýdan gapma-garşy gurmak akyl ýetirip bolmajak derejede biziň gündelik durmuşymyza dolanyp geldi. Güýç ulanmak bolsa käbir syýasatçylaryň nukdaý nazaryndan, dünýäde göwnejaý tertibi saklanmagyň hem-de jedelleri çözmegiň mümkin bolan, hat-da ýeke-täk usulyna öwrüldi. Umuman sowuk urşuň ýerine hoşniýetli goňşuçylyk, döwletara gatnaşyklaryň sazlaşygy däl-de, yglan edilmedik uruşlar we jeza beriji köpçilikleýin hereketler, çäreler ýaly dartgynly ýagdaýlar emele geldi. Bu ýagdaýlaryň ady üýtgese-de, düýp mazmuny öňkiligine galýar. Şonda diňe harby güýç däl, ilat hem ejir çekýär” diýipdi.

Dünýä sapak bolmaly ikinji jahan urşunyň tamamlanmagyna 55 ýyl geçenem bolsa adamzat şu günki günde-de dürli sebitlerde uruş ady bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolýar. Elhenç ýerem, köpimiziň oňa adaty zat hökmünde biagyrylyk bilen garamagymyzdyr. Ýer ýüzünde bolup geçip duran gandöküşikli uruşlar zerarly halklar horlanýar, çagalar açlyk çekýär. ABŞ-yň 1952-1960-njy ýyllardaky Prezidenti Duaýt Eýzenhauer “Her bir täze öndürilen ýarag, harby gämi, atylan top oky şu günki ýer ýüzünde açlyk çekýänleriň hakyndan ogurlamak bolýar ” diýeninde müň kerem mamaladyr. XX asyryň ahyrynda Pars aýlagynda bolan uruşda her günde 500 mln ýa-da her minutda 350müň amarikan dollary harçlanypdy. Sowet goşunlarynyň Owganystanda bolan döwri halklara adam pidasy, ajy gözýaşlar bilen bilelikde milliardlar çykdaýjylary getirildi.

Demokrafik meseleler. XX asyrda dünýäniň ilaty 3 esse köpeli, 6 milliard adama ýetdi. Çaga dogluşynyň azalmagy dünýä ilatynda Ýewropanyň paýynyň barha azalmagyna getirer. Aziýa, Afrika we Latyn Amerikasy ýurtlarynda adamlaryň ýogalmagy peselip, çaga dogluşy artdy. Aziýada ilatyň sany has artyp, bu ýerlerde demografik partlama emele geldi. Bu sebitde dünýä ilatynyň agramly böleginiň jemlenendigini göz öňünde tutsak, bu “partlama” dünýä möçberlidir. 1990-njy ýylda Ýer ýüzüniň ilatynyň 58,3%-ti Aziýanyň, 13%-ti Amerikanyň, 12,3%-ti Afrikanyň paýyna düşýärdi. Eger asyryň başynda daşary ýurt Ýewropasynda (muňa Russiýa girmeýär) dünýäniň 17,8% ilaty ýaşan bolsa, 90 ýyldan bu paý 9,5% çenli azaldy.

Dünýä möçberinde obalarda şäherlere garanda has köp ilat ýaşaýandyr. Emma uly şäherleriň has giňelmek meýli duýulýar.

Eger XX asyryň başynda demografik ýagdaý dünýäniň ähli ýerinde birmeňzeşräk bolan bolsa (seret §2), asyryň ahyrynda ol gapmagarşylyklydy.

Ösen ýurtlarda giç nikalaşylyp, az çagaly maşgalalar agdyklyk eden bolsa, ösýän ýurtlarda köp çagalylyk däbi saklanyp galypdy. Nikalar ir baglanyşylýardy. Aýallaryň jemgyýetçilik durmuşyndaky orny ähli ýerde birmeňzeş däldi.

Globallaşmak netijesinde ilatyň ondan oňa göçmegi (migrasiýa) adamzadyň ösüşine edýän mümkinçilikleriň deň däldigini aňladýar. 1999-njy ýylda 130-145 mln adam öz ýurdunyň çäginden daşarda ýaşaýardy. 1985-nji ýylda bu san 104 mln, 1975-nji ýylda 84 mln-dy. Awstraliýa, Kanada we ABŞ ýokary derejeli hünärmenleri öz ýurtlaryna çekmegiň maksatnamasyny işläp düzdüler. Şol sebäpli ösýän ýurtlardan “akylly beýnileriň” gitmegi köpelýär. Ylymlaryň doktory bolan 30 müň afrikaly daşary ýurtlarda işleýär. Şol bir wagtyň özünde bu kontinentda her ýüz müň adama 1 sany hünärli injener düşýär.

Dürli sebitdäki dawalar, uruşlar bosgunlaryň köpelmegine getirdi. 1997-nji ýylyň maglumatlaryna görä, dünýäde boşgunlaryň sany 12 mln-a ýetdi.

Çig mal we energetika meseleleri. Çig mal energiýa gorlarynyň peýdalanyşynyň gyradeň bolmazlygy uly kynçylyklara getirýär. Olaryň adaty görnüşleriniň (agaç, polat, kömür, tebigy gaz, nebit) barha köp ulanylmagy netijesinde azalmagy adamzady pikirlenmäge mejbur edýär. Ylmy-tehniki öwrülişikleriň baş maksady çig maly tygşytlaýan , tebigy däl-de, emeli materiallary ulanmaga ýykgyn edýän, galyndysyz önümçiligi döretmekdir. Ylmy hasaplamalar YTÖ-nyň gazananlarynyň ornaşdyrylan halatynda dünýäde energiýanyň harçlanyşynyň polat önümçiligi üçin 4 esse, alýuminiň önümçiligi üçin-6, sement üçin-5, nebiti gaýtadan işlamak üçin-9, kagyz önümçiligi üçin-125 esse azaldylyp bilinjekdigini çaklaýar.

Dünýäniň ilatynyň baý ýurtlarda ýaşaýan 20%-ti dünýäde öndürilýän kagyzyň 84%-ni peýdalanýar. Adamzat atom energiýasyny giňişleýin peýdalanyp başlady. Emma onuňam özüne ýetik hossarlary bar. Atom reaktorlarynyň ýarylmagy dünýä ummanyny we atmosferany zaýalaýar. 1986-njy ýylda Çernobyl AES-indäki heläkçilik tebigata uly zyýan ýetirdi.

Adamzadyň saglygyny goramak. Ýer ýüzüniň ynsanlarynyň ortaça ömür dowamlylygy häzir 60 ýaşdan geçýär. Adamlaryň köpçülikleýin gyrylmagyna sebäp bolýan ýokanç keselleriň öňüni almakda amatly çözgütler tapyldy. SPID keseli XX asyryň mergisine öwrüldi. 1998-nji ýylda bu kesel bilen 33 mln adam keselläpdi. Keselçilik zerarly adamlaryň ömrüniň dowamlylygy azalýar.

Asyryň aýagynda dünýäde 890 mln adamyň medisina hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçiligi ýokdy. 840 mln adam doýa garna naharlanmaýardy. Dünýä ilatyň baý böleginiň sarp edişi garyp böleginiňkiden 16 esse ýokarydy. 160 mln çaga iýmit bilen doly üpjün däldi.

90-njy ýyllaryň maglumatlaryna görä, dünýäde her ýylda 130 mln çaga dogulýardy. Eger her ýylky harby çykdaýjylary hasaplanymyzda her bir täze doglan çaga 8 müň dollardan ýetýärdi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň berýän maglumatyna görä, häzirki wagtda dünýä halklarynyň üçden bir bölegi bolsa açlyk çekýär. Her ýyl 4 mln. Çaga açlykdan ölýär. Dünýä döwletleriniň bolsa ýaraglanyşyk üçin iki günüň dowamynda sarp edýän serişdeleri 100 mln. Adamy açlykdan halas etmäge ýeterlikdir.

Neşe jisimleriniň kanuny däl söwdasy adamlaryň başyna towky bolup indi. 1995-nji ýylyň maglumatlaryna görä, neşe söwdasy dünýä söwdasynyň 8%-ne deň boldy. Bu maşyn ýa-da demir we polat satylmagyndan köp boldy diýildigidir.

Häzir dünýäniň bir tarapy açlyk bilen ýüzbe-ýüzkä, beýleki tarapda eşret we isrip milletleriň ykdysadyýetini çökerýär. Bir minutda 10 damja akdyrýan kranyň bir aýda 170 litr suw akdyrmagy munuň aýdyň mysalydyr. Häzir dünýäniň 1,3 mlrd. Adamynyň arassa agyz suwuny içmäge mümkinçiligi ýok. Ýer ýüzünde suw ýetmezçiligi zerarly her gün takmynan 25 müň adam aradan çykýar. Bu san bir ýylda 8 milliona ýetýär.

BMG-niň dürli guramalarynyň taýýarlan habarnamalaryna görä, zaýaçylyk we azyk önümleriniň baý ýurtlar tarapyndan garyp ýurtlara iberilmändigi üçin dünýäde her gün 40 müň çaga açlykdan ölýär. Dünýäde 450 mln. adama açlyk howpy aganýar.

Häzir dünýäde öndürilýän azyk öhümleri dünýä ilatynyň 10 essesine ýeterlik mukdardadyr. Allanyň bize bagş eden nygmatlaryny isrip etmän, ýerli-ýerinde ulananymyzda, hiç kimiň açlykdan ölmejekdigini dünýäniň statistiki maglumatlary aýdyň görkezýär.

Ekologiýa meseleleri. Dünýä jemgyýetçiligi biynjalyk edýän ýene bir ýagdaý ekologiýa meseleleridir. Daş-töwerekdäki sredanyň örän hapalanmagy adamzadyň ýaşaýşyna howp salýar. Ýangyjyň dürli görnüşleriniň ýakylmagy netijesinde atmosferada kömürturşy gazynyň mukdary köpeldi. (“bugarma effekti”) netijesinde klimatyň maýlamak meýli güýçlenýär. Atmosferanyň ozon gatlagynyň zaýalanmagy ultramelewşe şöhleleriniň täsiriniň artmagyna getirýär. Ilatyň köp bölegi zaýalanan, hapa agyz suwundan peýdalanýar. Her ýylda 3 mln. adam atmosferanyň hapalanmagyndan aradan çykýar.

Soňky wagtda dünýä ummanynyň derejesiniň ýokary galmak meýli duýulýar. Alymlar Bangladeşiň meýdanynyň 17%-niň, Müsüriň 12%-niň, Maldiw adalarynyň bolsa tutuşlygyna deňiz aşagynda galjakdygyny çaklaýarlar. Gaýtadan dikeldilýän gorlaryň çalt we aýawsyz peýdalanylmagy netijesinde balyk gorlary öňküsinden 25% azaldy. Agyz suwunyň gorlary we tokaý örtügi häzir 1970-njiýylyň 60% -ti derejesine deňdir.

Howanyň ýylamagy gurakçylygyň hem-de sil ýagyşlarynyň çalt-çaltdan gezekleşip durmagyna getirdi.

Global meseleleri çözüp bolarmy? Global meseleleri çözmek üçin halkara derejesinde birnäçe işler edilýär. 1960-njy ýylda garyp ýurtlary maliýeleşdirmek maksady bilen ösüşen halkara Assosiasiýasy döredildi. 1964-nji ýylda döredilen ÝUNKTAD guramasynyň öňünde garyp ýurtlar bilen söwda etmagiň we olary ösdürmegiň wezipelerini çözmek goýlupdy. Pirsonyň komissiýasy 1969-njy ýylyndaky “ösüş prosesinde hyzmatdaşlar” diýen dokladynda ösen we ösýän ýurtlaryň arasyndaky görnetin tapawudy azaltmagy öňe sürüldi. Emma 1991-nji ýylda dünýä ilatynyň baý ýurtlarda ýaşaýan bäşden bir böleginiň girdejileriniň garyp ýurtlarda ýaşaýan bäşden bir böleginiň girdejilerine gatnaşygy 74:1 derejesindedi. Deňeşdirmek üçin: bu gatnaşyk 1990-njy ýylda 60:1, 1960-njy ýylda 30:1, 1913-nji ýylda 11:1, 1870-nji ýylda 7:1, 1820-nji ýylda bolsa 3:1 derejesinde bolupdy.

Häzirki zaman umumy adamzat durmuşynyň düýpli meselelerini çözmek üçin dünýä syýasatynyň we düzgünleşdiriji ulgamynyň düýpli özgerdilmegi zerur. Durmuş-ykdysady, medeni meseleleri öz içine alýan bu ulgam has adalatly bolmaly hem-de çemeleşmegiň köp taraply bolmagy bilen tapawutlanmaly. Aşaky düzgünler onuň ileri tutulýan ugurlary bolmaly:

1. Halkara syýasaty we onuň amala aşyrylmagy adamyň we onuň hukuklarynyň berjaý edilmeginiň töwereginde jemlenmeli.

2. Adamyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi we onuň bütin dünýäde eldegrilmesizliginiň gazanylmagy.

3. Ýurtlaryň arasyndaky deňsizligiň, endigansyzlygynyň soňuna çykyp, deňsizligi ýok etmek.

4. Gepleşikler geçirmegiň hem-de halkara düzgünleşdirişiniň şertlerinde deňhukuklylygyň güýçlendirilmegi.

5. XX asyryň täze global arhitekturasynyň kemala getirilmegi.

Başgaça aýdanymyzda, sermaýa, pul, baýlyk hakynda däl-de, adam hakyndaky alada bilen hereketlenýän özgerdişler toplumy zerur. Bu işe planetanyň her bir raýaty jogapkärdir. Çünki biziň hemmämiziň geljekgi nesillerimiz üçin ýer ýüzündäki ýaşaýşyň goralyp saklanmagyna borçly ynsanlardyrys.


№65. XX asyryň ahyrynda taryhy ösüşiň umumy jemi.

“Sowuk urşuň” soňy. Täze syýasy pikirlenme. Milli bähbitleriň hemme zatdan öňde goýulmagy dünýä döwletleriniň arasyndaky bäsdeşligi hasam ýitileşdirdi. Kesekiniň hasabyna baýamak, serhetlerini giňeltmek güýçlidigini zor bilen subut etmek islegi adamzadyň başyna iki sany jahan urşunyň elhenç pidalaryny saldy. Ummasyz maddy çykdaýjylary hasaba almanymyzda-da, ol millionlarça adamyň ömür tanapyny kesdi. Birinji jahan urşunyň bir ýylynyň dowamynda ölenleriň ortaça sany napoleonçylyk uruşlarynyňkydan 30 esse, ýediýyllyk urşunyňkydan 250 esse köpdür.

Üstün çykmak islegi adamzady köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň täze neslini (suwasty gämiler, minalar, raketalar, himiki we baktereologiki ýaraglar, tanklar, zenit ýaraglary we ş.m.) kemala getirmäge itekledi. Atom ýaragynyň döredilmegi we ulanylmagy XX asyryň käbir syýasatçylarynyň nesilleriň öňündäki iň uly ýalňyşlygydyr. Alymlar syýasatçylaryň talabyna boýun bolup köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny döretseler-de, tizlikde adamzat nesline ýetiren uly zyýanlary üçin olaryň köpüsi gyrgynçylyga, urşa garşy göreşýänlere öwrüldi.

Iki sany jahan urşunyň netijesinde dünýäniň syýasy kartasy tanalmaz ýaly derejede üýtgedi. Bu barada Merhemetli Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşy 2000-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 1-ne Türkmenistanyň bitaraplygynyň şanly bäşýyllyk baýramçylygy mynasybetli “Bitaraplyk taglymaty, onuň taryhy esaslary we döwletiň syýasatynyň baş ugry hökmünde orny” diýen leksiýasynda şeýle belleýär: “50 ýyl mundan öň häzirki milli baýdaklaryň dörtden üç bölegi ýokdy. BMG-niň agzalary bolan özbaşdak döwletleriň sanynyň 2000-nji ýyldaky 51-den 188-e çenli artmagy bilen, täze döwletleriň ýüze çykmagynyň depgini hem üýtgedi. 1950-1990-njy ýyllar aralygynda bolsa her ýylda 1, 2 döwlet döräpdi. 1999-njy ýyldan soňky döwür durnuksyzlygy bilen has hem tapawutlandy. 1990-2000-nji ýyllar aralygynda her ýylda täze ýurtlaryň 3-si döredi”

Merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň nygtaýşy ýaly, tutuş köp asyrlyk tejribe adamlara, tutuş milletleri, döwletleri gapma-garşy durmagyň, barlyşyksyz bäsleşmegiň, dawa-jenjelleriň, uruşlaryň şertlerinde ýaşamagy öwretdi. Şeýle çylşyrymly dünýäde sag-salamat galmak üçin adamlar ýaraglanmaga we güýç ulanmak derejesinden pikir öwürmezlige öwrenişip gitdiler. Bu bolsa dünýäniň iki ulgama bölünmegine, “sowuk urşuň” bolsa olaryň ýaragyna öwrülmegine sebäp boldy. Adamzadyň birek-birege ýaragly gapma-garşy gurmagyň netijesizdigine, “sowuk urşy” bes etmelidigine düşünmegi üçin 50 ýyla golaý wagt gerek boldy. Gündogar Ýewropada sosoalistik ulgamyň synmagy, SSSR-iň dargamagy dünýäde uly özgerlişikleriň başlanmagyna getirdi.

Dünýäniň bütewiligine we köp görnüşliligine göz ýetirilmegi.

XX asyryň ahyryndaky taryhy ösüşiň umumy jemi dünýäniň bütewiligine göz ýetirmäge doly mümkinçilik berdi. SSSR-däki we Gündogar Ýewropadaky buýruk beriji sosialistik ulgamyň synmagyndan hem-de “üçünji dünýädäki” sosialistik tejribeleri paşmazlygyndan soň dünýä bileleşigi bazar ykdysadyýetiniň we aram demokratiýanyň hemmeler üçin ösüşiň esasy bolmalydygyna göz ýetirdi. Häzir dünýäniň aglaba ýurtlary demokratik ýol bilen ösýär. Diýmek bu babatda biz dünýäniň siwilizasiýa taýdan bütewiligi hakda kesgitli aýdyp bileris. Indi Ýewropa gymmatlyklarynyň bütin adamzat gymmatlyklary hökmünde kabul edilen döwri taryhyň gatynda galdy. Onuň ýerine dünýä siwilizasiýasy beýleki halklaryň hem goşandy bolan gymmatlyklary ähli umumy hökmünde kabul etmäge girişdi.

Ylmy-tehniki öwrülişigiň gazananlaryny dünýäniň bütewiligine we köp görnüşligine göz ýetirilmegine täsir etdi. Süýümli we öýjükli aragatnaşyk ulgamlary habarlaşmakda täze mümkinçilikleri döretdi. 90-njy ýyllarda dörän internet ulgamy aragatnaşygynda iň täze kämil ulgamdyr.


Halkara ylalaşygynyň we hyzmatdaşlygyň ýollarynyň gözlegi.

XX asyryň ahyrynda dünýäde parahatçylygyň kepili hökmünde BMG-niň ähmiýeti has-da artýar. Ol eýran-yrak urşunyň duruzylmagynda uly tagallary etdi. 90-njy ýylarda BMG kiçijik Kuweýti basyp alan Yraga garşy “Çöldäki harasat” söweş hereketini alyp bardy. BMG-niň “mawy papaklylary” Angolada, Mozambikde, Kambojada duşmançylykly taraplary ýaraşdyrmakda uly işleri etdi. Ýugoslawiýanyň ilatyna ynsanpewer kömekler berildi.

Dünýäniň dürli ýurtlarynyň, sebitleriniň arasyndaky köptaraplaýyn utgaşyk (integrasiýa) barha ýygjamlaşýar. Ýewropa bileleşigi häzir dünýäde sebitara hyzmatdaşlygynyň nusgasyna öwrüldi. Ýewropanyň esasy döwletleri öz arasynda gümrük serhetlerini aýyrdylar. 1999-njy ýyldan başlap olar umumy pul birligine – ýewrony ulanmaga geçdiler. Olar öz arasynda ykdysady we daşary syýasatyny ylalaşyp çözýärler.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (ЭКО) 1992-nji ýyldan täzeden janlandyryldy. 7mln. inedördül kilometr meýdany tutýan, 300 mln. ilat ýaşaýan sebiti öz içine alýan bu gurama 10 sany döwlet- Türkiýe, Eýran, Päkistan, Türkmenistan, Owganystan, Täjigistan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Azarbaýjan agza bolup durýar.

Demirgazyk Amerika utgaşygy uly ykdysady hyzmatdaşlyk guramalarynyň biridir. Ýuwaş ummany sebitindäki döwletleriň köpüsi ASEAN atly hyzmatdaşlyk guramasynyň agzasy bolup durýarlar. SSSR-iň dargamagyndan soň dörän Garaşsyz döwletleriň köpüsi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy guramasynyň kömegi bilen oňki adaty gatnaşyklary saklamaga hem-de özara utgaşykly ösüşi gazanmaga çalyşdylar.

Türkiýanyň teklibi bilen döredilen Gara deňiz ykdysady hyzmatdaşlygy (Türkiýe, Albaniýa, Gresiýa, Ermenistan, Azerbaýjan, Bolgariýa, Gruziýa, Rumyniýa, Moldowa, Russiýa, Ukraina) hem sebitara utgaşygyň nusgalarynyň biridir.

Halkara ösüş we rekonstruksiýalandyryş banky, Halkara walýuta Gaznasy, Halkara söwda guramasy ösýän we kömege mätäç ýurtlara kömek bermegi guraýarlar.

Adamzat jemgyýeti XXI asyryň bosagasynda. Üçünji müňýyllygyň bosagasynda adamzat öz ösüşinde çözülmesi gaýragoýulmasyz bolan dürli meseleleriň toplumy bilen garşylaşdy. Ýadro ýaragy sebäpli öz-özüni ýok etmek howpunyň azalandygyna garamazdan, entek dünýäniň 5 döwletinde ABŞ-da, Russiýada, Beýik Britaniýada, Fransiýada, Hytaýda, bu elhenç ýarag saklanyp galýar.

Hindistan, Päkistan, Ysraýyl, Yrak, Demirgazyk Koreýa ýaly döwletler bu ýaragy edinmäge döwtalapdygyny bildirýärler.

Dünýäniň köp ýerlerinde çagalaryň doýa garna naharlanmaýan, millionlarça adamyň öýsiz-owzarsyz, açlyk çekýän mahalynda, käbir döwletleriň ýaraglanyşyk üçin harby çykdaýjylary ummadan aşýar. Emma kem-kemden adamzat ýaragsyzlandyrmagyň halkara howpsuzlygynyň möhüm şertdigine düşündi.

Dünýäniň ilatynyň artmagy, azyk ýetmezçiligi, çig mal we energiýa gorlarynyň azalmagy ýaly meseleler hem adamzady biynjalyk edýär. Adamzadyň saglygyny goramakda uly oňegidişligiň gazanylandygyna garamazdan, entek medisinanyň hem çäresiz ýerleri bar. SPID keseli XX asyryň mergisine öwrüldi. Energiýanyň dürli görnüşleriniň.