HÜSEÝIN ŞA (144) – Sefewi türkmenleriniň 9-njy şasy. Ol sekizinji hökümdar Süleýman şanyň ogludyr. Ol 1694-1722-nji ýyllarda hökümdarlyk edipdir.

Kakasy ýaly Hüseýin şa hem ýurda başarjaňlyk bilen ýolbaşçylyk edip bilmändir. Ýurduň gowşamagy, halkyň ýagdaýy erbetleşmegi dowam edipdir. XVII asyryň ahyrynda Eýranyň ykdysady babatda ýagdaýynyň üzül-kesil erbetleşýändigi hemmä aýan bolupdyr. 1798-1701-nji ýyllarda salgytlar 2-3 esse artdyrylypdyr. Täze salgytlar girizilipdir. Daýhanlar ýerlerini satyp köpçülikleýin şäherlere göçüp başlapdyrlar. Şa Hüseýin perman bilen daýhanlary ýere berkidipdir.

Şa Hüseýiniň ýurdy tozgunçylyga alyp barýan içeri syýasatyna garşy gozgalaňlar başlanypdyr. Şol gozgalaňlaryň iň irisi Gandagar welaýatyndaky gilzaý türkmenleriniň gozgalaňydyr. Gozgalaň 1709-njy ýylda başlanypdyr. 1722-nji ýylda gozgalaňçylar şa Hüseýini tagtdan agdaryp, öz baştutanlary Mir Mahmudy şa diýip jar edipdirler. Tagtyndan jyda düşen Hüseýin şa şol ýyl ýogalypdyr.