Hüwdüler - halk döredijiliginiñ in bir giñ ýaýran we her bir türkmen adamsyna gönüden-göni dahylly şahyrana görnüşleriñ biridir. Çünki her bir türkmen çagasynyñ azandan soñ, ilkinji eşidýän zady hüwdüdir. Hüwdüler has kiçi ýaşdaky çagalary uklatmak üçin, esasan, sallançak ýanynda eneler tarapyndan aýdylýan aýdymlardyr. Hüwdülerde çaganyñ ene-atasynyñ, dogan-garyndaşlarynyñ oña bolan gyzgyn mährini, söýgüsini, isleg-arzuwlaryny görmek bolýar. Çaga ynsanyñ, haýwanyñ, guş-gumrynyñ neslini dowam etdiriji bolup, ata-enäniñ ony söýmeýäni ýok bolsa gerek. Olar gerek ýerinde bala-çaga üstünde, şonuñ goragynda janyndan geçmäge-de taýyn bolýarlar. Jandarlary gepledip aýdylýan еnçeme atalar sözi bar: "Garganyñ gaz balasy, her kimiñ öz balasy","Garga-da öz çagasyna akjajygym diýermiş" we ş.m. Folklordaky şeýle düşünjelere Magtymgulynyñ ençe şygyrlarynda şöhlelendirilen pikirleri bap gelýär. Magtymgulynyñ şu meselä degişli "Yzlamaýan bolarmy?" elegiýasy hem haýwan-ynsan çagasy bilen baglanyşykly düzülip, içi allegoriýa, parallelizm, metafora (meñzetme), epitet, giperbola, ritoriki soraglar ýaly çeper serişdelerden doludyr. Şeýle duýgular adam üçin tebigydyr: "Bal suýji, baldan bala suýji", "Çagaly öý bazar, çagasyz öý mazar" diýilýär. Şu we şuña meñzeş nakyllar türkmenleriñ, beýleki halklar ýaly, perzende bagt çeşmesi, ýaşaýşyñ gözbaşy hökmünde garaýyşlaryna şaýatlyk edýär. Ýöne çaga näçe eý görülse, onuñ edep-ekramy ondanam eý görülýär. Ýaşlaryñ terbiýesine, olaryñ maşgalada, köpçülikde özüni alyp baryşlaryna berlen ýiti baha "Çaga eziz, edebi ondan hem eziz" diýlip kesgitlenipdir. Halkymyz yaş nesli edepli, edep-tertipli, zähmetsöýer, ar-namysly, watansöýüji, halal, görüm-göreldeli edip yetişdirmek üçin alada baryny edýär. Asyrma-asyr gelýän şeýle asylly meseläni amala aşyrmakda edebiýatdyr folklor, şol sanda hüwdüler hem mynasyp orun tutýar. Gelin-gyzlaryñ şahyrana döredijiliginiñ bu görnüşi aýal-gyzlaryñ çaga bolan çäksiz söýgülerini özünde jemlemek bilen birlikde, olaryñ arzuw-höweslerini-de çeper beýan edýär. Şonuñ üçin hem hüwdülere köptaraply, töwerekleýin garamalydyrys. Türkmen zenanlarynyñ maşgala wepalydyklary, örän salyhatly-işeññirligi, mähirli-wepalylygy babatda XIX asyryñ ortalarynda Wengriýadan Türkmenistana we başga ýurtlara gizlin syýahata gelen meşhur professor German (Armeniý) Wamberi özüniñ 1868-nji ýylda Moskwada rus dilinde çykarylan "Orta Aziýanyñ oçerki" atly kitabynda şeyle diýýär: "Türkmen aýallary ýaly göreldeli, yagşylyk söýen, şolar ýaly maşgala eşreti üçin janlaryndan geçýän we armazak aýallary men Gündogaryñ hiç ýerinde görmedim." Ata-eneler özleriniñ bütin umyt-arzuwlaryny ýaş ösdürimlere baglaýarlar, çünki perzent maşgalanyñ eşreti, ynsanyñ geljegi, onuñ arkadaýanjy hem-de dowamatydyr. Şeyle edenli aýal-gyzlaryñ çeper poeziýasy bilen düýpli tanyş bolanyñda, onuñ ideýa-mazmunyna, tematika hem gözel forma baýdygyna täsin galýarsyñ. Hüwdüler çagany ýatyryp güýmemek hem oña oñaýly terbiýe bermek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen öz çagasyna ene süýdi bilen garyp, derwaýys gerekli terbiýäni berýär (Halkymyz ata-babalarymyzyñ däplerine eýerip, çaga dünýa inmänkä hem onuñ sagdyn dogulmagy, geljegi barada-da alada edýär.). Bu şahyrana görnüşiñ aýratynlygy çagany sallançakda üwreýän ýa aýagynyñ üstünde hem şuña meñzeş ýerde ýatyryp hüwdüleýän adam, esasan, onuñ ejesi, enesi, gyz dogany bolýar.

Taryhy

düzet

«Hüwdi» adalgasynyñ gelip çykyşy barada professor B. Garryýew şeyle belleýär: "Hüwdi bendi köplenç dört setirden bolýar. Sonuñ daşyndan (ýa-da dördünji setirden soñ) "hüwwä-hüw, heyya-heý, hüwdi, balam..." kimin refren (gaytalama) ulanylýar. Ol ümlüklerden ýasalýar. Bu şahyrana görnüşiñ asyl ady hem şol ümlük- recfrenden bolsa gerek." Hüwdi tas uçdantutma diýen ýaly rubagy-dörtleme formasynda ýasalyp, her rubagy-bendiñ özbaşdak, gutarnykly manysy bar. Şonuñ üçin tirkeş gelýän şygyr bentleri tema-mazmun babatynda hem, forma, ölçeg babatda hem bir-birinden aýry, özbaşdak bolup biler. Hüwdülerde enaniñ öz perzendiniñ geljekde nähili durmuşda yaşajakdygy, haýsy hünäre gönükjekdigi, il-gün bilen neneñsi gatnaşykda boljakdygy baradaky göz öñüne getirmeleri añladylypdyr. Oglunyñ mert, batyr, gaýratly, edermen, özi ýaly ýigitleriñ serdary bolup ýetişmegi baradaky çeper toslamalary hüwdüleriñ heñine, many-mazmunyna şirinlik çaýýar.

Täze hüwdüler

düzet

Täze hüwdüler öñki hüwdülerden pikir-tematika taýdan tapawutlydyr. Öñki döwürde «çagalaryñ bagtly durmuşy, röwşen geljegi hakynda zähmetkeş köpçüligi diñe arzuw edipdir. Emma indi biziñ zamanamyzda çagalar bagtly we şatlykly yaýayarlar. Biziñ jemgyýetimizde çaganyñ tutýan orny hüwdülerde örän aýdyñ şöhlelenipdir. Eneleriñ hüwdüleri köp-köp türkmen şahyrlary üçin ylham çeşmesi bolup durýar. Birnäçe şahyrlar ene hüwdüsiniñ äheñlerine öýkünip we olary öz döredijiliginde gaýtadan işläp, halkyñ söýgüli aýdymlaryna öwrülen ajaýyp şygyrlary hem döretdiler. Ajaýyp şahyrymyz Gurbannazar Ezizow özüniñ şonuñ yaly şygryny "Uzak ýaýladaky enäniñ hüwdüsi" diýip atlandyrdy. Onda şeýle diýilýär:
Eýýäm güneş batypdyr,
Aýda agyl atypdyr.
Garagolja Serdarym,
Ýañja uka batypdyr.

Hüwdüler eneleriñ aýdymydyr. Bu aýdymdan gulagy ganan çagalar bagtlydyrlar. Halk döredijiliginiñ iñ naýbaşy görnüşlerinden biri hüwdülerdir.

Hüwdüleriň aýdym saz eserlerindäki orny

düzet

Hüwdüler döredijilik işgärleri tarapyndan giňden ýerine ýetirilýär. Olaryň iň görnüklileri :

Ene hüwdüsini wasp edip aýdymçy Selbi Tuwakgylyjowa hem "Eneleriň hüwdüsi[2]" eserini ýerine ýetiripdir.

Edebiýat

düzet
  • Türkmen halk döredijiligi. Mugallymçylyk mekdepleri üçin synag okuw kitaby. G.Otdyýew, N.Atdaýewa. Aşgabat 2010ý. Türkmen döwlet neşirýat gullugy.

Çykgytlar

düzet
  1. "Gözel Öwezowa - Hüwdi eseri". Archived from the original on 2021-05-07. Retrieved 2021-05-06. 
  2. "Selbi Tuwakgylyjowa - Eneleriň Hüwdüsi". Archived from the original on 2021-05-07. Retrieved 2021-05-06.