HINDISTAN XIII – XVII ASYRLARDA

Öçür!

Şol sahypa öçürilmeli. Wikipediýa üçin gowy däl bolsa sebäbini aýdyň.
Sebäp ensiklopedik makala däl

MOWZUK: HINDISTAN XIII – XVII ASYRLARDA.

M E Ý I L N A M A:

1. Deli soltanlygynyň emele gelmegi.

2. Hindistanda Beýik Mogollar döwletiniň döremegi.

3. Akbar döwründäki basyp alyşlar.

4. Ýewropalylaryň Hindistana aralaşmagy.

Musulman goşunlary Gang jülgesine aralaşyp, basyp alan ýerlerini talaman Guriler döwletiniň bir welaýatyna öwürmelidi. Muhammed Guri tejribeli serkerdesi Kubud-Din Aýbege (gelip çykyşy gulamlardandy) täze basylyp alnan ýerleri edara etmegi tabşyrýar.

XIII asyrda Muhammed Guri Gang jülgesiniň günbataryny eýeledi. Muhammediň goşunynyň esasy bölegini türkler düzýärdi, tertip-düzgün bolsa pugtady. Eýelän ýerlerinden salgyt toplap Deli soltanyna iberip durmalydy. Salgyt ilki hasylyň 1/5 görnüşinde ýygnalan bolsa, soňa baka ¼ görnüşinde ýygnalýar, üstesine mal sürüsini bakandygyň üçnem salgyt tölemeli bolupdyr. Gangyň jülgesinde ýerleşen musulmanlar XII-XIII asyrlarda oňat ýerleşip, başga ýere gitmek barada pikir hem etmändirler. 1206-njy ýyldan başlap Deli soltanlygynyň taryhy başlanýar. Şol ýylda ýörişden gaýdyp gelýärkä Muhammed guri öldürilýär. Onuň tagtyna bolsa, gulamlar geçipdir. Soltan Şams ud-Din Ilturmuşyň dolandyran ýyllarynda (1211-1236) Deli soltanlygy berkeýär. Asly gelip çykyşy türk-gulamlaryndandy. Ol Penjapwe Sind, Bengaliýa ýerlerini özüne boýun egdirýär. 1221-nji ýylda Horezm şasy Jelaleddin gelýär. Ilturmyş gaçgagy kabul etmejek bolýar. Emma soňra razylaşýar. Şeýdip mongol çozuşynyň öňüni alýar, mongollar gijräk Ilturmuş aradan çykandan soň 1241-nji ýylda Hindistana çozupdyrlar.

Deli soltanlygynda iri ýer eýeçilik gatnaşyklaryna syn etsek, bu ýerde edil musulman ýurtlaryndaky ýaly ikta düzgüni saklanypdyr. Salgydy hökümete tabşyryjy iri ýer eýesi salgydyň bir bölegini özünde saklap galyp, onuň ýaragly atly goşuny saklamaly bolupdyr. Soltan buýruk beren badyna urşa girmäge taýýar bolmaly bolupdyr. Uly welaýatlaryň üstünden seredýän harby ýolbaşçylara emirler, mälikler diýip at beripdirler. Ilturmuşyň dolandyran ýyllarynyň ahyrynda 40 golaý mälik bolupdyr. Ilturmuş 2000 harby işçisine ikta ýerlerini paýlap berýär (bir ýa-da ýarym oba möçberinde). Bular iktador atlylardy, olar soltana garaşlydylar. Hususy iri ýer eýeçiligiň ýene-de bir görnüşi halis bolupdyr. Ol ýerlerden haraj salgydy ýygnalypdyr. Ol gazna gidipdir. Olar gös-göni soltana boýun bolupdyrlar. Şeýdip soltan we iktadorlaryň goşuny bolupdyr.

Deli soltanlygynda zamindarlaram bolupdyr, ýöne olar goşunda gulluk etmän, hasylyň köp bölegini salgyt hökmünde tabşyrmaly bolupdyrlar. Deli soltanlygynda köp bolmasa-da ynam, mülk, wakuf ýerleri bolupdyr. Ynam ýerleri-sowgat edilipdir, nesle geçipdir. Mülk ýerleri-de nesle geçipdir. Mülkdar girdejiniň bir bölegini döwlete tabşyrypdyr. Wakuf ýerleri musulman metjitlerine berlip, Ilturmuş aradan çykandan soň, tagta geçmek ugrunda göreşler dowam edýär, şolaryň birisinde Ilturmuşyň gyzy Raziýada ölýär. 1246-njy ýylda Ulturmuşyň agtygyny häkimiýete geçirýärler. Ýurdy Tiýas ud-Din Balban dolandyrýar. Ol 1265-1287-nji ýyllarda ýurdy dolandyrýar. Ol mongollaryň howpundan saklamak üçin ýurdy merkezleşdirmäge uly üns berýär. Ol aradan çykandan soň XIII asyrda Deli soltanlygy pese gaçýar. Umuman XIII asyryň ahyryna çenli Hindistanda musulman döwleti pese gaçypdyr. Soltan Ala-ud-Din Hilji 1296-njy ýylda häkimiýete gelenden soň wajyp öwrülişikleri geçirýär, salgytlaryň hasabyna döwletiň girdejisini artdyrýar.

Ala ud-Din Hiljiniň ýene-de bir üns beren zady döwlet ýerlerini halislere, ikdadorlara paýlaýar. Ynam, mülk, wakuf ýerlerini yzyna alýar. Ol atlara tagma basmak düzgünini girizýär.

Zähmetkeş halky ezmegiň hasabyna Deli soltanlygyny güýçlendirýär. Muhammet Tugalagyň (1325-1351) döwründe soltanlygyň ykdysadyýeti ösýär. Ol tanymal serkerde bolup, edil Iskender Zülkernaýy ýaly dünýäni özüne boýun etmek isläpdir. Haljiden soňky gidrilen ýerleri yzyna almak ugruna göreş başlaýar.

Haljiniň salgyt syýasatyny dowam etdirýär. Ýöne onuň bir ýalňyşlygy ýurduň paýtagtyny üýtgetmek isleýär, soň ýalňyşyna düşünip ýene-de Delä gaýdyp gelýär.

Hilji ýalňyşlygy puly çalşyp altyn kümüşe derek mis pullary çykarýar, ony bolsa beýlekiler hasap etmändir. Onuň beýik imperiýasy çalt döredişi ýaly, çalt hem tozýar. Muhammet Tugalagyň özi gyzzyrma keselinden tarpa-taýyn aradan çykýar.

(1351-1388) Firuz-şah Tugalak ýurdy dolandyrýar. Ol salgytlary kemeldip, taşlatgy ýerleri bejermeklige uly üns berýär, 2 kanal çekdirýär. Halkyň arasynda uly abraýa eýe bolýar. Ol ölenden soň döwlet gowşaýar, üstesine Teýmiriň goşuny-da oňa çozup başlaýar. Ol Samarkanda birtopar hindi hünärmentlerini äkidýär. Delini ýakyp tozdurýarlar, ýurtda açlyk başlanýar. 1399-njy ýylda Timur Hindistandan gidende Deli soltanlygy wagtlaýynça ýykylýar.

Owganlardan bolan Lodilar nebereleri döwründe täzeden Deli soltanlygy dikeldilýär. Ol XV asyrda Penjapdan Gang jülgesi Bengaliýa çenli uzalyp gidýär. Ýöne bu nebereligiň soňky ýyllarynda iri ýer eýeleri bilen söweşip gowşaýar we tozmak ýagdaýyna ýetýär. Babur basyp alyp mogollar nebereligini (1526-1858) döredýär. Ol asly Merkezi Aziýadan gelip çykypdyr. Babur hem asly Teýmiriň neslinden gelip çykypdyr. Ol ömrüniň köpüsini Samarkantda geçirýär. Ol Hindiguşda, Owganystanda mekan tutýar.. Şol ýerden Hindistana ýörişler guraýar.

Söweşde Ibragim Lodini öldürýärler. Babur Deli we Agra şäherlerini eýeleýär. Baburyň alyp baran syýasaty barada “Baburnamada” oňat gürrüň berilýär. Ol döwleti berkitmek üçin köp zatlary edip ýetişmändir. Ölüminiň öňisyrasynda eýeçiliklerini udellere bölýär. Uly ogly Humaýuna Gang jülgesiniň kenaryny, Penjap, Gündogar Owganystan, Kabul, Kandagar onuň beýleki ogullaryna berilýär.

Ýöne Humaýuna garşy owganlaryň sur taýpalary uly gozgalaň turuzýar. Şerhan 2 ýörişde Humaýuny derbi-dagyn edýär. Humaýun Hindistandan gidenden soň Sur nebereligini esaslandyrýar. Ol jagirdarlygy girizipdir. Jagirdar atyna edil Haljilar döwründäki ýaly tagma basdyrmaly bolýar. Şerhar salgydy pul görnüşinde ýygnadýar. Ol ýerleri hasaba alyp ýetişmändir. Iri ýer eýeleri ýeriň tutuş eýesi bolupdyr.

Şerşahyň öz gerişleri ahyryna çenli alnyp barylmasa-da döwlet özüniň ösüşiniň ýoluny kesgitledi.

Edil Deli soltanlary Ala-ud-din Hilji we Muhammed Tugalak ýaly özgerişler ýurduň merkezi welaýatlaryny öz içine alypdyr.

Sur nebereleriniň gowşandygyndan paýdalanyp ýurtdan kowulan Humaýun Eýran şasyndan maddy kömegi alyp özara agzalalyklaryň ýitileşen wagtynda 1555-nji ýylda Hindistana gelip Deli soltanlygynda häkimiýete geçýär. Ýöne onuň ykbaly keç bolýar. Ol öz kitaphanasynyň basgançagyndan düşüp gelýärkä kellesini ýarym ölýär. Häkimiýete onuň ogly Akbar geçýär. Ýöne Sur nebereleri ony erbet garşy alýar.

1556-njy ýylda ony terbiýelän Baýram han bilen goşuny tagta dalaş edýän Hemunyň goşuny bilen duşuşýar. Ol Hindi söwdagärlerinden bolupdyr. Akbar ony öldürýär we ýurdy dolandyrýar (1556-1605). Onuň döwründe Beýik Mogol döwleti merkezleşýär. Onuň döwründe Beýik Mogollar döwletine Deli, Penjabyň gündogary, Owganystanda Kabul degişli bolupdyr. XVII asyrda bütin demirgazyk Hindistany özüne birleşdirýär. Deli soltanlygyna Bengaliýada, Sinde we Kaşmirde musulman döwletleri degişli bolupdyr. Parslardan Kandagary basyp alypdyr. Bütin Gündogar Owganystan mogollaryň eline geçipdir, özüne Güjerat soltanlygyny we Bengaliýany birikdirýär, ol ýerde deňiz söwdasy ösüpdi.

Akbaryň bütin syýasaty ýurdy merkezleşdirmeklige gönükdirilýär. Merkezi häkimiýetde harby edaralar esasy rol oýnapdyr. Olar dolandyryjynyň garamagynda bolupdyr. Zamindarlara köp ýer berip, az salgyt töledipdirler, ýöne zerur wagty hökümdaryny gorap bilipdir. Umuman Akbar harby işe uly üns beripdir.

Hakynatutma goşun öz-özüni üpjün etmelidi. Ýöne ýörite ussahanalarda top, tüpeň, dary ýasapdyrlar. Magol döwletiniň territoriýasy Akbaryň edara eden döwründe 16 welaýata deň bolupdyr. Ol ýerde kazyýet edarasy-da bolupdyr. Akbaryň syýasaty özüniň syýasatyny berkitmeklige gönükdirilipdi. Dolandyryjylaryň köpüsi jagirdarlar bolup, olara artykmaç ýer beripdir. Ol ähli dinleri birleşdirjek bolupdyr. Musulman dini işgärleriniň öňki ynam ýerleri, sýurgal ýerleri diýip atlandyrylypdyr. Wakuf ýerleri musulman dini edaralaryna degişlidi.

Akbaryň nesli Jahangir 1605-1628-nji ýyllarda ýurdy edara etdi. Ol neşe, çakyry gowy görýän gazaply adam bolupdyr. Şonuň üçin döwlet işlerini aýaly Nurjahan öz eline alypdyr.

Şah-Jahanyň dolandyran döwründe (1628-1658) Mogol deržawasy gülläp ösdi. Onuň Balha we beýleki ýerlere eden ýörişleri üstünlikli gutarýar, ol köp halk gozgalaňlaryny basyp ýatyrýar.

1658-nji ýylda Şah-Jahan keselleýär, şol bada onuň ogullarynyň arasynda tagt ugrunda göreş başlanýar, ol hem 3 ýyl dowam edýär. Şah-Jahan 1664-nji ýylda aradan çykýar. Aurangzebanyň agalyk eden döwründe ýurtdaky pese gaçyşlyk Beýik Mogol döwletiniň pese gaçmagyna getirýär. Ýewropalylar Hindistanda 1498-nji ýylda aralaşýar. Wasko da Gamma Hindistana deňiz ýoluny açýar. Portugal gämileri yzy üzülmän gelýär. Olar ilkinji bakna döwletlerini Hindi ummanynda emele getirýär. Olar gämilere garakçylyk edip, söwdagärleriň üstüne çozupdyrlar. Olar Hindi arap gämilerini tutupdyrlar, toplapdyrlar. XVI asyryň II ýarymynda olaryň talaňçylyklary puja çykýar. XVII asyrda Portugaliýa edil Ispaniýa ýaly yzagalak iri ýer eýeçilikli döwlete öwrüldi. Olar Angliýa we Niderlandlar ýaly söwda kompaniýalary bilen bäsdeşikde ýeňilýär. Iňlisleriň Ostind kompaniýasy 1600-nji ýylda döräpdir. 1603-nji ýylda Golland kompaniýasy döräpdir.