HTTU FK
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
HTTU FK 2003-nji ýylda döredilip, 2004-nji ýyldan bäri ýokary ligada cykysh edip gelýar. HTTU FK 4 gezek ýurdumyzyñ çempiony bolmagy bashardy, hemmem 2 gezek Türkmenistanyñ kubogyny, 3 saparam superkubogy eýelemegi bashardy. Komandada cykysh eden Berdi Şamyradow 6 gezek ýokary liganyñ bombardiri boldy! 2013-nji ýylda bolsa ol öz karýerasyny tamamlady. Komandanyñ ýash hüjümcisi Süleýman Muhadow bolsa 2013-nji ýylda Mammedaly Garadanowdan soñra 23 gol bilen, ikinji bombardir bolmagy bashardy. Komandanyñ tälimcileri 2003-2006 ýyllarda Oraz Geldiýew, 2006-2013 aralygy bolsa Ýazguly Hojageldiýew.
Üstünlikleri
düzet- Türkmenistanyň futbol boýunça Milli çempionatynyň 4 gezek çempiony (2005, 2006, 2009, 2013 ý.) hem-de üç gezek kümüş baýragynyň eýesi boldy (2007, 2008, 2011 ý.ý.)
- Türkmenistanyň Milli çempionatynda HTTU futbol toparynyň kapitany Berdi Şamyradow 6 gezek (2004, 2005, 2007, 2008, 2009, 2010 ý.ý.) çempionatda iň köp pökgi geçiren oýunçy bolmaklyk bilen özboluşly rekord goýdy.
- HTTU futbol topary Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşynda üç gezek finala çykyp, 2 gezek Kubogy eýelemegi başardy (2006, 2011 ý.ý.) Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogyny almak ugrundaky ýaryşynda bäş gezek finala çykyp, 3 gezek Naýbaşy Kubogy eýelemegi başardy (2005, 2009, 2012 ý.ý.)
- Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrundaky halkara ýaryşynda dört gezek finala çykyp, bassyr 3 ýyl (2007, 2008, 2009 ý.ý.) bu kubogyň eýesi boldy.
- HTTU futbol topary 2 ýyl yzly-yzyna (2006, 2007 ý.ý.) “AFK-nyň Kubogy” ýaryşyna gatnaşdy. Şonuň ýaly-da birnaçe gezek GDA ýurtlarynyň Arkalaşygynyň Kubogyny almak ugrundaky halkara ýaryşyna gatnaşyp, 2010-njy ýylda ýarym finalyna çykyp 2001-nji ýylda “Köpetdag” futbol toparynyň gazanan üstünligini gaýtalamagy başardy. Mundan başga-da Mýanmar döwletinde geçirilen “AFK-nyň Prezident Kubogy – 2010” atly ýaryşda ýarym finalda oýnady. HTTU futbol topary «Eskişehir Cup 2013» ýaryşynda yarymfinalda Eskisehirspor futbol klubyny penaltylardan utmagy basardy.
Bu makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |