Open main menu

Abdyllah ibn Lutfullah ibn Abdyreşit Hafizi-Abru (1430 ýylynda arandan çykan) - taryhçy, geograf. Ol Hyratda dogulýar, Hemedanda okaýar. Temiriň, Şahruhuň köşgünde gulluk edýär. Abdyllah Şahruhuň tabşyrmagy boýunça 1414/15 ýyllarynda 2 sany iş ýzmaga başlaýar. Ol iş 2 tomdan ybarat bolup, 1 tomuny 1419-njy ýylda tamamlaýar. Onda Magrypdan Kermana çenli bolan käbir ýurtlar barada, soňky 2 babynda Farsyň, Kermanyň we Horasanyň geografiýasyny, syýasy taryhyny (tä öz döwrüne çenli) ýazýar. 2-nji tomuny 1420-nji ýylda tamamlaýar. Onda Horasanyň we Mawerannahryň taryhyny beýan edýär. Emma henize çenli onuň doly ekzisy tapylanok. Soňra Abdyllah Şahruhyň tabşurmagyna görä, bütündünýä taryhy boýunça kompilýatiw "Ýygyndyny" düzmäge girişýär.

"Ýygyndyda" Ilhan Gazanyň ölen wagtyndan Temiriň tagta çykanyna çenli bolan wakalar beýan edilýär. Abdyllah Şahruhuň we onuň ogly Baýsungaryň tabşyrmagy boýunça 1423-nji ýylda özüniň ýygyndysy "Majma at-tawarihi" ýazmaga başlaýar. Bu ýygyndy 4 tomdan ybaratdyr. Onuň 4-nji tomy 2 bölümden ybarat bolup, 1-nji bölümi Temiriň, 2-nji bölümi Şahruhyň taryhyny beýan edýär.