Hajygara Annamammedow
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Hajygara Annamammedow (рус. Хаджигара Аннамамедов, 1931 — 1989) — sowet we türkmen artisti, TSSR-yň halk artisti. «Mollanepes drama teatrynyň» we «Ýaş tomaşaçylar teatrynyň» halk artisti.
Biografiýasy
düzetAhal welayatynyň Tejen etrabynda dogulan. 1947-nji ýylda şol döwürde Aşgabatda ýerleşen Pedagogik institutynyň biologiýa-geografiýa fakultetini tamamlap, Tejende hem-de Babadaýhanda mugallym bolup işlän. 1951-nji ýylda žurnalist bolmak arzuwy bilen Moskwa şäherine giden. Ýöne resmimalaryny Moskwanyň A.W.Lunaçarskiý adyndaky teatr sungaty institutynyň tankytçylyk bölümine tabşyrýar. Synaglara taýýarlanyp ýören mahaly şol institutyň professory N.W.Petrow onuň bilen söhbetdeş bolup, ony artistleri taýýarlaýan bölümine okuwa çagyran. Ony institutyň üçünji ýylyna okuwa kabul edýärler. 1954-nji ýylda H.Annamammedow instituty tapawutlanan diplom bilen tamamlap, Aşgabada dolanyp gelýär we «Mollanepes drama teatrynda» we «Ýaş tomaşaçylar teatrynda» işleýär.
Oýnan spektakllary
düzet«Ak lotos», «Gögeýin», «Otuzynjy ýyllar», «Murgabyň kenarynda», «Derňewçi», «Synag», «Garagumda», «Söýgi», «Ykbal», «Aýgytly ädim», «Taýfun», «Joralar», «Elwan ýaglykly serwim», «Bu gaýtalanmaly däldir», «Çagalan başlar», «Jeňňelde bir gije», «Keremli toprak».
Kinomatografiýadaky tejribesi
düzet«Döwranyň başdan geçirenleri» kinosynyň alyp baryjysy boldy.
«Aýna» kinosynda mugallymyň rolyny oynady.
Aýdyp geçen sözleri
düzet«...Artist öz edýän zadyna özi ynanmasa, hiç wagt tomaşaçyny ynandyryp bilmez. Artistiň bilim, ahlak derejesi, maşgala durmuşynda özüni alyp baryşy, ol islese-islemese sahna çykýar. Artistlere diňe bir sahnada däl, durmuşda-da syn ediň. Bu siziň artist baradaky düşünjäňiziň giňelmegine, has-da aýdyňlamagyna köp kömek eder».
Maşgalasy
düzet- Aýaly – Gülälek Annamammedowa
- Ogly – Sähetdurdy Annamammedow
- Ogly – Maksatmyrat Annamammedow
- Gyzy – Aksoltan Annamammedowa
- Gyzy – Altyn Annamammedowa
Salgylanmalar
düzet- Meretgylyç Ýagmyrow. «Edebiýat we sungat» gazeti. «Guýmagursak artist» makalasy. 21.08.2020.[1]