Halkara nebit we gaz uniwersiteti

Ý.Kakaýew ad. Halkara nebit we gaz uniwersiteti
GörnüşHalkara uniwersitet
Gurlan ýyly25.05.2012ý
Ozalky ady(atlary)Turkmen dowlet nebit we gaz iinstituty, Halkara nebit we gaz uniwersiteti
Fakultetler6
salgy744036, Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8, Baş bina

Taryhy

düzet

Türkmen politehniki instituty öz gözbaşyny öňki Türkmen döwlet uniwersitetiniň tehniki fakultetinden alyp gaýdýar. 1955-nji ýylda tehniki fakultetde “Inžener-geologiýa” hünärinden başga-da, “Senagat we raýat jaýgurluşygy” we “Suw üpjünçiligi we hapalanan suwlary akdyrmak” hünärleri boýunça ýokary bilimli inženerler taýýarlanyp başlanýar. 1960-njy ýylda tehniki fakulteti bilen birhatarda ýene täze 3 sany fakultet, ýagny “Nebitçilik”, “Inžener-gurluşykçy” we“Mehanika-energetiki” fakultetleri döredilýär.Türkmen politehniki instituty Türkmenistanyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň we Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ministrler Sowetiniň 1963-nji ýylyň 14-nji iýunynda 304 belgili çykaran Kararyna laýyklykda 1963-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda döredilýär. Institutyň gurluşynda 4 fakultet we 26 kafedra hereket edipdir.

Türkmen döwlet nebit we gaz instituty 2012-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PP-6081 belgili Permany esasynda döredildi. TürkmenistanyňPrezidentiniň 2013-nji ýylyň 9-njy awgustyndaky PP-6391 belgili Permany bilen Türkmen döwlet nebit we gaz institutyna halkara uniwersitet derejesi berildi we Halkara nebit we gaz uniwersiteti diýip atlandyryldy. 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň 329-VI belgili Kararyna laýyklykda Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň ady dakyldy we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti diýip atlandyryldy. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde dünýä derejesinde ylymly-bilimli ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, bilim bermek, ylma ugrukdyrmak işleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlary we nebitgaz pudagynyň önümçiligi bilen sazlaşykly utgaşdyrmak arkaly amala aşyrylýar. 

Hünarler

düzet

Uniwersitetiň 6 fakultetinde 23 hünär boýunça ýokary bilimli hünärmenler we 5 taýýarlyk ugry boýunça bakalawrlar taýýarlanylýar:

  • Nebit we gaz guýularyny burawlamak;
  • Nebit-gaz känlerini özleşdirmek we ulanmak;
  • Nebitgazgeçirijilerini we nebitgazyň saklanýan ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak;
  • Gidrogeologiýa we inžener geologiýasy;
  • Ýerüsti dag işleri;
  • Gazylyp alynýan peýdaly magdan känlerini özleşdirmek;
  • Gazylyp alynýan peýdaly magdanlary baýlaşdyrmak;
  • Geologik kartalaşdyrma we magdan ýataklarynyň gözlegi;
  • Markşeýderlik işi;
  • Nebitiň we gazyň geologiýasy;
  • Peýdaly magdanlary gözlemegiň we barlamagyň geofiziki usullary;
  • Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy;
  • Daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak;
  • Standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak;
  • Nebit, gaz känleriniň maşynlary we enjamlary;
  • Sowadyjy, kompressor maşynlary we desgalary;
  • Gazturbina desgalary we gazkompressor stansiýalary;
  • Nebitgaz desgalary we senagat gurluşygy;
  • Elektrik üpjünçiligi;
  • Senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy;
  • Ykdysadyýet we dolandyryş (nebitgaz pudagynda);
  • Maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary;
  • Maglumat tehnologiýalarynyň programma üpjünçiligi;
  • Nebitgaz işi (bakalawr we magistr);
  • Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi (bakalawr);
  • Himiýa tehnologiýasy (bakalawr);  
  • Logistika (nebitgaz pudagynda) (bakalawr);  
  • Programma inženerligi (bakalawr) ;

Uniwersitetiň ýeten sepgitleri

düzet

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit wegaz uniwersiteti 2013-nji ýylyň 25-nji iýulynda Halkara uniwersitetler birleşiginiň agzalygyna kabul edilip, Ýewropa Biznes Assambleýasynyň Sokratkomiteti (Europe Business  Assembly, Ohford, UK) tarapyndan  “Ýewropahili” halkara baýragy bilen sylaglandy. Bu gurama 1950-nji ýyldaesaslandyrylyp, uniwersitetleriň 630-syny özünde jemleýän ÝUNESKO-nyň Pariždäkibinasynda ýerleşýär.                                             Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda, şeýle-de  ylym we bilim ulgamynda gazanan  uly üstünlikleri üçin Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti  “SEIN Assosiasiýasynyň altyn medaly” halkara bäsleşiginiň altyn medalyna, onuň nyşanyna hem-de diplomyna mynasyp boldy.

Geologiýa muzeýi

düzet

Uniwersitetiň geologiýa muzeýinde dürli gelip çykyşly dag jynslarynyň, jandarlaryň we ösümlikleriň daşa öwrülen galyndylaryň, minerallaryň, gazylyp alynýan magdanlaryň hakyky nusgalyklary bar. Muzeýde dag jynslary, minerallar, gazylyp alynýan baýlyklar (silikatlar, sulfatlar, magmatik, metamorfik, çökündi dag jynslary we beýlekiler) bilen ýakyndan tanşyp bolýar. Muzeýde dürli döwürleriň (paleozoý, mezazoý, kaýnazoý) çökündileriniň ýaşlaryny takyk kesgitlemäge mümkinçilik berýän paleontologik galyndylary ýerleşdirilendir. Şeýle hem, bu ýerde täsin tebigy obýektleriň (dinozawrlaryň, deňizleriň tolkunlarynyň, molýuskalaryň yzlary, karst gowaklary we baş.) gelip çykyşlaryny, geologik ähmiýetlerini öwrenmek bolýar.