Heýkeltaraşlar
Türkmenleriň zergärçilik däpleri gadymy wagtlardan başlanypdyr. Matalaryň ýüzüne keşde çekmek we altyn çaýylan, gymmat bahaly daşlar bilen bezelen, zikgelenen kümüşden taýýarlanylan zergärçilik önümleri şu däbiň ýüze çykmasy bolup durýar. Aýal-gyzlaryň egin-eşikleri, ozaly bilen-de gelinleriň egin-eşikleri ýokary çeperçilik bilen bezelýär. Börüge dakylýan şaý-sepler, saçbagylar, gulakhalkalar, boýna we döşe, bilege dakylýan şaý-sepler taýýarlanypdyr: depesinden dabanyna çenli nepis şaý-sepler bilen bezelen gyz, hamala diýersiň, özüniň açyk gyzyl reňkdäki köýneginde kümüşe çolanan ýaly bolup görünýär. Özboluşly zergärçilik önümleri adamyň we haýwanlaryň, guşlaryň we möjegiň formalaryny gaýtalaýar, bular bolsa ähli türki halklaryň iň gowy görýän nagyşlarydyr. Estetiki wezipesinden başga-da şaý-sepler dürli keselleriň öňüni almak ähmiýetine hem eýedir, şaý-sepleriň keramatlylary hem bolup, olar adamlary göz degmeden goraýar. Seýrek bolaýmasa, olaryň Merkezi Aziýanyň beýleki halklarynyň şaý-sepleriniň arasynda özüne meňzeşleri ýokdur. Şol bir wagtyň özünde gadymy Parfiýanyň hem-de Margiananyň bezeg sungaty bilen arabaglanyşygynyň bardygy duýulýar, bu bolsa, şübhesiz, çeperçilik däpleriniň güýjüne hem-de üznüksizligine şaýatlyk edýär.