Hindistana tarap Günbatar ỳoluň açylmagy

Hindistana tarap Günbatar ỳoluň açylmagy.

1519 ỳylyň Ruhnama aỳynda Ispan hökümet bilen ylalaşyp 5 gämiden ybarat eskadra bilen San-Zukara duralgasyndan Gunbatara ugraỳar.

Sanjar aỳynda olar Braziliỳa barỳarlar. Ondan 1520 ỳylyň Bitaraplyk aỳynda ekwatora ỳetỳärler. Emma üç aỳ 20 gün ỳer görmän ỳüzỳärler. 19 adam kesellap ölỳar. Şonuň üçin Magellan oňa ỳuwaş umman adyny berỳär. Onuň beỳleki wagtlar tolkuny bolỳanyna üns bermändir.

1521 ỳylyň Nowruz aỳynda onuň floty Filippin adalaryna ỳetỳar. Bu ỳerdäki ỳerli ilat bilen bolan çaknyşykda Magellan ölỳär. Ondan soň gäminiň kapitanlary Kolimantan adasyna, ahyrynda Molluka adalaryna ỳetỳärler. 1522 ỳylyň 6/IX ekipaž Ispaniỳanyň San-Zukar şäherine gaỳdyp gelỳär. Bular ỳeriň daşyny aỳlanyp, örän süje we tagamly zatlary getirip satypdyrlar. Bulardan düşen girdeỳji ähli ekspidisiỳalara edilen çykdaỳyjydan hem köp bolỳar.

Şeỳle hem ispanlar umandaky ỳerleri ilkinji bolup açan adalaryna dawa tutỳarlar.

Bu täze açşlyk Portugaliỳa bilen Ispanlaryň arasyndaky garşylygy ỳitileşdirdi “sebäbi serfatler takyk däldi”. 1529 ỳylda ylalaşyga gelinỳär.

Ispaniỳa Molluk adlaryndan el çekỳär, ỳöne Filippin adalaryna eỳe bolỳar. Ispan Korolyň mirasdarynyň ady dakylỳar (Geljekki Korol Filipp II). Magellan “Günorta materigiň” bar bolmagy mümkin diỳen çaklamany döredỳär.

Ýöne şu ỳylllaryň dowamynda hiç kim Magellanyň geçen ỳoluny gaỳtalamaỳar, sebäbi ỳuwaş ummanyň üsti bilen Aziỳa kenarlaryna gitmek bähbitsizdi.

Ispan hökümeti Amerikada altyn tapmak we indeỳleri gul etmek üçin ol ỳerlere täze ekspedisiỳalary ugratmagy dowam edipdirler. 1519-nji ỳylda 400 adamdan ybarat Kortesiň baştutanlygynda kiçiräk topar Meksikanyň kenarynda düşläpdir. Dworỳan Kortesiň “puly az, bergisi köp” ekeni Meksikada astek taỳpalary agalyk edỳan ekeni. Olar özlerini gul ediji Meksikalylary ỳigrenipdirler, ispanlara kömek edipdirler. Kortes otrỳadynyň üstüni indeỳ uruşyjylary bilen ỳetirip, olary Mehikanyň üstüne sürüpdir. Atlylary görüp, toplaryň gümmürdisinden astekler elhenç gorkupdyrlar, olar atly adamy aty we ỳaragy (muşketleri) asmandan inderilen bir zat hasap edipdirler. Ilkinji ỳeňilişden son hökündarlar aljyrap, ispanlara paỳtagta girmäge rugsat beripdirler.

Kortes tiz wagtynda astekleriň hökümdarlygyny ele salypdyr we ỳurdy olaryň adyndan dolandyryp ugrapdyrlar. Ilat ispan hökümetini ykrar edip, olara altyn paç tölemeli bolupdyr.

Ispanlar hökümdaryň köşgündäki altyndan ỳasalan zatlary we gymmat baha daşlary saklanỳan ambary talap, alan oljalarynyň köp bölegini ispan koroly we Kortes alypdyr.

Basyp alyjylaryň gazaplydygyny we gysgançdygyny görüp-gazaba münen astekler gozgalaň turuzypdyrlar. Köp uruşyjylaryny ỳitirip, Kortes gür märekäniň içinden zordan sypypdyr. Ol täzeden goşunynyň üstüni Kubadan gelenlerden dolduryp, Mehikany gabapdyr. Şäheriň suw bilen üpjünçiligi ỳaramazlaşypdyr Ilatyň köpüsi açlykdan we kesellerden heläk bolupdyr. Ispanlar şeỳdip ỳene-de Mehikany eỳeläpdirler.

Beỳleki basypalyjy sowatsyz, rehimsiz we gundogarly F Pisaro 200 esgerden ybarat goşuny bilen Peruwyň üstüne çozupdyr. Ispanlar ink taỳpasynyň hökümdaryny ähtiỳalanlyk bilen ỳesir alypdyrlar. Ony boşatmak üçin ummasyz köp töleg-ullakan otagyň içini altyndan doldurmagy talap edipdirler. Ispanlar tölegi alyp, inkleriň hökümdaryny ähdiỳalanlyk bilen ölüm jerasyna höküm edipdirler. Olar Peruwyň paỳtagtyndaky ybadathanalaryny talap ondaky gymmat bahaly sungat eserlerini alypdyrlar.

XV, X, XVII asyrlarda Iňlisler, Fransuzlar, Gollandlar hem syỳahatlar geçiripdirler. 1606 ỳylda Golland syỳahatçylary tarapyndan Awstraliỳa açylypdyr.

XVI-XVII asyrlarda rus syỳahatçylaryň we deňizde ỳüzüjileriniň dünỳä ylymyna goşan goşandy uly bolupdyr. Olaryň islegi dünỳä bazaryna girmekdi. Olar Demirgazyk Sibir tarapa, uzak Gündogara merkezi Aziỳa, Mongoliỳa, Hytaỳa tarap syỳahatlar geçiripdirler.

Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynda “XVII asyrdan başlap ruslaryň Hazar deňziniň kenaryna gelmegi bilen, rus-eỳran gatnaşyklarynda türkmeniň ykbalynyň kemsidilendigine, oturymly ỳerleriniň azaldylandygyna, türkmen halkynyň taỳpa-tire agzybirliginiň, goňşy döwletler bilen daşyndan guralandygyna taryh şaỳat” (44 sah.) diỳip görkezişi ỳaly dogrudan hem şu wakalaryň soňy Gökdepe urşyna alyp bardy.