Hindistanyň iňlis baknasyna öwrülmegi

Mowzugy: Hindistanyň iňlis baknasyna öwrülmegi

Meýilnamasy:

1. Hindistana iňlisleriň aralaşmagy.

2. Iňlis-maýsur uruşlary

3. iňlis-marath uruşlary.

4. Iňlis-penjap uruşlary

1498-nji ýylyň 17-nji maýynda Kalkuttanyň golaýynda ilkinji ýewropa gämisi labyryny taşlapdy. Ýewropadan Hindistana deňiz ýolunyň açylmagy döwrüniň uly wakasy bolupdy. Afrikanyň daşyndan aýlanyp, Hindistana gelen ilkinji ýewropaly portugal deňizçisi Wasko da Gama bolupdy. Ýeri gelende ýatlasak, Wasko da Gama öz häsiýeti boýunça rehimsiz, açgöz adamdy. Soň gelen aşa batyr edip, ol Hindistanyň kenaryndaky söwda edýän arap täjirleriniň gämilerini suwa gark edip, indiden beýläk Hindistan bilen söwda etmegi olara gadagan etdi. Bu ýewropalylaryň Hindistandaky açgözlüginiň we talaňçylygynyň entek başlangyjydy. XVI asyryň dowamynda Portugaliýa bu baý ülkäni tas ýeke-täk diýen ýaly talady. XVII asyrda Portugaliýanyň gowşamagy bilen baglanyşykly olaryň eýeçilikleri Gollandiýanyň eline geçdi. Gollandlar 1641-nji ýyla çenli Hindistanda doly ornaşdylar1.

XVII asyryň ikinji ýarymy-XVIII asyryň birinji ýarymynda Fransiýa Hindistany eýelemeklik üçin göreşdi. Agzalan ýewropa ýurtlarynyň ählisi Hindistan bilen söwda guramasy bolan Ost-Hindistan söwda kompaniýalaryny döredip, onuň üsti bilen bu ýurdy baknalyga öwürmäge girişipdiler. Iňlisler hem 1600-nji ýylda şeýle kompaniýany döretdi. Iňlisler Kalkutta, Madras we Bombeý şäherlerinde ornaşyp, öz söwda kompaniýalaryny kem-kemden bakna öwrülen hindi topraklaryny dolandyryjy edara öwrüpdi. Bu guramanyň işine Angliýanyň özi döwlet hemaýatyny berýärdi. Bolmasa söwda kompaniýasyna goşun we harby berkitmeler nämesine derkar?!

XVIII asyrda Ýewropanyň iň güýçli döwletleri bolan Angliýa we Fransiýa Hindistany biri-birinden gabanyp, özara dawalara başladylar. „Myhman myhmany ýigrener, öý eýesi ikisinem“ diýleni boldy. 1756-1763-nji ýyllardaky Angliýa bilen Fransiýanyň arasyndaky ýedi ýyllyk uruş geljekki baknalyk ugrundaky göreşde kimiň döwüniň rüstem geljekdigini çözdi. Bu uruş Angliýanyň Gündogarda tas garşydaşsyz diýen ýaly bakna eýeçiliklerini eýelemegine ýol açdy.

XVIII asyryň ikinji ýarymynda iňlis baknadarlary Hindistanyň ilki Bengaliýa welaýatyny, soňra Audy, Haýdarabady basyp aldy. Bihar, Orissa iňlis baknasyna öwrüldiler.

Hindistanda XVIII asyryň ikinji ýarymynda güýçli üç sany hanlyk bardy. Olaryň biri Şiwajiniň ýolbaşçylygynda dörän Marathlar birleşmesidi, beýlekisi Ranjit Singhiň döreden Penjap hanlygy, üçünjisi bolsa Günorta Hindistandaky Haýdar Alynyň ýolbaşçylygyndaky (hökümdarlyk ýyllary 1761-1782) Maýsur hanlygydy. Iňlisler bu üç hanlygy birden eýeläp biljek däldi. Üçüsiniň içinde gowşagragy diýip ilki Maýsura ýapyşdylar. Emma Maýsur iňlisleriň çakyndan güýçli bolup çykdy. Sebäbi Haýdar Aly fransuz harby maslahatçylarynyň kömegi bilen güýçli hakynatutma goşun döredipdi2. Olar Maýsur ugrunda dört gezek uly uruş alyp barmaly boldy.

Iňlis-maýsur uruşlary. Günorta Hindistanda iňlisleriň ätiýaç edýän bir hanlygy bardy. Ol hem Haýdar Alynyň ýolbaşçylygyndaky Maýsur hanlygydy. Haýdar Aly iňlisleriň düýp matlabyna düşünip, Günorta Hindistanyň hanlyklaryny baş duşmana – iňlislere garşy bileleşip göreşmeklige çagyrdy. Emma hindiler umumy dil tapyp, duşmana garşy göreşde bir ýumruga güýç bermegi başarmadylar. Maýsur ugrunda iňlisler 1767-1769-njy ýyllarda birinji, 1780-1784-nji ýyllarda ikinji urşy alyp bardylar.

1782-nji ýylda Maýsuryň hökümdary Haýdar Aly ýogalandan soňra onuň ogly Tipu Soltan iňlislere garşy agzybirlikli göreşi guramaga has-da erjel ýapyşdy. Ol iňlislere garşy mukaddes urşy yglan etdi. Goňşy hanlyklar bilen bileleşip göreşmek barada gepleşikler geçirdi. Hatda Delidäki Beýik Mogoly hem öz tarapyna çekmek gepleşikler geçirdi. Ýöne, Beýik Mogoldan indi haraý ýokdy. Beýik Mogolyň indi Delini goramaga-da ýagdaýy ýokdy.

1790-1792-nji ýyllarda iňlisler üçünji gezek Maýsura garşy urlşa başladylar. Maýsurlylar gahrymanlarça goransalar-da, „taýak bilen ýumruk“ deň gelmedi. Iňlisleriň ýaragy gowudy. 1792-nji ýyldaky iňlis-maýsur ylalaşygy boýunça Maýsuryň ýarpy territoriýasy iňlisleriň ygtyýaryna geçdi3. Iňlisler kanagata bereket etmediler.

1799-njy ýylda uly güýç toplap, dördünji gezek olar Maýsura garşy urşa başladylar. Maýsuryň merkezi şäheri Seringapatamy top okuna tutup, weýran etdiler. Tipu Soltan şäheri goraýjylaryň arasynda eli ýaragly göreşip, söweşde wepat boldy. Maýsuryň halky (kannaralar) emeli ýagdaýda ikä bölündi. Olaryň bir bölegi iňlislere bakna bolan Haýdarabat hanlygyna, beýleki bölegi gönüden-göni iňlis täsirine düşdi.

XVIII asyryň ikinji ýarymynda iňlislere öňde agzan üç sany güýçli hanlygymyzyň biri bolan Maýsury almak başartsa-da, Marath we Penjap hanlyklaryny eýelemek meselesi XIX asyryň gün tertibine galdyrylypdy.

Iňlis-marath, iňlis-penjap uruşlary. Merkezi Hindistandaky hanlyklaryň içinde iňlisleri eýmendirýäni marathlardy. Iňlisler 1803-1805-nji ýyllarda Marath hanlygyna garşy alyp baran ilkinji urşunda bu özbaşdak hanlygyň bir bölegini eýelemegi başardy. Bu uruşda olar Delini hem eýeläp, Beýik Mogoly öz dikmesine öwürmegi başardylar. 1818-nji ýyldaky ikinji iňlis-marath urşunda Marath döwleti özygtyýarlylygyny ýitirdi. Marathlaryň goňşulary Gwaliar, Nagpur iňlis baknasyna öwrüldiler. Rajasthanyň hanlyklary iňlis agalygyna boýun boldular. 1826-njy ýylda Assam, 1843-nji ýylda Sind hanlyklary iňlis baknadarlary tarapyndan eýelendi. Hindistanda Penjap özbaşdaklygyny saklap galypdy.

Penjap ýöne ýere iň soňunda basylyp alynmandy. Entek XVIII asyryň 60-njy ýyllaryndan başlap Penjabyň maýda hanlyklary birleşip, bütewi döwlet döredipdiler. Bu döwlet Ranjit Singhiň döwründe (1780-1839 ýý.) berk düzgün-tertibiň ýola goýulmagy we güýçli goşunyň döredilmegi bilen öňküsinden-de güýçlenipdi. Ranjit Singh 17 ýaşyndan başlap Penjapda han boldy. Penjabyň halky esasan sikhlerden ybaratdy. Guru Gowind Singh (1666-1708 ýý.) induizmiň sikhçilik atly dini sektasyny ösdürip, aýratyn bir dine öwrüpdi. Bu dine uýýanlar induizm ýaly takdyra ten bermegiň tarapdarlary däldi. Sikhçilik dini köpçüligine öz hak-hukuklary ugrunda işjeň göreşmegi ündeýärdi. Bu din haýsy kastadan çykandygyna seretmezden, adamlaryň ählisine deň göz bilen seredýärdi. Sikhçilik dinine uýýan ähli erkek adamlara „Singh“ (ýolbars) diýen birmeňzeş lakamyň berilmegi-de adamlaryň diniň öňünde deň hukuklygyny aňlatmaýarmy näme?! Sihkçilik adamlary ruhubelent watançy edip terbiýeleýardi. Ýolbars lakamly adam watanyň ar-namysyna gelende şir-peleň kimin topulmagy-da başarmalydy. Şeýle ýolbarslardan düzülen 40 müň adamly sikh goşuny iňlisleri uzak wagtlap eýmendiripdi.

Ranjit Singh iňlisleriň öz döwletiniň serhetlerine ýakynlaşmagy bilen 40 müň adamly goşunyny täze düzgün-tertipler bilen berkitdi. Ähli goşun bölümlerinde pançaýatlar döredildi. Pançaýatlar bäş adamdan ybarat saýlawly komitetlerdi. Şeýle pançaýatlaryň aşakylary ýokarkylara tabyndy. Hindi halky ata watanlarynyň iňlisleriň oljasyna öwrülýändigine jany-teni bilen gynanýardy. Ranjit Singh olaryň iň soňky umyt baglaýan öňbaşçysydy. Ranjit Singh ýurdy iňlislerden ýa-da owganlardan goramak barada halky çagyranda, geň ýeri, indus, musulman ýa-da sikh diýmän, ähli halk köpçüligi onuň yzyna düşdüler. Dogrusy, Ranjit Singhi taryhy zerurlyk orta çykarypdy.

Ranjit Singh özüniň akyl-paýhasy, harby başarnygy bilen abraý gazanan hökümdardy. Ranjit Singh özüniň dilewarlygy, batyrlygy bilen göreni haýran edipdir. Fransuz Žak Mon ony „üýtgeşik batyr“ atlandyryp, „onuň bilen söhbetdeş bolmagyň özem aklyňy haýran edýärdi“ diýip, ýöne ýere mahabatlandyrmandy4. Ranjit Singh goňşulary bilen birnäçe uruşlary alyp barsa-da, öz halkyna gezek gelende rehimdar, ynsanperwer hökümdardy. Şol gabahatly ýyllarda öz halky üçin ölüm jezasyny gadagan etmegi onuň rehimdarlygyndan nyşan dälmi eýsem?! Halk ýöne-möne hökümdary halk gahrymany derejesine göterip, oňa halk hakydasyndan hemişelik orun bermeýär ahyry.

Ranjit Singh diňe bir Penjabyň maýda hanlyklaryny birleşdirip, bir bütewi döwlet döretmek bilen çäklenmedi. Ol Kaşmiri, Peşawary, Multany we beýleki kiçi goňşy hanlyklaryny hem eýeläp, uly döwlet döretdi. Onuň özi hem uly han - maharaja boldy. Ol demirgazyk-günbatar goňşusy bolan owganlar bilen 1813, 1823, 1827-nji ýyllarda üstünlikli söweşler alyp bardy.

Iňlisler Ranjit Singh aradan çykýança Penjaby eýelemäge milt edip bilmediler. 1839-njy ýylda Ranjit Singh ýogalandan soňra onuň uly ogly Kharak Singh tagta geçse-de, ol uzak dolandyrman, 1840-njy ýylda aradan çykdy. 1840-1843-nji ýyllarda Ranjit Singhiň ýene bir ogly Şer Singh hem gysga wagtlyk hökümdar bolmaly boldy. Soňra üçünji ogly Dalip Singhi – 6 ýaşly çagany hökümdar diýip jar etdiler. iňlisleriň aşygy alçy gopdy. Çünki, çaga çaga bolýarda! Goşun, pançaýatlar özlerini ýurduň hakyky hojaýynlary saýdylar. Iňlisler Penjaba garşy urşa taýýarlyk görüp başladylar.

Iňlisler 1845-1846-njy ýyllarda Penjaba garşy uruş alyp bardylar. Uruşda goşun ýolbaşçylarynyň dönükligi bilen sikhler ýeňildi5. Ýöne, iňlislere Penjaby doly eýelemek başartmady. 1848-1849-njy ýyllarda ikinji iňlis-penjap urşy boldy. Bu gezek iňlisler Penjaby doly eýelediler. Britan Hindistanyny giňeltmeklik tä 1893-nji ýyla çenli dowam etse-de, Penjabyň synmagy Hindistanyň doly bakna öwrülendigini aňladýardy.