Hose Raul Kapablanka dünýä belli Kubaly küşt ussady, 3-nji dünýä küşt çempiony. 1921-1927-nji ýyllar aralygynda küşt boýunça dünýäniň çempiony boldy. (Doglan senesi: 19.10.1888ý. - Aradan çykan senesi: 8.03.1942ý.) 1921-nji ýylda Emanuel Laskeri Gawana şäherinde ýeňip dünýäniň 3-nji resmi küşt çempiony diýen ada eýe boldy, 1927-nji ýylda bolsa, Aleksandr Alýohinden ýeňilip dünýäniň küşt çempiony diýen adyny ýitirdi.

Hose Raul Kapablanka 1919-njy ýylda

Ol küşde 4 ýaşyndaka başlapdyr. 12 ýaşyndaka Kubanyň küşt çempiony J.Corzony ýeňip, Kubanyň küşt boýunça çempiony bolupdyr. 21 yaşyndaka Amerikanyň çempiony Marşaly ýeňmegi başarypdyr. 1911 San Sebastian halkara küşt ýaryşynyň ýeňijisi boldy. 1914-nji ýylda Sankt Petersburgda geçirilen halkara ýaryşda Emanuel Laskeriň ýarym utuk yzyndan ikinji orun bolupdyr. I Jahan Urşunyň başlanmagy bilen Emanuel Lasker bilen bolan çempionlyk oýny gijikdirilip diňe 1921-nji ýylda oýnapdyrlar. 4 ýeňiş, 10 deňlik we ýeňilmän oýnanyndan soň Laskerden çempionlygy almagy başarypdyr.1922-nji ýylda Londonda geçirilen ýaryşda uly aratapawut bilen 1-nji orny eýelemegi başardy. Emma 1924-nji ýylda Nýu ýork ýaryşynda ikinji,1925-nji ýylda Moskwa ýaryşynda 3-nji boldy. Bu dönemde otörler Capablanca'nın zirveye ulaştıktan sonra artık ilerlemeye ve oyununu geliştirmeye yönelik itici gücün kaybolduğu konusunda görüş bildirirler. Käbir adamlar Kapablankanyň kän bir türgenleşmeýändigini we öz tebigy zehini bilen küşt ussady diýen ada eýe bolandygyny aýdýarlar. 3-nji orun bolanyndan soňra 1927-nji ýylda geçirjek ýaryşa gowy türgenleşip barýar we bu ýaryşda arassa ýeňiş bilen, ýagny hemme oýnuny ýeňip 1-nji orun bolmagy başarýar. Bu ýaryşda ikinji bolan Aleksandr Alýohin bolsa, Capablanka bilen çempionlyk oýnyny oýnamaga hukuk gazandy. Bu ýaryşdan soň Kapablanka özüniň ýeňjegine birjikde şübhe etmeýär we bu ýaryşa hiç hili diýen ýaly taýýarlanman gelýär. Emma, Alýohin bolsa, Kapablankanyň oýunlaryny, oýnaýyş stilini doly öwrenip ýaryşa taýýarlanýar. Soňra bolsa, garaşylmadyk ýagdaýda, 6 gezek ýeňilip, 3 gezek ýeňip çempionlygyny Alýohine bermeli bolýar.


1927-nji ýyldan soň halkara ýaryşlaryň 17-sine gatnaşyp, 8-sinde 1-nji orny eýelemegi başarypdyr. Aleksandr Alýohin bilen rewanş oýnuny oýnamak islese-de maddy sebäplerden ötri oýnap bilmändir. Ol ýyllarda garşydaşyň goýan pul möçberinde pul goýmasaň çempionlyk oýnuny oýnap bolmaýardy. Kuba döwleti hem Kapablanka kömek etmänsoň rewanş oýnuny oýnap bilmändir.

Kapablanka örän sada we nusgawy stili bilen oýnar eken. Ol küştdäki iň uly tebigy zehinlerden biri hasaplanylýar. Zehininiň örän kiçi ýaşda ýüze çykandygy sebäpli we iň kyn göcümleri aňsatlyk bilen çözýändigi sebäpli oňa "küştüň mosarty" hem diýiler eken. Riçard Reti ol barada "Küşt onuň enedilidi" diýipdir. Kapablankanyň esasy lakamy "Küşt maşinkasydyr".

Şol bir wagtyň özünde birnäçe adam bilen oýnan oýunlary bilen küştüň tanalmagyna uly goşantlar goşandyr. 1922-nji ýylda Clevelandda şol bir wagtyň özünde 103 adam bilen oýnap, diňe birini deň edip, galan 102-sini ýeňmegi başarandyr.

Manhattan Küşt Klubynda bir oyuna tomaşa edip otyrka paralyž sebäpli ertesi güni aradan çykýar.