Hronologiýa
Hronologiýa (grek. χρόνος — wagt; λόγος — öwrenmek):
- taryhy wakalaryň we resminamalaryň senesini kesgitleýän kömekçi taryhy ugur;
- wagtyň dowamynda taryhy wakalaryň yzygiderliligi;
- haýsydyr bir wakalaryň öz wagt yzygiderliligindäki sanawy.
Astronomik hronologiýa gaýtalanýan asman hadysalarynyň kanunalaýyklygyny öwrenýär we takyk astronomik wagty kesgitleýär; ol taryhy hronologiýanyň hem usuly bolup durýar.
Geohronologiýa — öz ady (era, döwür, eýýam we asyr) bar bolan we belli bir yzygiderlilikde ýerleşýän şertli bölekli geologik wagtyň bir bölümi. Geohronologiýanyň ylmy esasy stratigrafiýa bolup durýar.
Taryhy (tehniki) hronologiýa — dürli halklaryň we döwletleriň ýyl hasaby ulgamlaryny hem-de senenamalary öwrenýän, şeýle hem, taryhy hadysalarynyň senelerini we taryhy çeşmeleriň döredilen wagtyny kesgitlemäge kömek edýän kömekçi taryhy ugur.
Edebiýat
düzet- Бикерман Э. Хронология древнего мира. Ближний Восток и античность: Наука, 1975.
- Ермолаев И. П. Историческая хронология. — Казань: Изд-во Казанского университета, 1980.
- Климишин И. А. Календарь и хронология. — М.: «Наука», 1981.
- Хронологическая таблица. 750—500 гг. до н. э. (Восток. Египет. Греция. Колонии. Архитектура и искусство. Литература) // Кембриджская история древнего мира. Т. III, ч. 3. М., 2007. С. 563—571. ISBN 978-5-86218-467-9