Hydyr Derýaýew (1905-1988) – sowet döwründen türkmen dil biliminiň meseleleri bilen irki wagtlardan bäri gyzyklanan lingwistleriň biri. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň korrespondent-agzasy (1969), dosent. Ol 1905-nji ýylda Mary raýonynyň Egrigüzer obasynda daýhan maşgalasynda dogulýar.

Hydyr Derýaýew

1920-nji ýylda Marydaky internata okuwa girýär, ýöne ony gutarmanka, Hydyr Derýaýewi Aşgabatdaky inprosa (institut prosweşeniýa) geçirýäler.

Ol ýerde bir ýyl okandan soň, onuň okap başlan inprosy Daşkent şäherine göçürilýär. H.Derýaýew 1926-njy ýylda inprosy tamamlap, orta bilimli mugallymlyk diplomyny alýar. Ony inprosuň özünde mugallym edip alyp galýarlar.

H.Derýaýew mugallymçylyk işine 1925-nji ýylda başlaýar. Şol ýyl ol Orta Aziýanyň profkursunda okadyp başlaýar. 1927-1931-nji ýyllarda ol Orta Aziýa döwlet uniwersitetiniň pedfakynda okaýar, ony 1931-nji ýylda tamamlap Aşgabada gelýär.

Ol Aşgabat döwlet pedagogik institutynda ilki assistent, soň dosent wezipesinde işleýär. 1933-nji ýyldan başlap kafedra ýolbaşçylyk edýär.

1933-1937-nji ýyllarda H.Derýaýew türkmen dili boýunça birnäçe ahmiýetli işleri neşir edýär. Ilkinji gezek, ýagny 1933-nji ýylda onuň 6-7-nji synplar üçin «Türkmen diliniň sintaksisi» diýen işi çykýar. Bu okuw kitaby 1937-nji ýyla çenli neşir edilýär.

1934-nji ýylda onuň ýediýyllyk mekdepler üçin «Türkmen diliniň grammatikasy», «Ýewropalylar üçin türkmen dili» diýen işleri çap edilýär. 1936-njy ýylda bolsa, Türkmenistanyň Birinji lingwistik gurultaýyna tezisler hökmünde «Türkmen diliniň sintaksisiniň we punktuasiýasynyň esasy meseleleri» atly uly makalasy peýda bolýar.

Hydyr Derýaýew Türkmenistan SSR Ylymlar akademiýasynyň Dil bilimi institutynda ilki kiçi ylmy işgär, soňra uly ylmy işgär wezipelerinde işleýär. Ol türkmen diliniň taryhyna degişli birnäçe makalalar ýazýar. Olaryň arasynda «Geljek zaman işliginiň käbir meseleleri», «Türkmen diliniň taryhynyň meseleleri», «Magtymgulynyň eserleriniň gözleginde» diýen ýaly gyzykly meseleleri orta atýan makalalar bar.

Soňky ýyllarda H.Derýaýew çeper döredijilik işi bilen çynlakaý meşgul bolup başlady. Ol türkmen sowet edebiýatyny täze proza, drama, poeziýa eserleri bilen baýlaşdyrdy.

Ýazyjynyň meşhur «Ykbal» romany «Ganly penjeden» ady bilen 1937-nji ýylyň oktýabrynda çap bolup çykýar.

Awtor soň «Ganly penjeden» atly romanyny täzeden işläp, 1960-njy ýylda «Ykbal» ady bilen neşir etdirdi.

«Ykbal» romany awtora uly meşhurlyk getirdi. TSSR-iň Halk ýazyjysy has öndümli işlemäge başlady.

1962-iji ýylda romanyň ikinji , 1966-njy ýylda üçünji kitaby, 1971-nji ýylda bolsa romanyň ahyrky —dördünji kitaby çap bolup çykýar. Onuň eserleri okyjylar tarapypdan oňat garşylanýar.

Ýazyjynyň «Mähri», «Hojanepes» atly belli drama eserleri Mollanepes adyndaky akademiki drama teatryň sahnasyndan düşmän gelipdir.

1971-nji ýylda Hydyr Derýaýewiň «Harasat» atly romany çapdan çykdy.

Edebiýat meýdanynda bitiren hyzmatlary üçin ol Lenin ordeni (1967) bilen sylaglandy. 1969-njy ýylda Hydyr Derýaýewiň türkmen sowet dil bilimine, türkmen sowet edebiýatyna goşan goşantlaryny nazarda tutup, TSSR Ylymlar akademiýasy ony korrespondent-agzalyga saýlady. Ýazyjy, dosent Hydyr Derýaýew döwletiň Ýazyjylar Soýuzynyň işine işjeň gatnaşdy.

Hydyr Derýaýew 1988-nji ýylda aradan çykdy. ‎

  • Amyderýa
  • Arzuw

Powest

düzet
  • Mukaddes ojak

Romanlar

düzet
  • Ykba
  • l (1-4 kitaplar)
  • Harasat
  • Mähir uçgunlary

Pesalar

düzet
  • Mähri
  • Ykbal
  • Hojanepes

Sözbaşy ýazgysy

düzet
  • Uly saçagyñ rysgaly