Sin nasilşalygy

(Hytaý Sin nasilşalygy döwründe sahypasyndan gönükdirildi)

Çiň nasilşalygy — Gadymy döwürlerden bäri hytaýlylar öz watanyny „ orta patyşalyk“ diýip atlandyrypdyrlar. Şol ýerden hem Hytaýyň häzirki ady „Juňgwo“ (juň- orta, gwo-döwlet) gelip çykýar. Sin imperiýasy döränden soňra hytaýlylar özlerini Sinler diýip atlandyryp başladylar. Şundan soňra dünýäniň ähli ýerinde dien ýaly bu ýurduň ady Sin,Çin, Çaýna, türkmenlerde bolsa Çynmaçyn diýip atlandyrylypdyr. Hytaý, hytaýly dieýen atlar nireden gelip çykdyka? Х1-asyrda mongollar Hytaýyň Demirgazyk bölegini basyp alypdy. Olaryň içinde hem köpägi mongollapyň kidan taýpasyndandy. Kidan sözi üýtgäp ruslarda bu ýurt Kitaý görnüşinde atlandyrylýar. Türkmenlerde hem ruslaruň täsiri bilen soňky wagtlar Hytaý diýilýär.

Hytaýy täze döwrüň başynda Min nebereleri (1368-1644) dolandyrýardy. Bu dolandyryjylara garşy 1622-nji ýylda uly daýhanlar gozgalaňy başlandy.Bu gozgalaňa li Szy Çen baştutanlyk etdi. Daýhanlaryň gozgalaňy manjurlaryň Hytaýa çozan döwri bilen gabat gelipdi.

Manjurlar öň Hytaýyň baknasy bolsa-da soň Ýewropalylardan ok atýan ýarag satyn alyp olar güýçlendiler. Olar Abahaý diýen adamyň ýolbaşçylygynda Hytaýy basyp almaga girişdiler. Min hökümeti gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin uly goşun bölümlerini ugratdy. Hökümet goşunlaryna U Sanguý diýen serkerdebaşy baştutanlyk edýärdi. U Sanguýyň ýolbaşçylygyndaky hökümet goşunlary uzak wagtlap manjurlary Beýik Hytaý diwaryndan Günorta Hytaýa geçirmän saklamagy başardy.

1644-nji ýylda Li Zsy Çeniň baştutanlygyndaky gozgalaňçylar ýurduň paýtagty Pekini basyp aldylar. Ine bu ýagday syýasy ýagdaýy çylşyrymlaşdyrdy.Min nebereleriniň iň soňky imperatory öz-özüni asyp öldürdi. U Sanguý hem öz halkyna dönüklik ýoluna düşdi. Oňa-da bir aşaky gatlakdan çykan topalaňçynyň tagty eýeläp oturmasy ýaramady. U Sanguý iki duşmanyň haýsyndan başlajagyny bilmeýärdi. Pekine gitse manjurlaryň ýurdyň içine aralaşmagy mümkindi. Manjurlara garşy göreşini dowam etse onda onyň kime gulluk edýäni düşnüksizdi. Iki oduň arasynda galan U Sanguý manjurlar bilen gepleşik geçirmegi ýüregine düwdi. Gepleşiklerde U Sanguý manjurlary Beýik Hytaý diwaryndan geçirmäge razylaşdy.Ol manjurlar bilen birleşip,Pekine garşy ýörüşe başlady. Gozgalaňçylaryň baştutany ýagdaýyň gowy däldigini aňyp, U Sanguý bilen gepleşik geçirmäge synandy. Emma, U Sanguý Li Szy Çen bilen gepleşmek hem islemedi. Ýogsam, bu döwre çenli Lin Szy Çen özüni imperator diýip jar etmäge-de ýetişipdi.

Iki tarap hem urşa taýýarlyk görüp başlady. 1644-nji ýylyň 27-nji aprelinde olaryň arasynda Pekiniň golaýynda söweş boldy. Bu söweşde gozgalaňçylar ýeňildiler. Manjurlar 1644-nji ýylyň iýunynda Pekini hiç-hili söweşsiz basyp aldylar. Gozgalaňçylar Pekini taşlap gaçmaga mejbur boldular.Li Szy Çen we onuň gozgalaňçy goşuny bir ýyl çemesi garşylyk görkezip, soňra gozgalaňy bes etmäge mejbur boldular.

Manjurlar Pekini basyp alanlaryndan soňra Sin imperiýasynyň döreýändigini jar etdiler(Sin-arassa). Olar Abahaýyň ogly Nurhasini imperator diýip yglan etdiler. Şeýlelikde Hytaýy 1644-1912-nji ýyllarda dolandyran Sin nebereleri Hytaýda häkimiýetde ornaşdy.

Manjyrlara garşy hytaý halkynyň göreşi Pekin basylyp alnandan soň hem birnäçe ýyllap dowam etdi. U Sangyý öz dönükligine düşünip, Hytaýyň günortasynda manjurlara garşy halky göreşe aýaga galdyrmaga synandy. Emma, U Sanguýyň dönükligi eýýäm tutuş halka ýaýrapdy. Indi onuň yzyna düşjek adam ýok diýen ýalydy(Hytaýda U Sanguý diýmek soňabaka dönük diýmegi aňladýar). 1683-nji ýylda Hytaýy doly basyp almak manjurlara başartdy. 150 mln ilatly ýyrt 700 muň ilatly manjur taýpalarynyň golastyna düşdi.

Manjurlar Hytaýy doly basyp alanlaryndan soňra ýurduň döwlet gurluşynda käbir üýtgetmeler geçirip başladylar.Ýurduň ýeke-täk hökümdary imperator-bogdyhan bolupdyr. Bogdyhan diýmek asmanyň, hudaýyň ogly diýmegi aňladýar. Asman oglunuň ýüz-keşbini görmek ýa-da onuň adyny sesli tutmak gadagan bolupdyr. Bogdyhanyň ýanynda iki sany maslahatçy geňeş döredilipdir.

Hytaýy dolandyrmak gündogarda asyrlar boýy dowam edip gelýän iki sany baş şygardan ugyr alypdyrdyr: Äňli ýerler bogdyhanyňkydyr we we ähli adamlar onuň raýatlarydyr. Şeýlelikde imperator çäklendirilmedik hukukdan peýdalanypdyr. Tutuş ýurt 18 ýelaýata bölünip, olary gubernator dolandyrypdyr. Her ýelaýat 10 oblasta bölünipdir ( jemi 180). Her oblast birnäçe etraplara bölünipdir.

Sin imperiýasynyň döwlet gurluşynyň esasyny goşun düzüpdir. Manjurlar entäk Hytaýy basyp almankalar, entäk koreýleriň üstüne ýörüşe taýýarlyk görýärkäler sekiz bölümli-baýdakly goşun döredipdirler. Ilkibaşda goşun arassa manjurlaryň özlerinden düzülipdir. Täze basylyp alnan ýerleriň halklarynuň manjurlara garşy göreşi paýawlandan soňra olardan hem goşunçylyga adam alyp başlapdyrlar.

Manjurlaryň girizen ýene bir täzeligi ol hem ilaty gatlaklara bölüpdirler. Iň ýokary gatlagy manjurlaruň özleri düzüpdirler. Abraýly gatlaklaryň biri şenşi (alymlar) gatlagy bolupdyr. Şenşi bolmak welin ýeňil bolmandyr.Diňe alymlyga ýetmegiň güzaply gynçylyklaryndan gaçmadyk, basgançakly synaglardan üstünlikli geçen adamlar şenşi bolup bilipdirler. Şenşilerden ýerli hökümdarlar,şäherlerlň häkimleri, kazylar bellenipdir. Elbetde, ähli şenşä döwlet gullugy ýetdirip durmandyr. Olaryň wezipesizleri hem gepi diňlenýän adamlar bolupdyrlar.

Ilatyň gatlaklaýyn düzüminiň indiki basgançaklaryna ekerançylar(nun),hünärmenler(gun),söwdagärler(şan) degişli bolupdyr. Täsin ýeri iri ýer eýeleri hem ekerançylara, iri manifaktura eýeleri hem hünärmenlere degişli bolupdyr. Jemgyýetiň gatlaklarynyň arasynda artistler,ýarag ussalary,gullar iň pesleri hasaplanyp, olap bilen ýokary çatlagyň ýekilleri gyz alyş- beriş edip, guda bolmandyrlar.

Manjurlar Hytaýy basyp alýan wagty bir wagtyň özünde diýen ýaly Koreýany, Gündogar Mongoliýany öz täsir zolagyna öwürmegi başarypdylar.

Taýwany birleşdirenden soňra Sin hökümeti Günbatarda ýaşaýan goňşylaryny basyp almaga girişdi.

1691-nji ýylda Demirgazyk Mongoliýa (Halha) Hytaýa birleşdirildi. Hytaýyň demirgazygynda Jungariýa atly mongollara aňyrsy garyndaş bolan oýratlaryň güýçli döwleti bardy. Bu döwleti ilki gepleşikler ýoly bilen soňra güýç bilen eýelemäge eden synanşyklary Hytaýa uzak wagtlap üstünlik getirmedi. Jungariýadaky häkimiýet ugrundaky göreşleri ýerlikli ulanyp, Hytaý ony 1755-nji ýylda eýelemegi başardy. 1757-nji ýylda Kaşgariýany (Gündogar Türkestan) eýelemege girişdi. Bu ýeriniň ilatynyň esasy bölegi uýgurlardy. 1759-njy ýylda Kaşgariýa hem Hytaýa birleşdirildi. Jungariýa we Kaşgariýa Sinszýan (täze serhet) welaýaty ady bilen Sin imperiýasyna goşuldy.

1720-nji ýyldan Hytaý Günorta- Günbatar goňşylaryny basyp almaga başlady. Şol ýyl Gündogar Tibeti basyp aldy. Tibeti doly eýelemek oňa baryp XVIII-nji asyryň ahyrynda başartdy.

Hindihytaý ýyrtlaryna garşy alyp baran uruşlary Hytaýa uly bir üstünlik getirmedi. 1768-njy ýylda Birma garşy 40 müň adamly goşun bilen geçiren ýörüşinde Asman oglunyň goşuny çym-pytrak edildi. Masgaraçylyga çydaman Hytaýyň goşunlarynyň namysjaň baş serkerdebaşysy öz-özüni öldürdi.

Hytaýy manjurlaryň basyp almagy, Ssin imperiýasynyň döremegi

düzet

Täze döwrüň başynda Hytaý Günbatar ýurtlarynyň aglabasyndan entek yza galmandy. Gündogar ýurtlarynyň arasynda ol öňdebaryjylarynyň biridi. Yöne, ýüpek ýolunyň öňki ähmiýetini ýitirmegi, Hytaýyň üstüne çarwalaryň çozuşlary, ýurduň öz içindäki oňşuksyžlyklar, halk gozgalaňlary Hytaýy gowşadypdy. Hytaýy 1468-1644-nji ýyllarda Min şanesli dolandyrypdy.

XVII asyryň 20-nji we 30-njy ýyllary Hytaýyň taryhynda iň bir kynçylykly döwürleriň biri bolupdy. Bu döwürde bir tarapdan daşary ýurt basybalyjylary-manjurlar Hytaýy basyp almak niýeti bilen çozuşlara başlan bolsa, ikinji tarapdan ýurdyň öz içinde daýhanlar gozgalaňy başlandy. Min döwleti öz goşunlaryny iki bölüp, birini manjur basybalyjylaryna garşy, beýleki bir bölegini bolsa (1628-1644-nji ýylarda bolup geçen) daýhanlar gozgalaňyna garşy gönükdirmeli bolupdy.

Manjurlar öň Hytaya garaşly, oňa salgyt töläp ýören, az sanly, çarwaçylyk bilen meşgullanýan taýpalardy. XVII asyryň başlarynda Nurhassi hanyň baştutanlygynda manjur taýpalaryny bir bütewi döwlete birleşdirmek başlandy. Nurhassi taryhda ilkinji gezek manjurlaryň döwletini döretmegi başardy.Nurhassi ýogalandan soňra ogly Abahaý tagta geçipdi. Abahaý döwründe Ssin (arassa) döwletiniň döredilýänligi jar edilipdi. Abahaý Hytaýy basyp almak işini tamamlapdy. Hytaýyň hökümeti Manjurlaryň çozuşlaryny uzak wagtlap yzyna serpikdirmegi başarypdy. XVII asyryň 40-njy ýyllaryndan başlap daýhanlar gozgalaňy täzeden, has giň gerim bilen başlandy. Gozgalaň Hytaýyň birnäce welaýatlaryny gurşap aldy. Gozgalaňyň ýolbaşçylarynyň biri Li Sszyçen (1606-1645) özüni imperator diýip yglan etdi we Pekine garşy ýörüşe başlady. 1644-nji ýylyň gurbansoltan aýynda gozgalaňçylar Pekini kynçylyksyz basyp aldylar. Çünki daşky çozuşlar we içki agzalalyklar Min döwletini gowşadypdy. Iň soňky Min imperatory özüni özi asyp öldürdi.

Gozgalaňçylar häkimiýete gelenlerinden soňra ähli salgytlary ýatyrýandyklaryny jar etdiler. Emma döwleti dolandyrmak üçin pul tapmak kynçylygy döredi. Salgytlaryň hemmesini ýatyryp boljak däldigine göz ýetirip, ýene-de salgytlary täzeden dikeltdiler. Halk täze hökümetiň sözünde durup bilmezliginden närazy boldy.

Li Ssyçeniň Pekini eýelemegi manjurlara garşy urşup ýören öňki Min hökümetiniň goşunlaryna ýolbaşçylyk edýän U Sanguýy biynjalyk edýärdi. Çünki onuň özi imperator bolmagy arzuw edip ýördi. U Sangyý manjurlar bilen birleşip, gozgalaňçylary Pekinden çykaryp kowmak isledi. Ol eger-de manjurlar gozgalaňçylara garşy göreşde kömek berseler onda olary Beýik Hytaý diwaryndan garşylyksyz geçirjekdigi we olar bilen birleşip, Pekine ýöriş etjekdigi barada manjurlaryň baştutany Abahaý bilen gepleşikler geçirdi. Manjurlar Abahaý bilen birleşip, Pekine garşy ýörişe başladylar. Abahaý özüniň manjurlara wepalylygyny sybut etmek üçin öz esgerlerine saçlaryny manjurlaryňky ýaly maňlaý tarapyny syryp, arkasyny örüp göýbermegi buýurýar. Soňra şu ýagdaý manjurlara tabynlygyň alamaty hökmünde düşünilip, hytaý halkynyň ählisinden manjur saça geçmek talap edildi.

Li Sszyçen manjurlar bilen öňki hökümet goşunlarynyň birleşmesine garşy durup bolmajagyna gowy düşünýardi.Şonuň ücin hem ol U Sanguýy oz tarapyna çekjek bolup, oňa manjurlara garşy bileleşip göreşmegi teklip edip, onuň bilen gepleşik geçirdi. Emma ol gozgalaňçylar bilen bile bolandan manjurlara dönenini gowy görüpdi. Ol häkimiýet diýip Watanyny satypdy.Halk onuň adyny dönük sözüniň ornuna ulanyp başlady. Häli-häzirlere çenli hem U Sanguý diýmeklik hytaý dilinde dönük sözi bilen manydaş-sinonimdir.

Li Sszyçen 1644-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 27-sine manjurlara garşy söweşe çykdy, emma ýeňildi. Manjurlaryň atly goşuny öz artykmaçlygyny subut etdi. U Sanguýyň dönükligi hem öz täsirini ýetiripdi. Li Sszyçen Pekini gorap bilmejegini bilip, şäheri söweşsiz manjurlara tabşyrdy we gozgalaňyň başlanan ýeri bolan Günbatara tarap gaçdy. Manjurlar Abahaýyň ýolbaşçylygynda Ssin şanesliniň döredilýändigini jar etdiler. Bu imperiýa 267 ýyl ýagny 1644-1812-nji ýyllarda Hytaýy dolandyrdy.

Hytaýy doly basyp almak manjurlara tä 1683-nji ýyla çenli başartmady. Manjurlaryň basyp alan ýerlerinde alyp baran rehimsizlikleri, birnäçe şäherleriň ilatynyň köpçülikleýin gyrylmagy manjurlara garşy göreşi güýçlendirdi. Hat-da U Sanguý hem öz dönükligine giç hem bolsa düşünip, Hytaýyň günortasyna baryp, şol ýerde halky manjurlara garşy göreşe çagyrdy. Emma U Sanguýy halk köpçüligi goldamady. Dönügiň diýenine olar ynanmady. Dönük hakda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynda “Türkmen dönügi ähli zatdan nejis görýär, iň soňky peslik hasaplaýar.Dönüge lagnat daşyny atýar” diýip belleýär. Hytaý üçin hem, ýokardakylardan mälim bolşy ýaly, hytaý halkynyň ykbalyna, ýurduň keseýerlileriň gol astyna düşmegine, ýurduň garaşsyzlygyny ýitirmegine bir dönügiň - U Sanguýyň dönükliginiň nähili agyr netijelere getirendigini gördük. 150 million ilatly beýik Hytaý az sanly, 700 müň ilatly, 200 muň esgerli manjur taýpalarynyň gol astyna düşdiler. Elbetde hytaýlylaryň ýeňilmegine getiren başga bir sebäp hem bardy, ol hem manjurlaryň Ýewropalylardan ok atýan ýaraglary satyn almagydy.

Sözümizi jemläp aýtsak Hytaý şu aşakdaky sebäplere görä manjurlardan ýeňildi:

-ýurdy daýhanlar gozgalaňy gowşatdy;

-Min hökümetiniň goşunlary dönüklik etdi;

-ýaraglanyşyk babatda manjurlar rüstemdi;

-Hytaýda manjurlaryňky ýaly atly goşun ýokdy.

Hytaýyň syýsy gurluşy, ýer eýeçiligi

düzet

Manjurlaryň Hytaýy basyp almagy bilen ýurduň syýasy gurluşunda düýpli özgerişlik bolmady.Çünki manjurlar döwlet gurmagy hytaýlylardan öwrenipdi. Şol sebäpli olar Hytaýda dowam edýän gurluşy kem-käs üýtgetdiler.

Ýurduň baştutany imperatordy, ol bogdyhan (asman ogly) diýlip atlandyrylýardy. Onuň ýanynda maslahat beriji harby çeňeş we bogdyhanyň diwanhanasy (sekretariýat) bolupdyr. Göz üçin diwanhana manjyrlardan we hytaýlylardan deň möçberde adam alnypdyr. Imperiýanyň ilaty birnäçe gatlaklara bölünipdir. Iň ýokary gatlak sary guşaklylaryň gatlagy bolup, olar bogdyhanyň ýakyn adamlary, garyndaşlary hasaplanypdyr. Olar imperatoryňky yaly sary guşak daňynmaga hukukly bolupdurlar. Gyzyl daňylylar gatlagy atly aýratyn bir gatlak bolup, olar manjurlardan düzulipdi. Biziň häzirki sananlarymyz manjurlaryň öz arasyndaky bölünişiklerdir. Ýerli, hytaý halkynyň arasyndan şeýle aýratyn hukukly gatlaklaryň biri bardy. Ol hem şenşilerdi. Şenşi (alym) gatlagyna goşulmaga Hytaýyň ähli ilatynyň haky bardy, ýöne, onuň üçin birnäçe basgançakly ekzamenlerden geçmelidi. Hacanda ähli synaglardan geçip, şenşi derejesini alandan soňra, olaryň köpüsi ýerli dolandyryjylar bellenilipdir.

Imperatoryň ýanynda 6 sany häzirki bizdäki ministrlere çalymdaş wezipeli adamlar bolupdyr. Olaryň biri ýerli dolandyryjylaryň işine seretse, beýlekileriniň hersi bir wezipä ýagny sud, harby, salgyt, jemgyýetçilik işllerine, dürli dabaralara gözegçilik edipdirler.

Ýurt 18 welaýata bölünip,olary häkimler dolandyrypdyrlar. Her welaýat 10 etraba, her etrap hem obalara bölünipdir.

Ýurduň ilatynyň her 10 maşgalasy bir umumy aýlawa birlşdirilip, eger-de onuň biri betlik etse ýa-da salgydy wagtynda töläp bilmese beýlekileri hem deň derejede jogap bermeli bolupdyr.

XVIII asyryň ahyryna çenli Hytaýyň ilaty soňky maglumatlarda 300 mln diýlip görkezilýän bolsa şolaryň 27müňüsi dolandyryjylar bolupdyr. Dogry, şenşileriň sany 1 mln. adama ýetipdir, ýöne olaryň ählisini ýerli hökümdar bellemändirler ahyryn.

Hytaýyň Syýasy durmuşy barada gürrüň edenimizde ene-de bir zady ýatdan çykarmaly däldiris.Ol hem kanunçylyk meselesi. Ssin dolandyryjylary Min döwleti döwründen galan kanunlary timarlap, şolaryň käbir maddalaryny üýtgedip, kanunlar ýygyndysyny döredipdirler. Onuň müňden gowrak maddasy bolupdyr. Resmi kanunlaryň gadagan etmegine garamazdan dolandyryjylaryň arasynda parahorçylyk giňden ýaýrapdyr.

Ýurduň şyýasy durmuşynda goşuna aýratyn orun degişlidir. Goşun 8 bölümden ybarat bolanlygy üçin we her bölümiň öz baýdagy bolanlygy sebäpli Hytaý goşuny sekiz baýdakly goşun adyny alypdyr. Ilkibaşda manjurlar goşuny diňe özlerinden, wagtyň geçmegi bilen bolsa mangollardan, koreýlerden,soňrak hytaýlardan hem düzüpdirler, ýöne olaryň hersiniň 8 bölümi bolupdyr. Hytaýyň 72 şäheri serhetýaka, goranyş ähmiýetli hasaplanyp, olary goramagy esasan manjurlara ynanypdyrlar.

Ýere eýeçilik etmegiň görnüşleri hem Ssin imperiýasy döwründe öňkiden düýpli özgermändir. Ýerler öňküsi ýaly iki bölege: guan (emeldarlar) we min (halk) eýeçiliklerine bölünipdir. Min ýer eýeçiligine ähli ekilýän ýerleriň 75 goterimi degişli bolupdyr. Hytaýda asly gelip çykyşy garyndaşlardan ybarat bolan obalar agdyklyk edipdir. Olar oba bolup min ýer eýeçiliginiň düzgünlerine görä, köplenç, ähli ekilýän ýerleri umumylaşdyrylan görnüşde ulanupdyrlar. Emeldarlar ýer eýeçiligi hem öz gezeginde birnäçe görnüşlere bölünipdir: buthananyň , harby bölümleriň öz ýerleri bolupdyr. Hytaý obalarynda ilatyň gatlaklara bölünmesi, baý-garybyň döremegi haýal geçipdir.

Hytaýyň daşary syýasaty

düzet

Manjurlar Hytaýy 1683-nji ýylda Taýwany basyp alansoň doly tabyn edipdiler. Indi olar Hytaýa goňşy oturan halklary basyp almaga girişdiler. Olar Hytaýy basyp alýan pursatlary Koreýa, Gündogar Mongoliýa ýaly ýerleri tabyn etmegi başarypdylar. Olar indi Günbatardaky goňşylaryna göz dikip başladylar. Bu ýerde türki dilli taýpalaryň – oýratlaryň, uýgurlaryň döwletleri bardy. Olar Demirgazyk Mongoliýada (Halha) we Gündogar Türkistanda (Kaşgariýa we Jungariýa) ýerleşýärdi.

1691-nji ýylda Halha Ssin imperiýasynyň düzümine zor bilen girizildi. 1757-1759-njy ýyllarda alnyp barlan uruşlar netijesinde Kaşgar we Jungar hanlyklary basylyp alyndy. Bu ikisi Hytaýyň düzümine “Täze serhet” – Sinsszýan welaýaty ady bilen girizildi.

Ssin imperiýasy Günorta-Günbatar goňşylaryny ýagny Tibeti basyp almaga 1720-nji ýylda başlady. Tibeti doly eýelemek Hytaýa XVIII asyryň ahyrlarynda başartdy.

XVIII asyryň ahyrlarynda Birmany eýelemek üçin iki gezek (1768-nji ýylda) goşun ugratdy. Ýöne ikisi-de şowsuz tamamlandy. Hat-da ikinji gezekde 60 müňli goşun bilen Birmadan ýeňilenine namys edip, Hytaýyň baş serkerdebaşysy özüni özi öldürdi. Birma her näme-de bolsa Hytaý bilen däp bolan goňşyçylyk gatnaşyklary bozmazlyk üçin Hytaýyň agalygyny resmi ykrar etmegä söz berdi, ýöne, Hytaýdan ýurtdan ähli goşunlaryny çykarmagy, hatda çykmanka goşunuň ähli toplaryny eredip ýok etmegini, Birmada ýekeje-de esger galdyrmazlygyny, salgyt soramazlygyny talap etdi. Şeýlelikde Birmada Hytaýyň goşunu-da, dikmeleri-de ýokdy.

XVIII asyryň 80-nji ýyllarynda Hytaý Wýetnamy basyp almaga synandy. Bu ýerde gozgalaň bolup Wýetnamyň hökümdary tagtdan agdarylypdy. Hökümdar kömek bermegini sorap Hytaýa ýüz tutupdy. Hytaý dörän amatly pursady ulanmak üçin 1788-nji Wýetnama uly goşun iberdi. Hökümdary tagta gaýtaryp getirmek, gozgalaňy wagtlaýynça basyp ýatyrmak Hytaýa başartsa-da bir ýyldan soň gozgalaňçylar täzeden herekete geçip, hökümdary ýene-de agdaryp, Hytaý goşunlaryny ýurtdan kowdular. Hýtaý gozgalaňçylar bilen gepleşiklere başlady. Ahyr-soňunda iki tarap hem ylalaşyk etmeli boldy. Wýetnam hem edil Birmanyňky ýaly kagyz ýüzünde Hytaýyň agalygyny ykrar etdi.

Hytaýyň daşary syýasatynda 1757-nji ýylda uly özgerişlik boldy. Şol ýyl bogdyhan daşary ýurtlylaryň köpçülikleýin ýurda aralaşmagynyň öňüni almak maksady bilen daşary ýurtlylar üçin Hytaýyň ýapykdygyny jar etdi. Daşary syýasatdaky “Ýapyk gapylar” syýasaty bir tarapdan Hytaýa daşary ýurt baknadarlarynyň tiz aralaşmagyna böwet bolup,ýurt üçin bähbitli bolan bolsa, ikinji tarapdan Hytaýy dünýäden üzňeleşdirip,dünýä wakalaryndan, täzeliklerinden çetde galmagyna getirdi.

Umuman, Hytaý täze döwrüň başlarynda içki oňşuksyzlyklar, milletiniň,Watanynyň, milli döwletiň bähbidini öz şahsy bähbidinden ýokarda goýup bilmedik milli dönükleriň dönükligi sebäpli daşky duşmana garşy berk göreşip bilmän milli garaşsyzlygyny ýitirdi. Hytaý-han halky 267 ýyllap basybalyjylaryň däpleri, düzgünleri boýunça ýaşamaly boldy.

Çeşme

düzet