Birinji tirýek urşy

(Hytaýda birinji “tirýek urşy" sahypasyndan gönükdirildi)

Birinji tirýek urşy — Hytaýy 1644-nji yyldan baslap manjurlar dolandyrýardy. Olar Hytaýy daşary ýurtlylar üçin ýapypdylar. Emma Hytaý ýaly uly ýurdy “açyp”, onuň bilen söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin dýnýäniň birnäçe döwletleri synanyşdylar. Aýratyn-da Beýik Britaniýa bu beýik ýurda öz täsirini ornaşdyrmak üçin erjel göreşýärdi. Ol 1793-nji ýylda Makartneý diýen adamyň baştutanlygynda ilkinji harby wekilçiligi Hytaýa ugratdy. Makrtneý Hytaýa baryp, iňlis söwdasy üçin Hytaýy açmagy, iňlis-hytaý diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýmagy, iňlis söwdagärleri üçin Hytaýda erkin hereket etmek hukugyny girizmegi talap etdi. Emma, Bogdyhan onuň islegini kanagatlandyrmaga-ha beýlede dursun, onuň döwletini äsgermeýändigini açyk bildirdi. Keseki harytlara, keseki adamlara mätäçlik çekmeýändiklerini duýdurdy.

1816-njy ýylda iňlis hökümeti Amherstiň ýolbaşçylygynda täze wekilçiligi ýollady.Bu gezek imperator olary kabul hem etmedi. 1834-nji ýylda Angliýa iňlis-hytaý söwdasyna gözegçilik bahanasy bilen Nepiriň ýolbaşçylygynda harbylaryň ýene bir tapgyryny ýollady. Özü-de Nepiriň geljegi Hutaý ýolbaşçylaryna öňünden duýdurylmandy. Nepir özüni gaty gödek alyp barýardy, ol bahana agtarýana meňzeýärdi. Hytaý hökümetiniň ýurtdan çykmak baradaky oňa duýduryşyny ýerine ýetirmän, Hytaýyň içki suwlaryna iki sany harby gämini girizipdi. Hytaý-iňlis gapma-garşylyklary ýitileşýärdi.

Hytaý-iňlis garşylyklaryny has-da tirýek sowdasynyň üstünde döreýän dawalar ýitileşdirýärdi. Iňlisler Hytaýa Hindistanda (Bengaliýada) ösdürülip ýetişdirilen tirýegi getirip, ornuna çaý, ýüpek, mata alyp gidýärdiler. Ýöne, getirilýän tirýegiň mukdarynyň barha artmagy bilen baglanyşykly Hytaý harytlary ýetmänden soňra, köplenç tirýegiň bahasyny kümüş pul bilen hasaplaşmak başlanypdy. Hytaý halkynyň barha we barha köp bölegi tirýegiň aldawuna düşýärdi.

XIX asyryň 20-nji ýyllaryndan başlap Hytaýa getirilýän tirýegiň mukdary has-da artdy. 1815-1819-njy ýyllarda her ýylda getirilýän tirýegiň mukdary 4420 ýaşşik bolsa, 1835-1838-nji ýyllarda bolsa onuň möçberi 35445-e ýetdi. Iňlis hökümetiniň tirýek satmakdan alýan girdejisi 1773-1839-njy ýyllar aralygynda, ýagny 66 ýylda 70 esse artdy. 1775-1838-nji ýyllarda Hytaýa jemi 450 müň ýaşşik tirýek getirilipdi ýa-da 27 mln. kg. tirýek Hytaýa getirilipdi.

Kanun ýüzünde 1800-nji ýyldan başlap Hytaýda tirýek söwdasy gadagandy, ýöne ony yzarlap, tirýegiň garşysyna göreşip, onuň söwdasynyň gadaganlygyny ýatladyp ýören hem ýokdy. Tirýegiň gadaganlygy arassa kagyz ýüzündedi. Hytaýda çagalardan başlap aýallara çenli, dükanyň eýelerinden başlap dowlet emeldarlaryna çenli ähli adamlar ir ertirden giç agşama çenli Bu ýigrenji pişe bilen meşgullanýardylar. Dowlet ýolbaşçylarynyň arasyndan hem käbir adamlar bu haram söwdadan baýap, girdejisiniň çeşmesinden dynmazlyk üçin “tirýegi halk öwrendi, indi ony birden ýatyryp bolmaz” diýip imperatory ynandyrmaga synanyşýardylar. Olar tirýek söwdasynyň tarapdarlarydy. Bu toparyň görnükli ýolbaşçysy Çžili welaýatynyň häkimi SI Şan diýen adamdy.

XIX asyryň 30-njy ýyllarynda tirýek söwdasyna garşy topar döredi. Bu toparyň iň görnükli ýolbaşçysy Lin Szesýuý boldy. Ol imperatora “ähli belanyň körügini ýok etmek üçin tirýegi kanun arkaly gadagan etmek gerek” atly hat ýazyp, onda “tirýegi gadagan etmesek onda ýene birnäçe ýyldan ýurdy gorar ýaly sagdyn adam hem galmaz, hak tölär ýaly kümüş pul hem galmaz” diýilýärdi.

1838-nji ýylyň itaraplyk aýynyň ahyrlarynda Lin Szesýuý tirýek söwdasynyň Hytaýdaky merkezi bolan Guançžou şäherine imperatoryň ýörüte ýgtyýarly wekili wezipesine bellendi. Lin Szesýuý Guançžou şäherine gelip, ähli söwdagärleriň dükanlaryny barlap, iňlis, fransuz we amerikan söwdagärlerinden jemi 20 müň ýaşşik tirýegi zor bilen alyp,ony ýok etdi.

Urşuň başlanmagy, gidişi. düzet

 
Uruş

Iňlis hökümeti dörän dawany Hytaýa garşy uruş etmäge bahana hökmünde ulandy. 1840-nji ýylda hiç-hili uruş yglan etmezden , duýdurmazdan Angliýa Hytaýa garşy urşa başlady. Bahanasy tirýek bolanlygy sebäpli birinji iňlis- hytaý urşy taryha “tirýek” urşy ady bilen.[1]

girdi. Iňlisler ilki Guançžou, soňra Sýamen şäherleriniň daşyny gabap oka tutdylar. Harby gämileriň bir bölegi Hytaýyň Günorta-Gündogar kenarlary boýunça harby hereketleri dowam etdirdi. Dinhaý şäherine goşun düşurip, wagşylyk bilen ol şäher basylyp alyndy. Dinhaý eýelenenden soňra Lin Szesýuý eýeleýän wezipesinden çetleşdirilip, oňuň ornuna tirýek söwdasynyň tarapdary Si Şan bellendi.

Si Şan iňlisler bilen gepleşikler geçirip, olaryň talaplarynyň baryny kabul edip ylalaşyk baglaşýar. Emma onuň baglaşan şertnamasyny imperator tassyk etmedi. Çünki baglaşylan ylalaşyk boýunça Hytaý 20 müň ýaşşik tirýegiň bahasyny bermelidi.Emma onça pul tölemäge Hytaýyň hazynasynda pul ýokdy. Ikinji tarapdan “imperator öň Hytaý dünýäniň ortarasynda ýerleşýär” diýip halkyny ynandyryp ýördi ahyryn. Şonuň üçin imperator döwletiň abraýyny gaçyrmakdan gorkup, Si Şany dönük diýip jar etdi, onuň baglaşan ylalaşygyny ýatyrdy we Angilýa garşy resmi uruş yglan etdi. Ýene-de Lin Szesýuýy goldap başlady. Hytaýda pinintuanlar (partizanlar) atly halkyň içinden ýurdy goramak üçin aýaga galan göreşijiler toparlary döredi. Olar iňlis goşunlarynyň bir böleginiň daşyny gabap, 800 adamly bölümçesini tas ýesir alypdylar, ýöne uzaga çeken gepleşiklerden soňra olary boşatdylar. Şu söweşden soňra iňlisler hiç wagt gury ýerde uruş hereketlerini alyp barmadylar. Urşuň indiki ykbaly diňe suwda, deňizde alnyp baryldy. Iňlisler gury ýere goşun düşürmäge het edip bilmediler.

Hytaýýň Günorta-Gündogar kenarýaka sebitleri iňlis harby gämileri tarapyndan oka tutuldy. Tä Şanhaý şäherine çenli kenarlary oka tutup baryp, iňlisler soňra, Ýanszy derýasy boýunça Hytaýyň jümmüşine aralaşyp başladylar. Çženszýan şäherini goraýjylar tä iň soňky damja ganlaryna çenli, iň soňky mümkinçilige çenli uruşmagy karar etdiler. Ölar şeýle hem etdiler. Eger-de Hytaýyň ähli ýerinde şeýle garşylyk görkezilende iňlisler hiç wagt hem ňankine ýetip bilmezdiler. Emma beýle garşylyk ähli ýerde bolmady. Hytaý uruşda ýeňildi.

Urşuň netijeleri düzet

Hytaýyň uruşda ýeňilmeginiň aşakdaky ýaly sebäpleri bardyr:

  1. XIX asyryň ortalarynda beýik britaniýa dünýäde iň güýçli döwlet bolup, Hytaý oňa garşy durardan ejizdi;
  2. Ýaraglanyşyk babatda hem Hytaý pesdi;
  3. Urus esasan suwda alnyp baryldy, urşuň ykbalyny suwdaky söweşler çözdi. Emma Hytaýda harby flot ýokdy. Hytaýyň kiçijik gämijikleri gowy ýaraglanan iňlis harby deňiz güýçlerine garşy durup bilerden ejizdi;
  4. Uruş döwründe Hytaýyň imperatory ikirjeňlenip, bir tirýek söwdasynyň tarapdarlaryny goldady, bir-de garşydaşlaryny. Iň erbet ýeri-de uruş döwri ýurda baştutanlyk edip bilmedi.Her gala, her şäher, her oba öz-özüni goramaly diýip buýurdy. Beterinden-beteri eger komandir ölüp, göşuny ýeňilen bolsa olaryň maşgalasyna dessine sylag berilmegi birnäçe komandirleriň söweşiň başynda özlerini öldürmegine getirdi;
  5. Bu uruşda Angliýany ABS we Fransiýa goldady.

1842-nji ýylyň Alp-Arslan aýynyň 29-ynda Nankiniň golaýynda Kornwallis atly iňlis harby gämisinde iňlis-hytaý şertnamasyna gol çekildi.

  • Nankin şertnamasynda şu aşakdaky şertler Hytaýy aýratyn kemsidijidi:
  • Hytaý köp möçberde (21mln.amer.dollar) jerime tölegini tölemeli;
  • Hytaýda iňlis söwdagärleri erkin hereket etmeli;
  • Gonkong adasyny Hytaý Beýik Britaniýanyň korolyna “sowgat” bermeli;

Guançžou bilen Şanhaýyň arasyndaky 5 sany porty iňlisler üçin açmaly we şuňa meňzeşler.

Birinji iňlis-hytaý urşy Hytaýyň taryhynda öwrülşükli pursat boldy. Hytaý şu döwürden başlap Günbataryň ýarym baknasyna öwrülip başlady. Angliýanyň yzysüre ABŞ, Fransiýa we beýlekiler Hytaý bilen iňlisleriňki ýaly şertnamalar baglaşdylar. Ýurtda daşary ýurtlylaryň sütemlerine garşy watançylyk hereketi başlandy. Ýöne şu ýerde bir zada ünsünizi çekesim gelýar, ol hem Ssin imperiýasynyň dolandyryjylary hem Hytay basyp alan kesekiler bolandygy üçin hytaýlylaryň milli, watançylyk duýgylarynyň ösmeginiň, kesekiler meselesiniň çuňlaşmagynyň tarapdary däldiler. Olar milli azat edijilik hereketini şol sebäpli rehimsizlik bilen basyp ýatyrmakda Günbatarly gelmişeklere ýapja syýasat ýöredipdiler. Emma Hytaý bogdyhanlarynyň azatlyk hereketine garşy göreşýändiklerine seretmezden özakymlaýyn, kähalatlarda guramaçylykly halk çykyşlary, gozgalaňlary bolup durýardy.

Şolaryň içinde iň irileriniň biri-de Taýpinleriň gozgalaňydyr.

Taýpinleriň gozgalaňy düzet

Daşary ýurt sütemine garşy Hytaýda 1841-1849-njy ýyllarda 110 çemesi gozgalaň bolup geçipdir.Emma 1850-nji ýylda 14 ýyl cemesi dowam eden iň iri gozgalaň başlandy. Bu gozgalaňa oba mugallymy Hun Sýusiýan ýolbaşçylyk etdi. Täypinleriň gozgalaňyny 4 döwre bölüp öwrenmek maksada laýykdyr.

  1. Başlangyç döwri: 1850-1853-nji ýyllar, Nankinşäheri eýelenýänçä;
  2. Taýpin döwletiniň giňän, berkleşen döwri: 1853-1856 njy ýyllar;
  3. Taýpin döwletiniň gowşan döwri: 1856-1860-njy ýyllar;
  4. Taýpinleriň daşary ýurt basybalyjylary bilen manjurlaryň birleşmesine garşy göreşen döwri:1860-1864-nji ýyllar.

1851-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynda taypinler Taýpin týango( “Beýik asudalygyň asman döwleti”) atly döwleti döredýändigini jar etdiler. Olara taýpinler diýen taryhy at hem şol ýerden galypdy. Gozgalaňyň birinji döwründe taýpinler hökümet goşunlaryny birnäсe gezek ýeňlişe sezewar etdiler.1853-nji ýylda Nankini eýelediler, ony täze döwletiň paýtagty diýip jar etdiler. 1850-1853-nji ýyllarda Demirgazyk ýörüşi döwründe Merkezi Hytaý olaryň eline geçdi. Ssin hökümeti 1854-nji ýylda taýpinleriň Pekine çozuşyny yza serpikdirmegi başardy. 1856-njy ýyla çenli taýpinler gorandylar.

Taýpinleriň gozgalaňy gidip duran wagty Angliýa, Fransiýa, ABŞ ytaýa garşy “ikinji tirýek” urşuny alyp bardylar. Bu uruş arakesme bilen 1856-1860-njy ýyllarda bolup geçdi. Uruşda Hytaý ýeňildi. Baglaşylan şertnamalar boýunça Hytaý öňküsinden-de garaşly ýagdaýa düşdi.

Daýhanlar gozgalaňy ýolbaşçylarynyň arasyndaky oňşuksyzlyklar, nädogry ýolbaşçylygyň, şygarlarynyň ýerliksizleriň köp bolmagynyň we ş. m. ýalňyşlyklaryň köp göýberilmegi netijesinde 1864-nji ýylda basylyp ýatyryldy. 14 ýyla çeken daýhanlar gozgalaňy Hytaý halkynyň manjur basybalyjylaryna garşy iň iri gozgalaňlarynyň biridir. Bu gozgalaň halk agzyny birikdirse keseýerli, manjur agalygyny ýok etmegiň mümkindiginisubut etdi

Çeşme düzet

  1. Tsang, Steve (2007). A Modern History of Hong Kong. I.B.Tauris. pp. 3–13, 29.