Hywadaky, Buharadaky we Mongoliýadaky ynkylaplar
Hywadaky, Buharadaky we Mongoliýadaky ynkylaplar.
Bu ýurtlaryň üçüsi-de Russiýanyň täsirindedi. Russiýa olary elden gidermek islemeýärdi. Rus patyşalarynyň şeýle syýasatyny, başgaçarak äheňde bolşewikler hem dowam etdirdi.
1920-nji ýylda Hywada we Buharada dowam edýän hanlyk düzgünlerini ýok etmäge amatly ýagdaý döredi. Çünki Russiýadaky ynkylap ugrundaky wakalaryň täsiri bilen ýerli halklaryň dolandyryjylara garşy ululy-kiçili çykyşlary köpeldi. Merkezi Aziýadaky bu hanlyklaryň halklary bolşewikleriň wagyzçylary tarapyndan göreşe galkyndyryldy. Russiýanyň bolşewikleriniň we Gyzyl Goşunynyň gatnaşmagynda 1920-nji ýylyň 2-nji fewralynda Hywa hany, 2-nji sentýabrynda Buhara emiri tagtyndan agdarylyp, Sowet respublikalarynyň döredilýändigi jar edildi.
Mongoliýadaky ynkylap özboluşly boldy. Bu ýurduň halky uzak wagtlyk göreşden soň, 1911-nji ýylda Hytaýdan özbaşdaklyk gazanypdy. Emma Russiýa bilen ylalaşan Hytaý, 1915-nji ýylda onuň özbaşdaklygyny ýok edip, ýene-de Hytaýyň düzümindäki aýratyn hukukly awtonom döwlete öwürdi. 1919-njy ýylda Hytaý Mongoliýanyň ol hukugyny-da köp görüp, ýurda goşun girizdi. Mongol halky Suhe-Batoryň ýolbaşçylygynda milli-azat edijilik herekete baş göterdiler.
Russiýa mongol watançylaryny goldady. Olaryň haýyşy boýunça Russiýanyň Gyzyl Goşuny Mongoliýa girizildi. Gyzyl Goşunyň kömegi bilen basybalyjylar ýurtdan kowuldy. 1921-nji ýylyň 11-nji iýuly ynkylabyň ýeňen güni diýip jar edildi.
Russiýanyň Gyzyl Goşuny Hywada-da, Buharada-da, Mongoliýada-da ynkylaplaryň ýeňmeginde baş gahrymandy. Russiýadaky bolşewiklere bu ýurtlardaky ynkylaplar näme gerek bolduka?
Bolşewikler diňe bir günorta serhetlerini berkitmek üçin olary goldamandy. Bolşewikler olara dünýä ynkylabynyň bir ülüşi hökmünde seredýärdiler.