Iňlis-maýsur uruşlary.

Günorta Hindistanda iňlisleriň ätiýaç edýän bir hanlygy bardy. Ol hem Haýdar Alynyň ýolbaşçylygyndaky Maýsur hanlygydy. Haýdar Aly iňlisleriň düýp matlabyna düşünip, Günorta Hindistanyň hanlyklaryny baş duşmana – iňlislere garşy bileleşip göreşmeklige çagyrdy. Emma hindiler umumy dil tapyp, duşmana garşy göreşde bir ýumruga güýç bermegi başarmadylar. Maýsur ugrunda iňlisler 1767-1769-njy ýyllarda birinji, 1780-1784-nji ýyllarda ikinji urşy alyp bardylar.

1782-nji ýylda Maýsuryň hökümdary Haýdar Aly ýogalandan soňra onuň ogly Tipu Soltan iňlislere garşy agzybirlikli göreşi guramaga has-da erjel ýapyşdy. Ol iňlislere garşy mukaddes urşy yglan etdi. Goňşy hanlyklar bilen bileleşip göreşmek barada gepleşikler geçirdi. Hatda Delidäki Beýik Mogoly hem öz tarapyna çekmek gepleşikler geçirdi. Ýöne, Beýik Mogoldan indi haraý ýokdy. Beýik Mogolyň indi Delini goramaga-da ýagdaýy ýokdy. 1790-1792-nji ýyllarda iňlisler üçünji gezek Maýsura garşy urlşa başladylar. Maýsurlylar gahrymanlarça goransalar-da, „taýak bilen ýumruk“ deň gelmedi. Iňlisleriň ýaragy gowudy. 1792-nji ýyldaky iňlis-maýsur ylalaşygy boýunça Maýsuryň ýarpy territoriýasy iňlisleriň ygtyýaryna geçdi3. Iňlisler kanagata bereket etmediler.

1799-njy ýylda uly güýç toplap, dördünji gezek olar Maýsura garşy urşa başladylar. Maýsuryň merkezi şäheri Seringapatamy top okuna tutup, weýran etdiler. Tipu Soltan şäheri goraýjylaryň arasynda eli ýaragly göreşip, söweşde wepat boldy. Maýsuryň halky (kannaralar) emeli ýagdaýda ikä bölündi. Olaryň bir bölegi iňlislere bakna bolan Haýdarabat hanlygyna, beýleki bölegi gönüden-göni iňlis täsirine düşdi.

XVIII asyryň ikinji ýarymynda iňlislere öňde agzan üç sany güýçli hanlygymyzyň biri bolan Maýsury almak başartsa-da, Marath we Penjap hanlyklaryny eýelemek meselesi XIX asyryň gün tertibine galdyrylypdy.