III. Jahan urşy

Başlanmagy mümkin uruş

Ilki bilen 3 nji jahan urşy başlarmy diýen soragy bermeli bolýar. Elbetde 3 nji jahan urşy bolmagy gaty ahmal. Sebäbi uly taýynlyklar, biri birinin ýurtlarynda harby baza açma, men - menlikler urşyñ hökman boljagyny görkezýär. Osman Pamukogly atly ýazyjy 3 nji jahan urşy barada kitap ýazypdyr. Kitabynda 3 nji jahan urşy barada köp zatlary gürrüñ beripdir. Pamukogly 3 nji jahan urşunyñam beýleki jahan uruşlaryna meñzejegine aýdypdyr. 3 nji jahan urşam edil eýleki jahan uruşlary ýaly, oñuşmazlyk, men - menlik, ýetmezçilik, öz ýerlerini giñeltme ýada elindäkini ýitirme sebäbi bilen başlamagy ahmal. Pamukogly 3 nji jahan urşunyñ başlamagyna sebäp boljak Ýewropa, Balkanlar, Aziýa we Hindi Hytaý böleklerini görkezýär. Pamukogly 3 nji jahan urşy kimleriñ arasynda bolar soragyna ABŞ, HYTAÝ, RUSSIÝA diýip jogap beripdir.  Bulardan biri ýada ikisi beýlekisine garşy bolar. Uruş bir çasyñ ýarylmasy, bir uçaryñ düşürilmesi, bir gäminiñ batyrylmasy, bir içaly ýada akla gelmejek bir sebäplerden başlap biler. Iñ erbedi bolsa bolmadyk zada boldy diýlip uruş açylmagy ahmal. Pamukoglyna görä wagt kimiñ tarapynda esasly bolsa, soñam gaçynylmaz bir ara gelende urşy şo tarap başlatjakdyr. Bu ýurt Amerikadyr. Hytaý wagt gazanmak üçin elinden gelen syýasy we iç çozuşlary dowam etýär. Amerikada etýär ýöne wagt Amerika esasly bolup durýar. Osman Pamukogly Russiýa-Amerika, Hindistan-Hytaýa garşy boljagyny aýtýar.

Iñ uly ýadro çaknyşygy 3 nji Jahan urşy bilen baglanyşykly hasaplanýar.

3 nji Jahan urşunyñ gidişi eýleki uruşlara meñzemez diýlip pikir edilýär. Sebäbi indi uruş top tüpeñ bilen däl, tehnologiýanyñ ösüşindäki kompýuterler bilen amala aşyrylar. Has geljekde bolsa uruşa adam ogly gatnaşmaz. Belki kompýuterler bilen işlenip, uruşda harby robotlaryñ uruşmagy ahmal.

2 nji Jahan urşunda Amerika Ýaponiýanyñ üstüne 2 sany iñ gorkunç ýarag bolan Atom bombasyny taşlady. Biri Nagasaki, beýlekisi bolsa Hiroşima şäheriniñ üstüne taşlandy. Bomba doly ýere düşmän ýaryldy. Ýarylanda göni 800 müñ adam wepat boldy. Iki şäherdenem müñlerçe parahat oturan halk heläk boldy. Milýonlarça adam maýyp galdy we şuwagtam bombañ zäheri ýitenok we Nagasaki Hiroşima şäherleriniñ golaýlarynda maýyp çagalar dogulýar. Aýdylmagyna görä ýene zäheriñ doly ýitmesi we Nagasaki Hiroşimany öñki hala gelmegine takmynan ortaça ýene 50 ýyl geçmeli bolar.

Şuwagtlar bolsa Hytaý we Amerikada ýüzlerçe atom bombalary we ondanam beter güýçlileri bar we intägem ýasamany dowam etýäler. Eger 3 nji Jahan urşy başlasa Amerika ýaly ýurtlar Atom bombasyny ulanmagy gaty ahmal. Onda näme üçin garşydaşy ulanmasyn. Olam bir uly bombany Amerikanyñ üstüne taşlar, ýene birini, we ýene birini. Boldy, ýer küle döner, Ýer Şary ýaşanylmaz hala geler. Ýagny 3 nji Jahan urşy Ýeri ýaşanylmaz hala getirer Dünýä Jähenneme döner. Hemme ýerler kül bolar. Gazanan kim bolar ? Elbetde hiç kim. 3 nji Jahan urşy iñ betbagtçylykly iñ erbet uruşlaryñ biri bolar. Beýleki uruşlardan 3, 4, 5 esse zyýany köp bolar. Uruş, hemme dünýäniñ gatnaşmasynda Jahan urşy bolýar.  Iki ýurdyñ uruşmasynda däl. 1 nji Jahan urşynda 14 milýona ýakyn adam wepat boldy we 20 milýona ýakyn adam maýyp galdy. 2 nji Jahan urşunda 60 milýona ýakyn adam wepat bolup, 90 milýona ýakyn adam maýyp galdy. Intäk açlykdan ölenleriñ sany hem gaty köp bolar. Uruş başlasa şu zatlar ýüze çykar :

1) Gaty erbet köp adam öler

2) Tok köp ýurtda asla bolmaz

3) Her ýerde diñe ajy habarlar bolar

4) Her ýurt ýaranyna iñ azyndan müñläp esger haryt berer.

5) Bir ýurt uly bir ýeri basyp alsa, kiçi ýurtlaram öz gol astyna alar

6) Köp ýurtda internet asla bolmaz

7) Her ýerde ýarag, we tüpeñ sesleri bolar

8) Ýurtlarda açlyk köpeler

9) Ahy nala köp bolar

10) Şatlykly, begençli günler gaty az bolar

Diñe şujagaz zatlar hem adamy ürkütmäne ýetýär.

Indi uruş haçan başlar ? Uruşyñ başlamaýanlygynyñ iñ uly sebäbi, 2 nji Jahan urşunda bolan heläkçiligi gören ýurtlar ýene şolar ýaly bolmagyny islänok. Gaýgylanmañ 3 nji Jahan urşy intäkler başlamaz. Sebäbi şuwagt bir ýurt goh açsa garşydaşlar şony köşeşdirjek bolýar.

Söweşe köp ýurtda harby we raýat häkimiýetleri garaşýar we goranyş meýilnamalary şoňa laýyklykda düzülýär. Bu meýilnamalaryň çäginde ýadro bunkerleri guruldy. Mümkin bolan ýagdaýlar, planetanyň ýok edilmegine sebäp bolup biljek ýadro ýaragy ýa-da ýadro urşy bolmazdan söweşe görä meýilleşdirilýär.

Esasanam III. Jahan urşunyň meşhur medeniýetinde agdyklyk eden bu söweş dürli çeper filmleriň, teleseriallaryň we wideo oýunlarynyň temasy boldy.

şeýle-de seret düzet

  • Melhame-i Kübra
  • Armageddon
  • Amik düzlük
  • Dabik
  • Ertesi gün

salgylanmalar düzet