Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. Bu makalada üpjün edilen maglumatlar hakynda salgylanma görkezilmändir. Bu maglumatlaryň ygtybarlylygy belli däl. Bu mowzuga degişli ygtybarly çeşme bilýän bolsaňyz makalany üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly salgylanma üpjün etmek bilen okyjylara ýardam berip bilersiňiz. Degişli ýörgünli salgylanmalar görkezilenden soňra bu duýduryşy öçürmegi unutmaň. |
Ibn Hordadbeh ( takmynan 820- takmynan 912) - arap geografy. Gelip çykyşy boýunça eýranly. Ol Bagdatda okapdyr, halifleriň köşgi bilen aragatnaşylky bolupdyr. Awtor birnäçe eser ýazypdyr, olardan biziň döwrümize gelip ýeteni "Ýollar we döwletler kitaby" ("Kitāb al Masālik w’al Mamālik") diýen geografik ýygyndydyr. Awtor ol işi 846/847 ýyllarda gaýtadan işläpdir. Ýygyndyda halifatyň welaýatlarynyň, şäherleriniň atlary, ýol marşrutlary, her bir welaýatdan we ülkeden ýygnalýan salgydyň mukdary, şeýle-de halifatyň käbir goňşy ýurtlary, olaryň patyşalaryny´ň we hökümdarlarynyň atlary, titullary barada maglumat berilýär. Ýygyndyda Horasana we Orta Aziýa uly orun berilýär, sebäbi şol döwürde Horasan we Orta Aziýa halifatyň iň möhüm welaýaty bolupdyr.