Igdir
Umumy maglumat
düzetIgdir taýpasy - hemmämiziň bilşimiz ýaly Türkmenleriň iň meşhur taýpalarynyň biridir. Igdir Oguzhanyň 24 agtygynyň biridir. Igdir taýpasynyň köp bölegi Balkan welaýatynyň, Türkmenbaşy etrabynyň, Gyýanly we Guwlymaýak şäherçelerinde ýaşaýarlar. Igdir taýpasy Oguzhan dessanyndaky Oguzlaryň 24 taýpasynyň biridirler. Igdirler Mahmyt Kaşgarynyň «Diwanylugatitturk» atly kitabynda 22 Oguz taýpasynyň ondördünjisi Igdirler diýip ýazypdyr[1]. Ýazyjyogly-Alynyň «Tewarihi Aly Seljuk» atly kitabynda «Ýagny eýluk we ululyk bahadurlyk» manysynyň bardygyny ýazypdyrlar[2][3]. Türkmenistanyň merhum serdary Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Ruhnama» atly kitabynda Igdir diýmek, «Ýagny eý, uly we batyr» diýmekligi aňladýandygyny ýazypdyr. Şol kitapda Igdirleriň Guşy一Çakyr. Süýegi aşykly we sagry paý berlendigi hem ýazylypdyr[4]. Igdir ýa-da Ygdir 12 gol bolan Üçoklaryň bir goludyr. Anadolynyň birnäçe ýer-ýurt atlary Igdir taýpasynyň adyny göterýär. Kastamonly Araç ilçiligine degişli Igdir, Malatýa Hekimhan ilçiligine degişli Igdir obasy, Tokat Zile ilçiligine bagly Igdir obasy we Ankara Gyzyljahaman ilçiligine degişli Igdir obalary hem şol taýpa tarapyndan gurulypdyr. Bu taýpa Baýburt ili merkeziniň ýakynynda we Igdir ilinde köplük bolup ýaşaýarlar. Eýranda günbatar Azerbeýjan welaýatynyň Urmiýe şäheriniň 14 kilometr günorta gündogarynda, Türkiýa bilen serhetleşýän Igdir[5] (Ygdyr, Ikdir) atly 1290 m. bir oba bar. Orta asyrlarda uly taýpalaryň biri bolan igdirleri Mahmyt Kaşgary 24 türkmen taýpasynyň arasynda 14-nji, Reşideddin bilen Abulgazy 21-nji, Salar Baba bolsa 15-nji orunda goýýar. Reşideddin we Abulgazy ony Oguz hanyň Deňiz diýen oglundan bolan ilkinji çaga hasaplasa, Salar baba Igdiri Oguzhanyň Gökhan diýen oglundan bolan üçünji nebere we ondan önen taýpa çaklaýar. Kaşgarydan beýleki alymlar Igdir/Ýigdir etnonimini ýegdir diýen türki söz bilen baglanyşdyryp, onuň manysyny «uly» «ulug» (Abulgazy), «iýilik (eýgilik), beýiklik, ýigitlik» (Reşideddin), «eýlik, ululyk we bahadyrlyk» (Ýazyjy-ogly), «ýagşy ümül» (Salar Baba) diýip düşündirýärler (aslynda ýeg we eý sözleri bir kökden emele gelipdir). Gadym eýýamlarda Igdirler özbaşdak taýpa bolsalar-da, olaryň uly bölegi XI asyrdaky seljuklar hereketi döwründe Eýrana, Azerbeýjana we Türkiýa göçüpdirler. Maňgyşlakda galan igdirleriň hem uly topary XVII一XVIII asyrlarda Stawropol ülkesine hem-de Astrahan oblastyna gidipdir. Olaryň galan bölegi soňra çowdurlara goşulyp, şu taýpanyň bäş bölüminiň birini emele getiripdir. Häzirki döwür alymlary: akademik A. N. Kononow, etnograf G. I. Karpow we türkmen dilçisi H. A. Maşakow dagy Igdir sözüni ikä bölüp, birinji ig sözüni «i:g», ýagny beýleki taýpalar bilen gatyşmadyk manysyndaky söz, -dir goşulmasyny hem kem işlik affikasy hasap edýärler. Ýöne beýle düşündirişe ylmy taýdan ynanmak kyn, çünki, birinjiden igdir diýen adyň çekimlileri gysga i:g sözünde bolsa uzyn aýdylýar. Ikinjiden, soňky ýatlanan alymlaryň kem işlik goşulmasy hasaplanýan -dir affikasy hem aslynda -der bolupdyr, meselem. Mahmyt bu ady «Igder», Salar Baba bolsa «Ýigdir» görnüşinde ýazypdyrlar. Bu goşulma Çowdur (asly Çowuldar), Çandyr (Çawyndar), Baýyndyr (Bagandar) diýen türkmen etnonimleriniň düzüminde-de duş gelýär. Ig sözüniň asyl manysy barada biz iki çaklamany hödürlemekçi: 1. Bu söz ýyg sözi bilen bir kökden bolup, ol «ýygyn», «taýpa» ýaly manylarda ýüze çykypdyr. Onuň inçe çekimlili ýig görnüşi çigmek, çigin sözleri bilen asyldaş bolup, bu sözler hem özünde şol gadymy many ýokundysyny saklapdyr. Altaý dilleri toparyna degişli bolan tungus-manjur (ewenk) dillerinde ýigna sözi hut «ýygyn» manysyndadyr. 2. Ig sözi ög, og sözleri bilen asyldaş bolup, bu ýagdaýda-da ol iki «topar», «il», «taýpa» manysyny aňladypdyr[6].
Çeşme
düzet[1] Aýhan Amanyýazow. (2007) Igdir taýpasynyň Akbilek tiresinden bolan.
[2] Atalaý, B (2006). Diwanylugatitturk. Ankara: Türk Taryhynyň gurluşy. ISBN 975-160-405-2. Jilt I, sah-57.
[3] Ýazyjyzada Aly. Taryhy aly Seljuk. Topkapy saraýy kitaphanasy. Rewan nr. 1390.
[4] Ýusup Halaçogly, Abadolyda ýaşaýyş, jemagatlar, obalar (1453-1650). Türk taryhynyň gurluşy. Jilt I. s. XXXI. ISBN 9789751621627
[5] Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama. Aşgabat 2001. sah-83.
[6] Igdir, Iran Page (iňlisçe)
[7] Soltanşa Atanyýazow. Şejere. Aşgabat. «Turan一1» 1994. sah-149-150.