Iki sorujyly bagyr sorujysy
Bu mugthor gurçuk jyns taýdan ösüp ýetişen döwründen tä ölýänçä şahly mallaryň (sygryň, öküziň, geçiniň, goýnuň) we örän seýrek ýagdaýda adamyň bagrynda ýaşaýar. Onuň suwa düşen ýumurtgalaryndan ösüp çykan gurçuklary –çagalary ilki suwda, soňra bolsa süýji suw howdançysy diýlip atlandyryl ýan mollýuskanyň bedeninde ýaşaýarlar. Olardan emele gelen örtükler (sistalar) suw ösümlikleriniň üstünde bol ýar.
Gurluşy
düzetIki sorujyly bagyr sorujysy ýapbaşyk, ösüm lik ýapragy şekilli bolup, onuň bedeniniň uzyn lygy 3–4 sm-e deň. Bu mugthoryň iki sany sorujy synalary bolup, olaryň birinjisi içi deşikli bolany üçin, iýmitlikleri kabul ediji sorujy syna, ikinjisi bolsa içi deşiksiz sorup, ýapyşyjy syna hasaplanýar. Iýmitleniş bilen baglanyşykly sorujy synasy bedeniň öňki ujunda, ýa pyşyjy sorujy syna bolsa birinjisinden aşagrakda ýerleşýär.
Iýmitlenişi
düzetIýmit hökmünde sorulyp alnan bagyr öýjükleri we gan öýjükleri iýmitleniş ulgamynda özleşdirilýär. Iki sorujyly bagyr sorujysynyň iýmitleniş ulgamy agyz sorujysyndan, bokurdakdan, gyzylödek den, iki sany kör bolup gutarýan içegeden we bu içegeleriň, köp sanly içege şahajyklaryndan ybaratdyr. Bu mugthor gurçugyň ady onuň sorujylygyndan we ýaşaýan ýeriniň adyndan gelip çykypdyr.
Köpelişi we ösüşi
düzetIki sorujyly bagyr sorujysy iki jynsly –germafrodit hasaplanýar.Onuň urkaçy jyns synasynda emele gelýän ýumurtga öýjükleri er kek jyns synasynyň öndürýän tohumlary –spermatozoidler bilen gurçugyň bedeniniň içinde tohumlanýarlar. Tohumlanan ýumurtgalar mugthoryň bedeninden daşa –bagyrdaky öt suwuklygynyň akýan ýollaryna çykaryl ýar. Soňra olary öt suwuklygy öt haltasyna, ol ýerden bolsa onikibarmak içegä, inçe, ýogyn, göni içegeler we malyň ekskrementleri bilen daşa çykaryl ýar. Ýumurtgalar haýsy hem bolsa bir täsiriň (ýeliň, ýagşyň ýa-da haýwanlaryň täsirleri) netijesinde suwa düşýärler. Suwda ýumurtgalardan ösüntgili (kirpiklije) liçinkalar –iki sorujyly bagyr sorujysynyň çagajyk lary ösüp çykýarlar. Olar ösüntgileriň kömegi bilen suwda ýüzüp, mollýuskanyň bedeniniň içine girýärler. Liçinkalar mollýuskanyň bedeniniň içinde jynssyz kö pelýärler. Täze emele gelen liçinkalar mollýuskanyň bedenin den suwa çykýarlar. Suwda guýrugynyň köme gi bilen ýüzüp, ösümlikleriň üst bölegine barýarlar, olara berk leşýärler, guýruklaryny taşlap, örtüge öwrülýärler, örtükli oty bolsa iri şahly mal iýýär. Örtük sygryň aşgazanynda ýarylýar we ondan kiçiräk liçinka çykyp, onikibarmak içegä geçýär. Ol öt suwuklygynyň ýoly bilen hereket edip, bagra barýar. Liçinka bagyrda iýmitlenýär, ösýär, ulalýar, jyns taýdan ösüp ýetişýär we iki sorujyly bagyr sorujysyna öwrülýär. Şeýlelikde, iri şahly mallar bu mugthor gurçuk bilen keselleýärler. Şeýlelikde, ýokarda ýazylyp beýan edilen iki sorujyly bagyr so rujysynyň ösüş-ýaşaýyş aýlawy ýene-de dowam edýär. Iki sorujyly bagyr sorujysynyň iri şahly mallaryň arasynda ýaýramaklarynyň öňüni almak üçin gerekmejek suw howdanlaryny gum bilen gömmeli, şeýle edilende süýji suw howdançy mollýuskalar gyrylýarlar we mugthoryň ösüş-ýaşaýyş aýlawy bozulýar.