Ilkidurmuş jemgyýetiniň taryhy
Ilkidurmuş jemgyýetiniň taryhyna giriş
1. Ilkidurmuş jemgyýetiniň taryhyny öwrenmekligiň ähmiýeti.
2. Ilkidurmuş jemgyýetiniň taryhynyň döwürleri.
3. Ilkidurmuş jemgyýetiniň taryhyny öwrenmekligiň çeşmeleri we taryhnamasy.
1. Ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhynyñ dersi
Ilkidurmuş jemgyýetiniñ döreýşini, ösüşini we dargamagyny öwrenýär .
Ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhy adamzat taryhynyñ ösüşiniñ esasy dowletleriniñ ilkinjisi we iñ uzak dowam eden döwrüdir.
Gadymy adamlaryñ esasy gurallary daşdan bolup, olary iñ ýönekeý görnüşde ýasapdyrlar. Ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhyny öwrenmegiñ uly ähmiýeti bar. Sebäbi ilkibaşda adamlaryñ hemmesi deñ we bile ýaşan bolsalaram, kem-kemden olaryñ arasynda maşgala we nika gatnaşyklary deñsizlik, hususy eýeçilik we ş.m. ýüze çykýar. Döwletleriñ döreýşi hem öz gözbaşyny şol döwürden alyp gaýdýar. Şeýle meseleleriñ gelip çykyşyny öwrenmek üçin ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhy möhüm orun tutýar.
Ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhyny dürli terminler bilen añladýarlar: “ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhy”, “ilkidurmuş taryhy”, “Taryhdan öñki döwür” , “taryha çenli döwür” we ş.m.
2.. Ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhy umumy (taryhy) we ýörite (arheologiki, antropologiki) döwürler boýunça döwürleşdirilýär.
Ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhynyñ umumy döwürleşdirilişi ilkinji gezek 1870 – nji ýylda amerikan alymy etnograf Zýü Genri Morgan tarapyndan amala aşyryldy. XVIII asyrda taryhy ýabanyçylyk, warwarçylyk we siwilizasiýa ýaly dürlere bölendiklerinden ugur alyp, ol ýabanyçylyk we warwarçylyk dürlerini üç basgançaga bölýär: aşaky basgançak, ortaky basgançak, ýokarky basgançak.
Ýabanyçylygyñ aşaky basgançagy adamyñ döräninden üzlem – saplam sözleýşiñ ýüze çykan wagtyna çenli aralygy öz içine alýar. Orta basgançaga balykçylygyñ ýüze çykmagy we oduñ ulanylmagy.
Ýokarky basgançaga – ok-ýaýyñ oýlanyp tapylmagyndan soñky döwürleri degişli edýär.
Soñra Z.G.Morgan warwarçylyk döwrüniñ aşaky basgançagyny küýzegärçiligiñ ýüze çykmagy bilen alamatlandyrýar. Warwarçylyk döwrüniñ ortaky basgançagyny ekerançylygyñ we maldarçylygyñ özleşdirilmegi bilen , ýokarky basgançagy bolsa – demriñ özleşdirilmegi bilen başlanýar. Elipbiý ýazuwynyñ ýüze çykmagy bilen bolsa siwilizasiýa başlanýar diýip hasap edipdir.
Umuman , döwürleşdirmek meselesinde dürli pikirler köp. Taryhy döwürleşdirilişde esasan, iki döwür tapawutlandyrylýar:
1) Ilkidurmuş sürüsi;
2) Urug jemagaty (enelik urugy we atalyk urugy).
Arheologlar zähmet gurallarynyñ nämeden ýasalandygyna we olaryñ ýasalyş usulyna esaslanyp, arheologiki döwürleşdirişi döretdiler. Daş we bürünç asyrlarynyñ döwürleşdirilişiniñ esaslaryny fransuz alymy G.Mortilýe we şwed arheology O. Montelius goýdular. Daniýaly arheolog K.Ýu. Tomsen bolsa, üç “asyr” – daş , bürünç, demir asyrlary diýen düşünjäni girizdi. Antropologiki döwürleşdiriş adamlaryñ fiziki keşbiniñ üýtgeýşine baglylykda iñ gadymy, gadymy we häzirki zaman ýagny arhantrop, paleoantrop we paýhasly adam ýaly görnüşlerini tapawutlandyrýar.
Arheologiki döwürleşdiriş boýunça iñ gadymy döwür üçe bölünýär:
4. Daş asyry (adam döräninden b.e. öñ III müñýyllyga çenli)
5. Bürünç asyry (b.e. öñ IV asyryñ ahyryndan b.e. öñ I müñýyllygyñ başyna çenli)
6. Demir asyry (b.e.öñ I müñýyllykdan başlanýar)
Daş asyry hem öz gezeginde gadymy daş asyry (paleolit), orta daş asyry(mezolit), täze daş asyry (neolit) we bürüñç asyryna geçiş döwri bolan mis – daş asyry (eneolit) ýaly dürlere bölünýär.
Häzirki zaman alymlarynyñ bir topary ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhyny bäş döwre bölýärler:
I döwür: hojalygyñ we maddy medeniýetiñ döremeginden öñki döwür.
II döwür: ýönekeý özleşdiriji hojalyk, ol 1 mln ýyl mundan öñ b.e.öñ XI asyr aralygyny , ýagny irki we orta gadymy daş asyryny öz içine alýar.
III döwür: ösen özleşdiriji hojalyk. Ol giçki gadymy daş asyryny, orta daş asyryny, käýerlerde bolsa täze daş asyryny hem öz içine alýar.
IV döwür: öndüriji hojalygyñ döremegi . Ol ýeriñ hojalyk taýdan has ösen ýerlerinde b.e.öñ IX – VIII müñýyllyklary (giçki orta daş asyry – irki täze daş asyry) öz içine alýar.
V döwür: öndüriji hojalygyñ döwri. Käbir gurak we çygly subtropik ýerler üçin b.e. öñ VIII – V müñýyllyklar degişli.
Tebigy şertleriñ özgermegi adamzadyñ ösüşine täsir edipdir. Buzluk eýyamynyñ başlanmagy bilen adamlarda täze endikler , başarnyklar ýüze çykyp, zähmet gurallary kämilleşýär. Oduñ ulanylmagy, toparlaýyn iri haýwanlary awlamak, buzluk eränsoñ emele gelen ýagdaýa uýgunlaşmak, ok-ýaýyñ oýlanyp tapylmagy, şdiriji hojalykdan – öndüriji hojalyga (maldarçylyga we ekerançylyga) geçilmegi, metalyñ (mis, bürünç, demir) işlenip bejerilmegi we çylşyrymly urug – taýpa guramalarynyñ emele gelmegi - bular ilkidurmuş jemgyýetiniñ şertlerinde adamzadyñ geçen möhüm döwürleridir.
3.Ilkidurmuş jemgyýeti barada maglumat berýän , taryhyny öwrenmäge kömek edýän ähli zatlar onuñ taryhy çeşmeleri bolup bilerler. Ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhy arheologiki , etnografiki, antropologik, lingwistik, paeobotanik, paleozoologik, ýazuw çeşmeleri arkaly öwrenilýär. Taryhy öwrenmekde himiýa, fizika we informatika ylymlary hem ýakyndan kömek berýärler.
Arheologiki çeşmelere gazuw – agtaryş işlerinde tapylýan maddy ýadygärlikler : zähmet gurallary, ýaraglar, ýasalan ýerleriñ we jaýlaryñ galyndylary, öý goşlary , bezegler, dini düşünjeler bilen baglanyşykly zatlar we ş.m. degişlidir. Ýöne ähli ýadygärlikler gowy saklanyp galmandyr. Daş we keramiki önümler iñ gowy saklanan ýadygärliklerdir.
Etnografiki çeşmeler arheologiki çeşmelere garanda ilkidurmuş halklaryny köptaraplaýyn öwrenmäge mümkinçilik berýärler. Giçki paleolit döwründäki ýaly medeniýetiñ galyndylary bilen ýaşaýan halklar XIX asyra çenli hem dowam edipdirler. Etnografiki çeşmeleriñ kömegi bilen ilkidurmuş halklaryny hemmetaraplaýyn , olaryñ hojalyk, jemgyýetçilik gurluşy, maşgala – nika gatnaşyklary, dini ynançlary bilen birlikde öwrenmäge mümkinçilik berýär. Etnografiki maglumatlar göz – göni gozegçilik etmek arkaly ýygnalýar.
Doly etnografiki maglumat almak üçin käbir alymlar ilkidurmuş taýpalarynyñ arasynda, meselem, Z.Morgan irokezleriñ arasynda , N.N.Mikluho – Maklaý papuaslaryñ arasynda bolup ýaşapdyrlar.
Adamlaryñ süri we irki urug döwürleri esasan arheologiki tapyndylar arkaly öwrenilýär. Ondan soñraky dürler bolsa etnografiki çeşmeler arkaly has gowy dikeldilýär.
Urug gurluşy döwrüni paleoantropologiýanyñ , lingwistikanyñ , folklaryñ, geologiýanyñ , paleontologiýanyñ , paleoklimatologiýanyñ kömegi bolmasa , öwrenmek juda kyndyr.
Dilçiler süñ ikinji manysyny ýüze çykaryp, diliñ we ilkidurmuş adamlaryñ ýaşaýşynyñ belli bir tarapynyñ ösüşini öwrenýärler. Paleontalogiýa gadymy ösümlikleri we haýwanlary olaryñ galyndylary esasynda öwrenýär we şol döwrüñ ösümlik hem haýwanat dünýäsini dikeldýär.
Paleoklimatologiýa gadymy döwürleriñ howa şertlerini öwrenýär.
Geologiýa Ýeriñ düzümi, gurluşy we taryhy hakyndaky ylym bolup, adamzadyñ ýaşyny anyklamaga kömek edýär. Arheologiki tapyndylaryñ ýaşyny fiziki we himiki usullar arkaly kesgitleýärler. Häzirki zaman ylmynyñ ösen derejesi ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhyny öwrenmekde möhüm orun tutýar.
Ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhnamasy ilkidurmuş jemgyýeti hakyndaky ylmyñ ösüşiniñ taryhydyr.
Ilkidurmuş jemgyýeti hakyndaky ylym XIX asyryñ II ýarymynda ýüze çykýar. Ýöne ondan öñ hem ilkinji adamlar barada gyzyklanmalar bolupdyr. Gadymy Gündogaryñ birnäçe döwletlerinde ilkidurmuş adamlarynyñ durmuşy baradaky maglumatlar olaryñ ýazuw ýadygärliklerinde duş gelýär. Antik alymlardan Gerodot Skifleri we Afrikanyñ käbir halklaryny, Ksenofont Kiçi Aziñ halklaryny Strabon, Ýewropanyñ we Aziýanyñ halklaryny , Sezar we Tasit germanlary öz içlerinde beýan edipdirler. Adamzadyñ ilkinji döwri barada Gesiot, Demokrit, Lukresiý Kar dagy hem öz garaýyşlaryny beýan edipdirler.
Beýik geografiki açyşlardan soñ ilkidurmuş eýyamy baradaky garaýyşlar täze basgançaga gadam goýyarlar. Fransuz missioneri Lafito Demirgazyk Amerikanyñ indeýleriniñ däplerinden Ýewropa halklarynyñ uzak geçmişiniñ meselelerine düşündiriş tapyp boljakdygyny aýdypdyr.
I.Ýa. Bahowen (şweýsar alymy) 1861 – nji ýylda çap bolan “Enelik hukugy” diýen işinde geçmişde ähli halklarda aýallaryñ häkimlik edendigini aýdýar. Ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhy barada L.G.Morgan, K.Marks, F.Engels, G.Spenser, E.Teýlor, D.Zebbok, A.Bastian , mak – Zennan, Ýu. Lippert dagy XIX asyrda uly işler bitirdiler. Bu ylmyñ ösmeginde rus syýahatçylaryna uly orun degişlidir. 1924-nji ýylda B.K.Nikolskiý tarapyndan ilkidurmuş jemgyýeti barada “Ilkidurmuş adamzadynyñ oçerkleri” diýen ilkinji umumylaşdyryjy iş ýazylýar. Ilkinji iş 1935-nji ýylda N.P.Tokin tarapyndan ýazylyp, ol “Ilkidurmuş jemgyýeti” diýlip atlandyrylýar. Häzirki wagta çenli bu mesele boýunça birnäçe ýörite işler, okuw kitaplary çap edildi.