Indigo
Indigo (isp. indigo, lat, indiçüm, gr indiköş-hindilerinki) — goýy gök kristallik madda, er, temperaturasy 390-392 gradus (kem-käsleýin dargamak bilen). Suwda we spirtde eremeýär. Beýleki organiki eredijilerde gowşak ereýär. Indigo gadymy wagtlardan belli boýag bolup, ol Hindistandan Gresiýa getirilýär. Ony indigo saklaýan ösümlikleriň Indigofera tinctoria görnüşinden alypdyrlar.
Indigonyň esasy alnyş usuly: ol aňylynyň hlor-uksus kislotasy bilen täsir edilmeginde fenelgsin alynýar, ol bolsa aşgar bilen işlenilýär; şunda emele gelen indoksil howanyň kislorody bilen indigony oksidleýärler. Reňkiniň tiz solýanlygy sebäpli, ol has durnukly kub boýaglary bilen çalşyrylýar. Pagta süýümini, ýüňi gök reňkde boýamaklykda giňden ulanylypdyr. Indigonyň 19-njy asyrda nemes organik himigi Baýer tarapyndan açylmagy, onuň gurluşynyň we sintezlemek metodynyň öwrenilmegi indigoid boýaglarynyň öndürilişini ösdürmäge itergi berdi.