Irem Deriji (İrem Derici) 1987-nji ýylyň 21-nji martynda Türkiýanyň Stambul šäherinde eneden boldy. Hulusy Deriji we Žale Ediziň gyzy bolan Irem, dört ýašynda org çalmaga bašlapdyr. Sinan Güzel senetler Uniwersitetiniň Döwlet konserwatoriýasynyň Piýanino bölümi liseýi bilen birlikde tamamlapdyr. Stambul Maglumatlar Uniwersitetiniň Sosiologiýa bölümini hem tamamlan Deriji Bazar Ykdysadyýet Uly Lisans programmasyny alyp barýar. Šol wagtlar Monopop atly topary bilen Türkiýanyň birnäçe ýerinde sahna aldy. 2012-nji ýylda Mensiz bašarmarsyň (Bensiz Yapamazsın) aýdymy bilen aýdym-saz sungatyna ädim ädýär. Yz ýany 2013-nji ýylyň Maýynda ikinji "Düşler Ülkesinin Gelgit Akıllısı" albomyny piýasa çykardy. Šol ýylyň Sentýabrynda Iki atly maks albomuny çykardy. Ilkinji çykarylan šekilli aýdymy Söýgi bolsun, Dašdan bolsun (Sevgi Olsun Taştan Olsun) atly, ikinji šekilli aýdymy Zorun ne sevgilim i düšürtdi. Ol klip Türkiýanyň Resmi sahypalarynda üç hepdeläp ikinji ýerde durdy.Yz ýany Nešet Ärdašyň( Neset Ertas) aýdymy Neredesin Seni täzeden piýasa çykardy. 2014-nji ýylda Kalbimin tek sahibine atly albomuny Türkiýede hit hökmünde YouTubeda tomaša edilmäge bašlady. Šol ýyl ikinji maks albomy Üç aýdymyny çykardy. Soňra Birmiyiz, Nabza Göre Šerbet aýdymlaryna šekilli aýdym döredildi. Mart 2015-nji ýylda Degmezsin Ağlamaya" šol ýylyň Sentýabrynda Ašk Ešittir Biz albomlaryny çykartdy. Šol ýyl aýratynam Emrah Karadumanyň Tozduman albomyndaky Nerden Bilecekmiš aýdymyny aýtdy. Deriji, 2016-njy ýylyň fewralynda ilkinji studio albomy Danteli GNL Entertainmentiň kömegi bilen piýasasyny çykardy. Albomyň ikinji klibi Evlenmene bak aýdymy surata düšürildi we klipde Sinan Akçyl hem oýnady. Yz ýany üçünji klip Dur Ýuwaš we dördünji klip Maňa hiç zat bolmaz (ana Hiçbir Şey Olmaz) aýdymlaryna gezek geldi. 2014-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda radioçy Ryza Esendemire durmuša çykýar. Soňra 2016-njy ýylyň 22-nji martynda ondan aýrylyšýar. 2016-njy ýylyň 11-nji Iýul, 21-nji Sentýabr aralygynda Rising Star Türkiýa ýaryšygynyň ikinji bölüminde üstünlik gazananlaryň arasynda boldy. 2017-nji ýylda Mutafa Ceceliniň Zincirimi Kırdı Aşk albomynyň birinji aýdymy Kıymetlim", Kendine Gel, Tektaš ýaly aýdymlaryny hem çykartdy.

İrem Derici