Isabel Alýende
Izabel Alýende
Häzirkizaman latinamerikan edebiýatynyň iň şöhratly zenan ýazyjylarynyň biri, Çili edebiýatynyň guwanjy Izabel Alýende Lima şäherinde, 1942-nji ýylda dünýä inipdir. Onuň kakasy Çiliniň prezidenti Salwador Alýendeniň garyndaşy eken. Ene-atasy ilçihanada işlänsoňlar, Izabel çaga wagty Peru, Wenesuela, Liwan ýaly ýurtlarda ýaşapdyr. Bilimini Çiliniň paýtagty Santiago şäherinde alypdyr. 1959-njy ýyldan başlap žurnalist bolup işleýär, BMG-nyň habar beriş gullugynda, Çiliniň gazet-žurnallarynda, telewideniýesinde çykyş edip, meşhurlyk gazanýar. 1973-nji ýylda Alýende «Ilçi» atly pýesasyny döredýär. 1975-nji ýylda ýazyjy Wenesuela göçmeli bolýar, ol ýerde mekdepde mugallym bolup işleýär, «El Nasional» gazetinde publisistik makalalary bilen çykyş edýär.
1981-nji ýylda Izabel Alýende özüniň 99 ýaşly atasynyň agyr keselli ýatandygyny bileninde, oňa hat ýazyp başlaýar, soňra bu hatlar «Ruhlaryň öýi» (1982) atly romana öwrülip gidýär, ýazyjynyň adyny bütin dünýä belli edýär. Mundan soň, Alýende «Söýgi hem garaňkylyk» (1984), «Ewa Luna» (1987) romanlaryny çap etdirip, şöhratyny berkidýär. 1988-nji ýylda Alýende Kaliforniýa göçýär, ABŞ-nyň raýaty bolýar. Bu ýerde ol «Paula» (1994) atly meşhur romanyny döredýär. Bu eseri Alýende özüniň 1992-nji ýylda aradan çykan gyzyna bagyşlapdyr. Eser gyzjagaza ýüzlenip ýazylan hat görnüşinde ýazylypdyr.
Ýazyjy öz eserlerinde öz halkynyň milli özboluşlygyny, medeniýetini, halkynyň çeken jebir-jepasyny ussatlyk bilen suratlandyrmagy başarypdyr, şonuň üçin Ýewropada ony «Zenan Garsia Markes» diýip atlandyrýarlar.
Alýendeniň soňky döwürde döreden eserlerinden has hem «Toslanan ýurdum» (2003), «Günleriň jemi» (2007), «Deňiz astyndaky ada» (2009) romanlary okyjylaryň uly söýgüsine mynasyp boldylar.