Ispaniýa XVII-XIX asyrlarda
Mowzuk: Ispaniýa XVII-XIX asyrlarda
MEỲILNAMA
1. XVIII asyryň başlarynda Ispaniýanyň ykdysady we syýasy ýagdaýy. Ispan mirasy ugrunda uruş. (1701-1714ý).
2. 1812-nji ýylyň kadis konstitusiýasy.
3. ispan rewolýusiýalary we ilkinji respublika.
4. XIX asyryň ahyrynda Ispaniýanyň daşary syýasaty
XVII-XVIII asyrlarda Ispaniýanyň aşak gaçmagy dowam edýärdi. Şa häkimiýeti abraýdan gaçýardy, sebäbi ýurduň dolandyrýan dürli hili “hökümiýet maslahaty” ilatyň ykbalyny çözýärdi. Jemgyýetiň ýokary gatlaklarynyň düzümi şeýledi. Ýagny iň ýokary gatlak granalar, derejeli abraýly adamlar-kabalýdo, aşak derejeler-idalgo ybaratdy. Iň aşakky gatlaklara daýhanlar, senetçiler, söwdägärler, ownuk telekeçiler girýärdi. 4-nji gatlak hakyna tutma işçiler we hyzmatkärlerden ybaratdy.
Ispaniýanyň gaty kän baknalary bardy. Mysal üçin: tutuş Günorta Amerika (Braziliýadan başga) şeýle hem Italiýanyň aglaba bölegi we Niderlandiýa. Ispan hökümeti amerikan baknalaryna çäklendirmeler girizdi. Olar başga (keseki) ýurtlar bilen söwda etmekden mahrumdy. Ol ýurtlarda gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek gadagandy. Şol sebäpden hem ösen ýurtlar dünýä bazarlarynda ispan harytlaryny gysyp çýkarýardy. Ispan galtamanlary ispan harytlaryny, esasan hem Günorta Amerikadan getirilýän gyzyly (altynyň) we beýleki gymmatbaha harytlary basyp alýardy. Şeýlelikde gün-günden döwletiň hazynasy başlaýardy.
Ýurduň çäginde umumy milli bazary döretmek gaty kyndy. Sebäbi içeri gümrük päsgel berýärdi. Mysal üçin her bir söwdalaşan haryt üçin salgyt (alkabala 10%) tölenýärdi. Şeýle hem ýurduň tebigy baýlyklary düýbünden diýen ýaly peýdalanmaýardy. Magdan känleri daşary ýurtlylara satylýardy.
Goşun we flot iň gowşak ýagdaýýndady. Harby berkitmeler we gämiler, umuman ähli ýaraglar uzak wagtlap täzelenmän soň derde ýaraman galypdy. Has gowşan Ispaniýa şeýle hem halkara gatnaşyklarda pese gaçypdy. Şol sebäpden hem Angliýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň hökümdarlary ispan miraslygy ugrunda göreşe taýýarlanýardylar. Ispaniýanyň Gabsburglar dinastiýasynyň iň soňky şasy Karl II-niň nesliniň ýoklygy sebäpli fransuz ilçisiniň täsir etmegi bilen ispan tagtyny Lýudowik 14-ň agtygy Filip Anžuýa miras galdyrmagy wesýet edýär. 1700-nji ýylda Karl II aradan çykandan soň Madritde şa tagtyna Filip-5 gelýär. Şonda Lýudowik 14 şeýle diýýär: “Nähili bagt! Indi Prineý ýok, ol ýere girdi, indiden beýläk biz (Fransiýa we Ispaniýa) 1 ýurt bolduk”.
Emma Ỳewropa ýurtlary beýle birleşmäniň asla tarapdary däldi. Ikinji nobatda Angliýa şonuň üçin iňlis diplomatiýasyna uly ýurtlaryň birleşmesini döredip Fransiýa we Ispaniýa garşy uruşa başlamak başartdy, ol taryhda ispan mirasy ugrundaky uruş diýip atlandyryldy.
Bu uruş uzak dowam etdi (1701-1714). Deňizde iňlis floty agdyklyk edýärdi, 1704-nji ýýlda ol möhüm ispan galasy Günbatara hüjüm edip, ony basyp aldy.
1713-nji ýýlda Utrehtde (Utreht ýaraşygy), 1714-nji ýýlda Raştatda baglanşylan şertnamalar boýunça Filip-5 onuň fransuz tagtyndan el çekmeklik şerti bilen Ispaniýanyň şasy edilip bellenildi. 1759-nji ýýlda tagta Filipiň 2-nji ogly Karl 3 geçýär. Ol özüniň daşyna başarjaň adamlary ýygnap, ýurtda özgerişleriň zerurulygyny nygtaýar.
Şol sebäpden hem şa Ispaniýada milli senagatyň we senetçiligiň ösmegini, buthananyň häkimliginiň çäklendirilmegini, ýurtda medeniýetiň ylmyň ösmegini isleýärdi. Emma geçirilen çäre;er (reforma) Ispaniýanyň ýagdaýyny gowulandyrmady. Ispaniýa häli Fransiýa garaşlydy. Ol Fransiýanyň hataryna bölüp, ähli uruşlara gatnaşmaga mejburdy. Bu bolsa Ispaniýanyň ykdysadyýetine has täsir edýärdi. Umuman yza galak agrar ýurtlaryna ykdysady gowşaklygyna galýardy.
Fransuz rewolýusiýasy Ispaniýada uly gyzyklanma döretdi, öňdebaryjy adamlar Fransuz magaryfçylarynyň garaýşlary bilen ylalaşyp,absolýutizmiň şoňuna çykmagy maksat edinýärdi. Emma hökümetiň başynda duran Floridablanka ýurduň syýasy ugruny birden üýtgetdi. Ol Fransiýa bilen araçägi düýbünden ýapdy we onuň bilen diplomatik gatnaşyklary kesdi. Emma Fransiýada Napoleonyň häkimiýet başyna gelmegi we onuň Ispaniýany basyp almagy hem-de 1807-nji ýýlda ol ýurtda 50 müňden gowrak esgeri ýerleşdirmegi şeýle hem Ispaniýanyň şasy edip öz inisi Žozef Bonaty bellenmegi Ispaniýada Napoleon Banapardyň häkimiýetiniň berkarar edilmegini aňladýardy.
Ispan halky basybalyjylara garşy birnäçe gezek gozgalaň turuzdylar. Emma olaryň ählisi fransuz goşunlary tarapyndan basylyp ýatyryldy. Napaleon yzagalyk Ispaniýada birnäçe reformalary geçirmäge girişdi. Ol ilki bilen ýurtdaky ýokary gatlak wekillerini toplap Ispaniýanyň taryhynda ilkinji konstitusiýany aýdyp ýazdyrdy. Onda parlamenti döretmek, içerki gümrükhanalary ýoýdyrmak, kanunlar toplumyny kabul etmek we ş.m maddalar bardy. Emma ispan dap-dessurlarynyň inkär edilmegi ýurduň basylyp alynmagy şa edilip daşary ýurtlaryň bellenmegi Ispaniýada garaşsyzlyk ugrundaky göreşi döredti. Ispan ýerleriniň ählisinde diýen ýaly fransuzlara garşy uruş yglan edildi. Milli duýgy halkyna basypalyjylara bolan ýigrenji has artdyrdy. Ýönekeý ýaraglanan harby tälim almadyk ispanlar Napaleon goşunlaryna gazaply garşylyk görkezdiler. Esasan hem Sarags şäherini goraýjylaryň gahrymançylykly söweşleri ispan taryhynda uly ähmiýete eýe boldy. Fransiýanyň iň görnükli serkerdebaşylaryndan biri Marşal Lann Napaleona iberen hatynda häli şu çaka çenli beýle gahrymançylygy görmändigini belledi. Napaleon Ispaniýa 3000 müňden gowrak esger ibärmäge mejbur boldy. Emma uruş dowam etdirildi.
Diňe Napaleonyň Russiýadan ýeňilmegi onuň goşunlarynyň Ispaniýada hem şowsuzlyklara duçar bolmagyna getirdi. Şeýle ýagdaýda 1810-nji ýýlda absalýut monorhiýany konstitutsion monarhiýa bilen çalşyrmak maksady bilen parlamente saýlaw geçirildi. Parlamentiň ýurduň konstitusiýasyny işläp düzdi we 1812-nji ýylyň Nowruz aýynda ony kabul etdi. Ol kadiss konstitusiýasy adyny aldy. Sebäbi kadise şäheri Ispaniýanyň günorta günbatar ýerleşýär. (Madrid häli fransuzlardady) konstitusiýa ýurtda ýokary häkimiýet halkdyr diýip kesgitledi. Ol häkimiýetiň 3 şaha kanun çykardy. (parlament) ýerine ýetiriji (şa we hökümet) we sud häkimiýetine bölünýärdi. Olar garaşsyzdy, konstitusiýa boýunça häkimiyeti deputatlaryň aglaba böleginiň razylygy bilen şa döredip bilýärdi. Kabul edilen konstitusiýa şol döwürde progressiw häsiýetdedi. 1813-nji ýýlyň güýzünde bütin Ispaniýa Fransiýadan azat edildi. Garaşsyzlyk ugrundaky gahrymançylykly uruş tamamlandy. Fransuz ýesirliginden şa Ferdinant gaýdyp geldi, ony ispanlar halk gahrymany kabul etdiler. Emma olar ýalňyşýardylar. Ferdinant-7 zalym direktor bolup çykdy. Ol 1808-1813-nji ýýllar aralygyndaky ähli kanunlary konstitusiýany, kortesleri güýçsiz diýip yglan etdi hem-de özüni absolýut monorhiýa diýip yglan etdi. Şeýlelikde ýurtda bir-birine uly güyçler emele geldi. Umuman Ispaniýada XIX asyryň dowamynda absolýut monarhiýa garşy şa häkimiýetine garşy respublikany döretmek ugrunda jemi 5 sany rewolýusiýa bolup geçdi. Birisi 1808-nji ýylda, II-si 1820-1823 ý, III-si 1834-1843-nji ýyl, IV-si 1854-1856-nji ýyl, V-I 1868-1873 ýyllar.
1873-nji ýylyň Baýdak aýynyň 11-de Madridiň ilaty parlamentiň daşyny gabadylar, hem-de respublikanyň berkarar edilmegini aýgytly talap etdiler. Deputatlar halkyň talabyny kanagatlandyrmaly boldular. Özüniň taryhynda Ispaniýa ilkinji gezek respublika diýlip yglan edildi. Täze kortesler saýlandy. Olar indi täze respublika konstitusiýanyň işläp çykarmalydy. Respublikanyň prezidenti edilip Fransizko Margapi saýlandy. Ol respublikançydy. Özüniň maksatnamasynda ýurtda sosial özgerişleri amala aşyrmagy gulçulygy gadagan etmegi, döwlet ätiýaçlygyny girizmegi we ş.m beýan etdi.
Prezidentiň ýolbaşçylygynda konstitusiýanyň taslamasy taýýarlandy. Şoňa laýýklykda Ispaniýa Federatiw respublika diýip yglan edilýärdi. Az sanly milletlere awtonomiýa bermek we ş.m. emma respublikanyň arasynda jebislik ýokdy. Olaryň aglaba bölegi Pimargaliýa garşy çykdy we merkezi häkimiýeti ýatyrmagy talap etdi.
1873-nji ýýlyň tomsunda hökümete garşy çykyşlar güýçlendi. Prezident işden gitmäge mejbur boldy. Täze häkimiýet 1874-nji ýýlyň Bitaraplyk aýynda general Martinis komposynyň ýolbaşçylygyndaky goşun Ispaniýanyň şasy edip Alfons 12 ykrar etdi. Şeýlelikde XIX asyryň 5 rewolýusiýasy ýurdy ösüşe alyp gelmegi Ispaniýa öňküsi ýaly yza galak ýurt höküminde galdy.
Mälim bolşy ýaly 1874-nji ýylyň Bitaraplyk aýynda Ispaniýada Burbonlar monorhiýasy täzeden dikeldildi. 1874-1885-nji ýyllarda korol Alfons-12-ň we 1885-1902-nji ýyllarda onuň dul aýaly Mariýa Kristananyň monarhistik düzgüni kadaly ýagdaýda boldy.
1875-nji ýýlda Ispaniýanyň dolandyryjy toparlarynyň arasynda 2 sany syýasay partiýa konserwatiw we liberal (aram) esaslandyryldy. Köneçiller partiýasyna ilkinji hökümetiň baslygy Konowas del Kostilo ýolbaşçylyk edýärdi. Bu partiýany esasan hem iri ýer eýeleriniň aglaba bölegi we buthana goldaýar. Konserwatorlar öž maksatnamasynda monarhiýanyň kem-kemden konstitusiýa laýýk edip gurulmagyny, ýagny onuň häkimliginiň çäklendirilmegini göz öňünde tutýardy. Aram partiýa bolsa esasan maliýeçilere we söwdägärlere daýanýardy. Bu partiýanyň başynda Mateo Sagasta durýardy. (Ol 1868-1874-nji ýylyň rewolýusiýasyna işeňňir gatnaşan) Liberal partiýa burbonlar monarhiýasynyň täzeden dilkeldilmegini goldap şol birwagtda häkimiýetinden birnäçe reformalaryň geçirilmegi ugrunda çykyş edýärdiler. Mysal üçin ähliumumy saýlaw hukugyny girizilmegi.
1876-njy ýylda kortesler monarhiýasynyň konstitusiýasyny kabul etdi, karol (şa) ony makullady. Şol konstitusiýa 1931-nji ýýla çenli hereket etdi. Konstitusiýa birnäçe raýat hukuklaryny kepillendirýärdi, ýagny metbugat, ýygnak, azatlygyny, konstitusiýa boýunça kanunçykaryjy häkimiýet kortesler bilen karolyň arasynda bölüşleýärdi, karol (şa) goşunyň we flotyň ýokary Serkerdebaşysy edilip bellenýärdi, şeýle hem ol ýerine ýetiriji häkimiýetiň başlygydy, emma şeýle bolsa-da karola häkimiýetiň razylygy hökmandy.
Monarhistik düzgüni pugtalandyrmak maksady bilen könesil we aram partiýalar öz aralarynda El-Pardo adyny alan ylalaşyk baglaşýar. Ol 1885-nji ýýlyň Sanjar aýýnda Kanowas bilen Sagostanyň arasynda baglaşylýar. (El-Pardo şa köşgi). Şoňa laýýklykda iki tarap hem gezekli gezegine hökümete gelmegini ylalaşýarlar. Umuman XIX asyryň 90-njy ýyllarynda Ispaniýada her 2-3-nji ýýldan hökümet çalyşdyryp durdy. Onuň hem sebäbi şol 2 partiýanyň arasyndaky bäsleşikdi. Bu döwürde ýurtda başgada birnäçe syýasy guramalar döredildi. Mysal üçin 1886-njy ýýlda Federal respublikan partiýasy 1892-nji ýýlda kotalon milli partiýasy hereketi. 1894-nji ýýlda Basklaryň milli partiýasy. 1897-nji ýýlda Milli respublikan soýuz.
XIX asyryň 90-njy ýyllarynda Ispaniýada terrorçylyk hereketi ösüp başlaýar. 1897-nji ýýlyň Alp Arslan 8-de italýan akarhisti tarapyndan hökümetiň baştutany Kastilo öldürilýär. Hökümete ýene-de Sagastonyň ýolbaşçylygynda liberallar gelýär. Bu döwürde Ispaniýa bilen ABŞ-ň arasynda gapma-garşylyk güýçlenýär. Sebäbi häli Kuba, Puerto-Riko, Karolin we Marian adalary, Filippinler şeýle hem Afrikadaky birnäçe ýerler Ispaniýanyň tabynlygyndady. ABŞ we Germaniýa bolsa Ispaniýanyň baknadarlaryna tamakindi.
1898-nji ýylyň Gurbansoltan aýýnda ispan-amerikan urşy başlandy. Amerikanlar ispanlaryň ähli eýeçilikleri doly basyp almagy maksat edindiler, netijede 4 aý dowam eden uruş ispanlaryň ýeňilmegi bilen tamamlanmanka 1895-nji ýýlyň Bitaraplyk aýýnyň 10-da Pariž parahatçylyk şertnamasy oýunça Ispaniýa Kubany,Poerto-Rikonyň, Guam adasynyň we Filippinleri (20 mln $) ABŞ-a bermeli edildi. 1899-nji ýýlyň Baýdak aýynda Karolin we Marian adalary Germaniýa satyldy.
Indi Ispaniýanyň elinde diňe Afrikadaky eýeçilikleri Gwineýa, Günbatar Sahara galypdy. XX asyryň başynda Ispaniýa Marokkony basyp almak syýasatyny işeňňirleşdirdi. Emma bu hereketde oňa Fransiýa böwet bolup durýardy. 1901-1902-nji ýyllarda Marokkany bölüşmek meselesi boýunça Fransiýa ispan gepleşikleri bolup geçdi, emma ol netije bermedi.
1904-nji ýýlda iňlis-fransuz şertnamasy boýunça Morokko 2 fransuz we ispan Marokkasyna bölünýärdi. Ispan Marokasyna Marokkanyň Demirgazygyň bir bölegi 60-66-ň bir bölegi degişlidi. (onuň meýdany 28 müň km2).
Ispan Marokkasy ispan hökümeti tarapyndan onuň pretekturaty, ýagny ýarym garaşly edilýärdi. Şol ýeriň halyfy ispan hökümeti tarapyndan bellenýärdi. Umuman XX asyryň başynda Ispaniýanyň daşary syýasaty üstünlik getirmedi, onuň düýp sebäbi hem ýurtda dowam edýän konstitutsion monarhistik düzgüni.
XIX-XX asyrlaryň sepgidinde Ispaniýanyň ykdysadyýeti gaty gowşandy. Ispaniýa esasan hem agrar ýurtlygyna galýardy, onuň içeri bazary çäklidi. Ekerançylyk ýerleriniň aglaba bölegi Latifundistleriň (iri mülkdardan) elindili, Mysal üçin: gersog Alba –96 müň ga, gersog Medinaseli-96 müň ga, gersog- Pinýaranda-52 müň ga ýerleri bardy. Ýer eýeleri Madridtde ýaşaýardy, ýerleri dolandyryjylar edara edýärdi. Şol ýerleriň bir bölegi aw etmek üçin niýetlenendi bir böleginde mal saklanýardyr.
Latufundiýalarda esasan hem oba hojalyk işçileri işleýärdi, olaryň sany takmynan 2-2,5 mln-dy. Şolaryň bir bölegi kärendeçidiler. Umuman, Ispaniýanyň oba hojalygy Ỳewropanyň ösen ýurtlaryndan yzdady. Ýurtda agrar gatnaşyklaryň gowşaklygy senagatyň ösüşini bökdeýärdi. 1900-nji ýýlda özbaşdak ilatyň 68% oba hojalygynda, 16% senagatda, 16% hem hyzmat edişde işleýärdi. XIX asyryň 90 ýyllarynda Angliýanyň, Fransiýanyň, Belgiýanyň işewür adamlary ispan senagatynyň demir magdan, dokma pudaklaryna uly möçberde maýa goýumlaryny goýup başladylar.
Netijede XX asyryň başynda Ispaniýada ilkinji senagat birleşmeleri döräp başlady. 1900-nji ýýlda demirgazyk jemgyýeti, 1902-nji ýýlda “Altos Ornosde Biskaýýa” kompaniýasy Aragom maşyn gurluşygy we demirmagdan jemgyýeti, ispan gämi gurluşygy jemgyýeti we ş.m Şeýle hem Ispaniýanyň senagat we söwda ösüşinde täze banklaryň açylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Mysal üçin: 1901-nji ýýlda ispan-amerikan banky 1902-nji ýýlda Ispan kredit banky, Biskdýn banky we ş.m. netijede ýurduň iri mülkdarlary banklaryň senagat ulag we söwda kompaniýalarynyň aksiýalaryny satyn alyp başlady.
Umuman ýurduň baý işewür toparlarynyň senagata ýakynlaşmagy Ispaniýanyň ykdysady ösüşinde täsir edip başlady. 1902-nji ýýlyň Magtymguly aýynyň 17-de şa Aldons –13 tagta çykaryldy (1902-1931). Onuň ýurdy dolandyran döwründe-de nobatlaýyn hökümet düzmek dowam edýärdi. Hökümete gelen partiýa karteslerde hem öz tarapdarlarynyň agdyklyk etmegi ugrunda alada edýärdi.