It sakyrtgasy iksad sakyrtgalarynyň wekilidir. Onuň bedeni ýasy ýa-da ýumurtga şekilli kellekükrekden we garyndan durýar. Erkeginiň garyn astynda we arka tarapynda, urkaçysynyň bolsa diňe arkasynda galkan bolýar. Şu sakyrtgalar gan soranlarynda öz ululyklaryny we şekillerini üýtgetmeýärler. Sakyrtganyň bedeniniň öňki ujunda hortum bar. Bu hortum sanjyjy-sorujy agyz synasydyr. It sakyrtgasynyň liçinkasynda we entek uly sakyrtga öwrülmedigine 6-sany, erkek we urkaçy sakyrtgalarda bolsa 8 sany aýak bolýar. It sakyrtgasynyň erkegi we urkaçysy biri-birinden daşky gurluşlary boýunça tapawutlanýarlar. Erkegi urkaçysyndan kiçi, arka örtügi has berk, garamtyl-goňur reňkli ýalpyldyly, onuň uzynlygy 2,5 mm. ini 1,4 mm. Urkaçysy uly ýalpyldysyz, garamtyl-goňur, onuň uzynlygy 4 mm-den, 11-mm-e çenli ini 7 mm. bolýar. It sakyrtgasy Türkmenistanyň hemme ýerlerinde ýaýran. Ol öý haýwanlary bolan ýabylarda, ownuk we iri şahly mallarda, itlerde, pişiklerde, guşlarda, mugthorlyk edýärler. Sakyrtgalaryň 10 müňe golaý görnüşi bar. Olar dürli ululykdaky möý şekillilerdir. Sakyrtgalar suwda, toprakda duş gelýärler. It sakyrtgasy gan sorujy we ýabany haýwanlarda adama kesel ýaýradyjy hökmünde zyýanlydyr. Şoňa görä-de oňa garşy göreş çärelerini alyp barýarlar.