Italýada irki täzeden döreýiş

Öçür!

Şol sahypa öçürilmeli. Wikipediýa üçin gowy däl bolsa sebäbini aýdyň.
Sebäp ensiklopedik makala däl

Italýada irki täzeden döreýiş (XIV – XV asyrlarda).

1. Italýanyň şaherlerinde içki işewür medeniýetiniň we aňyýetiň döremeginiň şertleri.

2. Italýada irki täzeden döreýşi döwrüniň beýik wekilleri. Dante, Petrarka, Bokaço, Lorenso, Walla.

3. Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda medeniýetiň ösüşine Italýanyň täzeden döreýşiniň täsiri.

Maksady: XIV – XV asyrlardaky beýik geografiki açyşlaryň netijesinde Hindistan deňiz ýolunyň açylmagy, Amerikanyň açylmagy, dünýä söwda ýollarynyň Atlantik ummanyna çenli baryp ýetendikleri ylymda, edebiýatda, sungatda öwrülişik döretdi. Şol bolup geçen wakalar barada düşünje bermek.

Wezipesi: Şu mowzugyň üsti bilen öz türkmen milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, ylym, edebiýatymyzyň ösüşine buýsanç duýgularyny döretmek we watançylyk terbiýesini Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamada: “Erkinlik ýoly milli aňyň, milli ruhuň ýoludyr. Türkmen jemgyýetiniň durmuşyny guramagyň milli ýörelgeleri halk erkinliginiň tejribesine daýanmagyň we ony peýdalanmagyň zerurlygyny görkezýär. Milli medeniýet nazara alynman, onuň bilen ugurdaş bolmadyk islendik durmuş-syýasy özgermeler adamlar tarapyndan kabul edilmez, kagyz ýüzünde galar. Şonuň üçinem esasy zat, türkmeniň asyl ruhy ýolunyň tutulmagydyr” (sah. 399).


XIV asyryň 2-nji ýarymynda Orta asyr Gunbatar Ýewropanyň medeni durmuşynda wajyp öwrülişik boldy. Irki aňyýeti we medeniýeti ýüze çykdy. Ol täzeden döreýiş “Wozraždeniýe” adyny aldy. XV- XVI asyrda gülläp ösdi.

XIV- XV asyrda real italýan wozraždeniýasy barada gürrüň etmek bolar. Iri ýer eýeçilik gurluşynyň agalyk edýän döwründe işewür adamlar agalyk edýän döwründe ýüze çykdy.

XV asyryň ahyryndan başlap Ýewropanyň öňdebaryjy ýurtlary pese düsüp başlap iri ýer eýelerine garşy göreş ýaýbaňlandy. Halkyň, adamlaryň garaýyşlarynda hem öwrülişik boldy Medeniýet şol wagta çenli görülip-eşidilmedik derejä ýokary göterilip başlapdyr. Ylym, edebiýat we sungat paarlap ösüpdir. Ol hem ilki Italýada başlanypdyr. Sebäbi XIV asyrda Italýanyň baý şäherlerinde ilkinji manfakturalar peýda bolupdyr. Işewür monarh ýüze çykypdyr. Olar dünýä täzeçe garapdyrlar. Iri ýer eýeleri bet gazanç etmek üçin talaňçylykly uruşlary we ýerleri basyp almagy niýet eden bolsa, onda işewür adamlar baýlygy söwda hem-de manufakturalardaky hakynatutma işçileri ezmek arkaly edinmeklige çalşypdyrlar. Işewür adamlar “Adam ömrüni ukyda ýatyp geçirmek üçin däl-de, eýsem hereket etmek üçin dogulypdyr” diýen kada eýeripdirler. Olar ylym we tehnikanyň ösmegine gyzyklanypdyrlar. Kärhana eýeleri biri-biri bilen bäsleşip, täze-täze mehanizmleri we enjamlary işe girizipdirler. Takyk hasaplamalar esasynda gysga wagtda ägirt uly jaýlary bina edipdirler, galalary, portlary, kanallary gurupdyrlar. Şäherliler wagty peýdalanmaga üns berip “Wagty peýdalanmagy başarýan adam islän zadynyň eýesi bolar” diýipdirler. Söwda we bank dolanyşygy bilen meşgullanypdyrlar. Ýörite manfakturalary bolupdyr. Italýada bir tarapdan beýleki ýurtlar bilen söwda baglaşdyrýan bolsa, beýleki tarapdan bank işinden ol ýerde köp girdeji gazazanylypdyr. Şol sebäpli söwdagärleriň, bank eýeleriniň, senagatçylaryň elinde ep-esli serişde jemlenipdi. Demirgazyk we Orta Italýada özara uruşlar netijesine syýasy häkimýet söwda-senagat we bank üýşmeleňleriniň elinde jemlenipdir. Baýlar öz aralarynda bäsleşipdir. Owadan köşkler gurmak, biri-birinden tapawutly geýinmek, dürli şay-sepleri dakmak, zynatly öý goşlaryny edinmeklige çalşypdyrlar. “Wozraždeniýa” termini fransuzça “Renessans” bolup, işewür adamlaryň durmuşynda, ylmynda uly ähmiýete eýe bolupdyr.

Ösýän şäherlere bilimli adamlar hasapçylar, ýuristler, inženerler hem-de tehnikadan baş çykarýanlar, mugallymlar we wraçlar barha köp gerek bolupdyr. Baý adamlaryň islegi boýunça arhitektorlar owadan jaýlary heýkeltaraşlar we hakgaşçylar bolsa jaýlary kartinalary hem-de heýkelleri bilen bezäpdirler. Şäherlerde inteligensiýa – akyl zähmeti bilen meşgullanýan adamlaryň aýratyn toparlary ýüze çykypdyr. Täzeden döreýşiň ideýa mazmuny ylymda, edebiýatda,çeperçilik pelsepesinde, pedagogik garaýyşlarda “gumanizm” (ynsanperwer latyn sözi) termini hökmünde şöhlelenipdir. Ģaý üýtgeýän dünýäde hemme zat “Taňrynyň emri” bilen bolýar diýen ynam barha azalypdyr. Adamyň güýjüne we ukybyna bolan ynam täzeden döräpdir. Dünýäni tebigat öwrenmäge janly höwes döräpdir. Gözegçilik we tejribe geçirip tebigy hadysalaryň sebäplerine düsünmäge çalşypdyrlar. Buthananyň ýaşaýşýň hözürinden ýüz döndermek ( muny buthana beýnä ornaşdyryjy) däl-de, gaýtam dünýä tebigaty öwrenmäge janly höwes bilen çalşypdyrlar. Gözegçilik we tejribeler geçirip, tebigat hadysalarynyň sebäplerine düşünmäge çalşypdyrlar. Ýewropada ilkinji muzeýler, botanika we zoologiýa baglary, minerallaryň we ösümlikleriň toplumy (kolleksiýasy) peýda bolupdyr. Gumanist ýazyjylar tebigaty wasp edipdirler, onuň gözelligine täsin galypdyrlar. Hudožnikler adamlary peýzaž esasynda şekillendirip ugrapdyrlar. Ylmyň we sungatyň baglanyşygy pugtalanypdyr. Žiwopisçiler we heýkeltaraşlar adam bedenini dogry şekillendirmek üçin onuň gurluşyny öwrenipdirler. Olar dogry proporsiýalary we perspektiwalary berjaý etmek üçin matematika bilen meşgullanypdyrlar.

Ýazyjylary indi toslanyp tapylan “keramatlylar”däl-de,eýsem janly adamlar, olaryň şatluklary, horluklary gyzyklandyrypdyr. Olar öz döwrüniň şowhunly ýaşaýşyny beýan edipdirler, goşgularyny adamlaryň güýçli duýgularyny taryplapdyrlar. Hudožnikler ozalkysy ýaly dini mowzuklardaky kartinalary döredipdirler. Hristowy madonnalary “keramatlylary” şekillendirenlerinde olar adatdaky adamlara seredip çekipdirler.. Žiwopisçiler özleriniň döwürdeşleriniň diňe hökümdarlaryň däl-de eýsem garamaýak şäherlileriň hem portretini çekipdirler.

Gumanistler ýaşaýşyň maksady bu iň ýokary bagt hudaýa hyzmat etmekden ýa-da harby edermenliklerden ybarat bolman, eýsem olaryň peýdasy üçin zähmet çekmekden ybaratdyr diýip düsünipdirler. Gumanistleriň ünsüni hemme zat kalby we bedeni, pikiri we duýgusy ajaýyp bolan hemmetaraplaýyn ösen adam özüne çekipdir. Şeýle şahyrlaryň biri Dante Aligeri (1265-1321) “hudaýlara bagyşlanok” dini fantastiki komediýasy bilen şöhratlanan şahyrdyr.

Petrarka we Týukaçço italýaly ýazyjylardyr. Françesko Petrarki (1304-1374) florensiýaly bolupdyr. Ol Dante bilen italýan edebi dilini döredijilerdir.

Petrarkiniň döwürdeşi Jowani Bokaçço (1313-1375) öz hobellalary bilen şohratlanypdyr. “Dekomeren” atly ýygyndysynda ruhany dindarlaryň üstünden gülüp, o dünýäde hiç sadyň ýokdygyny, şu dünýäde ýaşaýşa guwanyp ýaşamalydygyny görkezýär. “Fýametto” romanyny ýazyp Ýewropa edebiýatyna ilkinji bolup uly goşant goşdy. Italýan žiwopisine uly goşant goşanlaryň biri Danteniň döwürdeşi Jattodyr (1266-1337) dini temalardan eserler döreden hem bolsa, adamlary diri görkezip olaryň şatlyk we gussasyny oňat şekillendiripdir. Onuň işini Mazaçço (1401-1428) dowam etdirýär.Ol täze adat, güýçli adamlaryň keşbini şöhlelendiripdir.

Donatello realistik eserleri ýazypdyr, Dawidiň heýkelini döredipdir. Brunelleski Florand soborynyň gümmezini ýasapdyr. Grek medeniýetiniň, antik medeniýetiň, latyn ýazyjylarynyň altyn asyrynyň wekillerine meňzejek bolupdyrlar. Aýratyn hem Siserona.

Florensiýa, Rim, Neapolda, Wenesiýada, Milanda gumanistleriň kružoklary bolupdyr. Lorensi Mediçi öz dolandyran döwründe halkyň üňsini özüne çekmeklige çalşypdyr. Köşgüne köp şahyrlary, hudožnik binagärleri, alymlary, pelsepeçi gumanistleri çagyrýar.

Görnükli döwlet işgäri Salýutati özüniň edebi eserleriniň üsti bilen rysarlaryň tug ýarasyndan hem beter cözlemäni başarypdyr.

Taryhçy- gumanistler bütindünýä taryhyny döwürlere bölmäge uly goşant goşupdyrlar. Öz döwrüne täze medeni ýokary göterliş zamany diýip atlandyrypdyrlar.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynda “Meniň ýolum- geljegi milletiň aňyýetine we ruhyýetine baglap goýmak ýoludyr. Geljegiň reňki milli aňyýetiň we ruhuýetiň berjek boýagyna bagly bolmalydyr” sah. 402.