Italiýa 1871-1914-nji ýyllar aralygynda

Mowzuk: Italiýa 1871-1914-nji ýyllar aralygynda

M E Ý I L N A M A

1. XIX asyryň soňky çärýeginde Italiýanyň senagatynyň we oba hojalygynyň ösüşi.

2. Watikan we onuň italýan jemgyýetiniň durmuşyndaky orny.

3. XIX asyryň 80-90-njy ýyllarynda Italiýanyň syýasy durmuşy.

4. XX asyryň başynda italýan hökümetiniň içeri we daşary syýasaty.

Yeketäk Italýan döwletiniň döredilmegi hem-de onuň daşary ýurt tabynlygyndan çykmagy ýurduň içinde täze gatnaşyklaryň ösmegine getirdi. Indi Italiýanyň Ýewropada hem halkara abraýy artyp başlady. Şeýle bolsada XIX asyryň soňky çärýeginde Italýan senagatyň we oba hojalygynyň ösüşi gyradeň däldi. Esasan hem ýurduň günortasy bilen demirgazygyň ösüşinde düýpli aratapawut bardy.

Tutuş alnanda 1871-nji ýylda Italiýa agrar ýurtlugyna galýardy. Onuň oba-hojalygynda easan hem ýere bolan eýeçilikde orta asyrlaryň galyndylary dowam edýärdi. Mysal üçin 1861-1870-nji ýyllar aralygynda ýurduň milli baýlygynyň ýarysyndan gowragy ýer eýeçiliginiň paýyna düşýärdi (25 mld lir). Oba hojalygynyň önümleriniň möçberi her ýylda 3 mld lir töweregidi, senagat önümçiliginiň möçberi 1 mld lir.

Emma ýurduň birleşdirilmeginiň tamamlanmagy milli bazaryň döremegini, senagatyň ekerançylykdan bölünip aýrylmagyny baýlygyň taplanmagyny tizleşdirdi. Ýurtda aýry-aýry welaýatlaryň arasyndaky gümrük päsgelçilikleri aýryldy, ýeketäk pul birligi girizidldi. Şeýle hem demir ýol gurluşygy we beýleki aragatnaşyk serişdeleri guruldy. 1865-1900-njy ýyllar aralygynda demir ýollaryň umumy uzynlygy 15880 km ýetdi. (1865–4420 km)

Umuman XIX asyryň soňky çärýeginde italýan senagaty ownuk haryt önümçiliginden fabrik-zawod görnüşine geçip başlady. Ýurtda 1 nah mata, ýüň, dagmagdan senagaty giň gerim bilen ösýärdi hem-de şol bilen bir hatarda Pýemont, Lambardiýa, Liguriýa ýaly şäherlerde ilat hem köpelýärdi. Täze döwürde Italýan obasynyň ýagdaýy onçakly öwerlikli däldi. Hökümet buthana onuň guramalaryna degişli 750 müň ga ýeri, hem-de 1,6 mln döwlet ýerlerini satdy. Beýle ýagdaýlar obada täze gatnaşyklaryň ösmegine getirdi, emma ol ösüş gyradeň däldi. Demirgazyk ýerlerinde, Lambardiýa, Pýemont, Emiliýa-oba hojalygy täze tehnika, agranomçylygyň täze gazananlaryny önümçilige oranşdyryp has ösen ýerlerdi.

Italiýanyň günortasy Sisiliýa, Sardiniýa adalary bolsa oba-hojalyk babatda gowşakdy. Esasan hem 1885-1887-nji ýyllar aralygynda oba hojalygynda çökgünligiň emele gelmegi oba hojalyk önümleriniň nyrhlarynyň pese gaçmagyna getirdi. Bu döwürde Italiýa bugdaý, galla we beýleki galla önümlerini daşary ýurtlardan satyn almaga mejbur boldy. Umuman XIX asyryň 80-90-njy ýyllarynda Italiýanyñ ykdysady ösüşi gyradeň däldi. Bütin ýurduň milli baýlygynyň 56%-Demirgazykda, 17% Merkezi Italiýada, 27% Günorta Italiýa, Sisisliýa degişlidi. Italiýanyň ýeketäk döwlet hökmünde ýaşamagynyň ilkinji 15 ýylynda häkimiýetiň başynda aram-liberal ugurly syýasy topar durýardy (1861-1876). Onuň içeri syýasaty esasan hem Kawura we Saboýa dinastiýasynyň (mirasdüşerleriniň) aram maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýardy. Hökümet boýunça çäreleri geçirip, gysga wagtyň içinde döwletiň girdejisini artdyrdy. Mysal üçin: 1862-1876-njy ýyllar aralygynda döwlet gaznasyna gelýän girdeji 2,5 esse artdy. Ondan başgada hökümet ýurduň kredit bank ulgamyny hem kämilleşdirdi. Ilkinji nobatda daşarky syýasatyň durmuşa geçirilmegi bilen Italýan bazaryna daşary ýurt harytlary gelip başlady.

Umuman hökümetiň 60-70-nji ýyllardaky geçiren ykdysady syýasaty belli bir derejede ýurduň ýagdaýynyň gowulanmagyna täsir etdi. Frank-Prus urşy ýyllarynda Italýan korollygyna Papa welaýatynyň birikdirilmegi ugrundaky göreş tamamlanýar. Netijede Italiýa konstitusiýasy monarhiýa görnüşli döwlet hökmünde emele gelýär. Onuň ilkinji koroly Wiktor Emmanuil II tagta gelýär. Şa parlamentiň kanuny ygtyýarlyklary berilýär. Ýagny: uruş yglan etmäge hukuk berilýär. Şertnama baglaşmaga, ýurduň ýaragly güýçlerine hökümetiň daşary syýasatyna gözegçilik etmäge hukukly edilýär. Resmi syýasy partiýa hökmünde ykrar edilmese-de şanyň daş töweregindäkiler “köşk partiýasy” arkaly ýurduň syýasy ugruna täsir edýärdi. Olar ministrleri, ministr sowetiniň başlygyny, harby serkerdeleri bellemekde aýgytly rol oýnaýardylar. Konstitusiýa boýunça azatlyklary: raýatlaryň hususy eýeçiliginiň, ýaşaýyş jaýlarynyň eldegirilmesizligini kepillendirýär. Şeýle-de Italiýanyň döwlet gurluşy orta asyr galyndylary bilen bir hatarda täze demokartik düzgünleri hem girizdi, öz içine aldy.

Papa welaýatynyň Italiýa birikdirilmegi Rim papasynyň dünýewi häkimiýetiniň soňuna çykylandygyny aňladýardy, bu ýagdaý bolsa Watikan bilen döwletiň arasyndaky dawany güýçlendirýärdi. Papa welaýatynyň Italiýa birikdirilenden soň 1871 ýylyň Magtymguly aýynyň 13-de “Buthana bilen döwletiň özaragatnaşyklary barada” kanun kabul edildi. Şonda papa eldegirilmesiz we keramatly diýip yglan edilýärdi, oňa ähli dini hereketleri amala aşyrmakda erkinlik berilýärdi, şeýle hem din papasy beýleki döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary amala aşyrmaga hukuk alýardy. Papa köşgüni howlusyny saklamak üçin döwlet her ýyl 3,2 mln lir möçberinde pul goýberýärdi. Kanun boýunça Papa Rimdäki Watikan we Lateran köşkleri berilýärdi. Emma hökümet buthanany döwletden we mekdepleri buthanadan aýyrmagy başarmady. Sebäbi ýurduň aglaba böleginde esasan oba ýerlerindäki mekdeplerde hudaýyň kanunlary okadylýardy, buthana nikasy hökmany kanundy.

Şeýlelik bilen rim-katolik buthanasy täze gatnaşyklara laýyklykda kem-kemden öz işini guraýardy. Emma Piý 9-ň mirasdüşeri Lew-15 (1878-1903) buthanany döwlete garşy goýmakda täze şygary “jemgyýetçilik tertibiniň duşmanlaryna” garşy göreşmegi öňe sürdi.

1880-nji ýylda “Banka de Roma” guramasy jemgyýeti Watikan bilen hökümetiň we maliýe toparlarynyň arasyndaky dellal hökmünde çykyş etdi. Bu gurama esasan hem buthananyň diniň täsiriniň has giňeldilmegini, güýçlenmegini öňe sürdi.

Umuman Watikan Ilatiýanyň paýtagtynda ýerleşýän ýer: onuň meýdany 0,44 kw km, ilaty 830 adam (1995) Döwlet hökmünde 1929-njy ýylyň Baýdak aýynda emele geldi. Döwlet başy Ioon Pawel 2-1878-nji ýylda tagta geldi. (aýaly Watylla-polýaj) özüniň gerbi, baýdagy, puly (watikan lirasy) goşuny, radiostansiýasy, gazeti bar. Baý döwlet-aksiýalar, gyzyl zapasy 13 mld dollar –poçta markalary, katolikleriň buthanalary, suwenirleri bar.

1876-njy ýylyň Nowruz aýynda Italiýada hökümete (parlament rewolýuasiýasy netijesinde) “çepçiler” gelýär, olar hem Monarhiýanyñ tarapdary bolup, aram-konstitusion özgerişleriň tarapdarydy. Ol hökümet başda ýurtda dolandyrmak reformasyny geçirmek, salgyt ulgamyny gözden geçirmek, hökmany we mugt başlangyç bilim bermek ýaly wadalary berdi. Olaryň birnäçesi durmuşa geçirildi: Mysal üçin 1882-nji ýylda dünýewi mekdep we raýat nikasy baradaky kanun kabul edilip, onda buthananyň täsiri çäklendirilýädi.

1879-njy ýylda hökmany başlangyç bilim bermek girizildi, 1882-nji ýylda täze saýlaw kanuny we ş.m. Şeýlelikde ýurtda belli bir derejede parlament düzgüni dikeldildi. Ondan başgada Agostino Depretisiň hökümeti ýurduň ykdysady syýasatyna hem täsir etdi. Netijede XIX asyryň ahyrynda demirmagdan, maşyn gurluşyk, şeker senagatynyň ösmegi bilen aksioner jemgyýetler döräp başlady.

Ýaş Italiýa döwletiniň Ýewropadaky ýagdaýy ilki başda agyrdy, sebäbi şol döwürde frank-italiýa, awsitro-italiýa gapma-garşylyklary ýitileşipdi.

Şeýle şertlerde ykdysady we harby güýjüniň ýeterlik derejede bolmagy italýan hökümetiniň daşary syýasatyny seresaplyk bilen geçirmäge mejbur edýärdi. Onuň 1866-njy ýylda Awstriýa bilen bolan uruşda Wenesiýa welaýatyny özüne birikdirmegi, 1870-1871-nji ýyldaky frank-orus urşunyň netijesinde Papa oblastyny eýelemgi daşary syýasat işinde uly üstünlikdi. Indiden beýläk Italiýanyñ daşary syýasat ugrunyň bar maksady “güýç toplamakdy” we onuň Ýewropa ýurtlary tarapyndan ykrar edilmegini gazanmakdy. Muňa seretmezden italýan hökümeti Afrika ýerlerine aralaşmak işine hem başlady. 1881-nji ýylda ol Gyzyl deňziň kenarynda Ezitreýany özüne bakna edindi. Şeýle hem Italiýa Tunisi eýelemegi niýet edinipdi, emma Fransiýa 1881-nji ýylda basyp alýar, netijede italýan-fransuz gapma garşylygy ýitileşýär. Şoň üçin 1882-nji ýylda Italiýa, Awstriýa-Wengriýa Germaniýa ýaranlygyna goşulýar. Ondan hem başga Italiýa Angliýa bilen gatnaşyklary kadalaşdyrýar, 1887-nji ýylda ol Angliýa bilen şertnama baglaşýar, ýagny 2 döwlet Ortaýer, Gara, Egeý, Adriatik deňizleriniň kenarlarynda deňhukukly hereket etmegi üçin.

Şeýlelikde 1887-nji ýylda häkimiýete Françesko Krispi gelýär. Ol bir bada häkimetiň baslygy hem-de içeri we daşary işler ministri wezipelerini eýeleýär. Onuň maksady ýurtda şahsy häkimiýet düzgünini berkitmekdi. Özüniň bu herektinde Krispi parlamentdäki toparlaryň birnäçesine daýanýardy. Şonuň üçin ol öz çykyşynda parlamentiň abraýyny ýokara, beýige galdyrmaga çagyrýardy. Özüniň daşary syýastynda Krispi Afrikada giň baknalyk imperiýasyny döretjekdi, şol maksat bilen ol ýurduň ýaragly güýçlerine goýberýän çykdajyny artdyrdy. 1888-nji ýylda Samali garaşly edildi, 1889-njy ýylda Italiýa Efiopiýa garşy deň bolmadyk şertleri öňe sürdi. Ol hem başa barmansoň oňa garşy uruşa başlady, ol hem Italiýa üçin şowsuz tamamlandy. 1896-njy ýylyň Baýdak aýynda 17 müňli italiýa goşuny Efiopiýa ýaragly güýçleri tarapyndan derbi-dagyn edildi. Şu ýagdaý hem 1896-njy ýylyň Nowruz aýynda Krispiniň wezipesinden gitmegine getirdi.

Umuman Krispiniň geçiren çäreleri hem şowly bolmady. 1891-1893-nji ýyllarda ýurtda bank çökgünligi emele geldi, Rim banky bankroda düşdi we ş.m. onuň ýerine Rudininiň hökümeti ýurdy dolandyryp başlady (1896-1898) general Pellu ýurtda diktatorlyk düzgünini dikeltdi.

XX asyryň başlarynda Italiýada täze dörän fabrik-zawod senagaty emele geldi. Ol esasan hem Demirgazykda-Lombardiýada, Liguriýada we Pýemontda emele gelipdi. 1897-nji ýyldan-1914-nji ýyl aralygynda ýurduň senagat önüminiň umumy mukdary 2 mld lirden 4,7 mld lire ýetdi, milli girdeji 10,1 mld-n 19,1 mld ýetdi. Senagat kärhanalarynyň umumy sany 1900-1911-nji ýyllar aralygynda 117-den 243,9 müňe ýetdi. Şeýle ösüş Italiýany birinji jahan urşunyň öňisyrasynda agrar-industrial ýurda öwürdi. Senagatyň ösmegine ýurtda iri baýlyklaryň, senagata goýulýan uly möçberde maýa goýumlarynyň we bank süýşüntgileriniň artmagy kömek etdi. Mysal üçin 1901-1914-nji ýyllar aralygynda senagata 187 mld bir goýuldy, ýa-da 1913-nji ýylda ýerli banklardaky we amanat kassalardaky goýumlar 7,7 mld lir.

Italiýada önümçiligiň we kapitalyň doly hukugy eýeçilige geçilmegiň we kapitalyň doly hukukly eýeçilige geçilmegi (monopol) esasan hem ösen ýurtlaryň nusgasy boýunça amala aşyrylýardy. Bu babatda ýurduň Demirgazygy öňde barýardy, onda agyr senagaty, dokma senagaty, bank işi has ösüpdi. 1914-nji ýylda Italiýanyň maşyn gurluşyk senagatynda “Ansaldo”, “Bredo” demirmagdan senagatynda “Terhi”, “Orlando”, “Odero”, elektrik senagatynda “Edison”, “Le çentrali”, himiýa senagatynda “Pirelli”, “Mantekatini” awtoulag senagatynda “Fiat”, Spa, “Lonça” ýaly firmalar we konsernler doly hukukly eýeçilige geçipdi.

Şeýlelikde Italiýada paýdarlar jemgyýetleri, banklar döräp başlady.

XX asyryň başynda ýurduň oba hojalygy senagatdan yza galýardy, onuň sebäbi ekerançylykda orta asyr usullary dowam edýärdi. Oba hojalyk önümleriniň öndürilişi, ösüşi esasan hem tehniki serişdeleriň ulanylyp başlanmagy esasynda duýulýardy. Emma köp babatda Günortanyň yza galmagy (şol sanda adamlaryň) “günorta meselesini” döredýärdi. Şol sebäpden hem ýurduň tutuş ilatynyň jan başyna düşýän girdejisiniň derejesi boýunça Italiýa Ýewropada iň soňky orunlardady. XX asyryň başlarynda ýurtda gymmatlygyň ösmegi, ýaşaýyş jaýlarynyň ýetmezçiligi, işsizligiň artmagy, italýanlaryň aglabasynyň daşary ýurtlara iş gözläp gitmegine getirdi. 1901-1914-nji ýyllar aralygynda jemi 7,7 mln adam iş gözläp daşary ýurtlara gitdi, olar esasan hem senetçiler, hünärmen işçiler we ş.m. Umuman emmigrasiýa meselesi Italiýan, jemgyýetinde hat-da hökümetinde-de jedelleriň ýüze çykmagyna getirdi.

1900-nji ýylda Italiýanyň koroly Umbertonyň janyna kast edildi. Onuň ýerine Wiktor Emmanuil tagta geldi. 1901-nji ýylda ol aram hökümeti ýagny Džanardelli-Jolitti hökümetini döretdi.

Italiýa indi aram döwre gadam basdy. Ol döwür Jowanni Jolittiniň aram toparyň lideriniň ady bilen baglanyşykly.

Jolitti ýurtda durmuş gapma-garşylyklaryny gowşatmaga synanyşmak ýurtda ykdysadyýeti ösdürmek Italiýanyñ halkara ýagdaýyny gowulandyrmagy öňe sürdi. Ol ilki bilen ilatyň satyn alyjylygyny ýokarlandyrmak, söwdany we hususy telekeçiligi goldamak, şeýle hem hojalyk durmuşynda döwletiň roluny ýokarlandyrmak, býujeti berkitmek meselelerine üns berdi. Umuman onuň ahyrky maksady içerki bazary giňeltmekde şeýle hem ol jemgyýetçilik işlerini goldamak, sosial reformalary geçirmek işlerini hem amala aşyrmak kesgitlendi.

Jolittiniň geçiren ilkinji çäreleri durmuşa geçirildi, ýagny ýurtda girizilen adatdan daşary ýagdaý ýatyryldy, günä geçmek işi geçirildi, kärdeşler arkalaşyklary ykrar edildi, ýetginjekleriň we aýallaryň zähmetini goramak barada kanun kabul edildi, ýurtda zähmet biržasy döredildi we ş.m.

1904-nji ýylda geçirilen parlament saýlawlary netijesinde Jolittiniň hökümeti wezipesinden gitdi, onuň ýerine hökümete Fortisiň we Lonninonyň ýolbaşçylygynda sagçy toparlar geldi. Emma olar ýurdy köp wagt dolandyryp bilmedi, sebäbi hökümet ýurtdaky emele gelen syýasy güýçleriň mynasybetini hasaba alman reaksion düzgüni dikeltjek boldy. 1906-njy ýylda Jolitti ýene-de hökümetiň başyna geldi we 1906-1909-njy ýyllar aralygynda ýurdy dolandyrdy.

Jolittiniň täze hökümetini çepçi liberal (aramçylar) bilen bir hatarda radikallar topary hem goldady.

XX asyryň başlarynda hökümet Italiýanyň ykdysadyýetini kämilleşdirmek ugrunda birnäçe çäreleri geçirdi. Olardan: ýurtda täze demir ýollary gurmak, täze gämi duralgalaryny döretmek, söwda flotyny ösdürmek. Şeýle hem hökümet daşary ýurtlardan alnan karzlaryň % tölegini 5-den 3,5% getirdi. 1906-njy ýylda Günorta ýerlere hökümet 120 müň lir möçberinde serişde bölüp berdi.

Umuman Jolittiniň hökümeti XX asyryň başynda Italiýanyň jemgyýetçilik durmuşyny kadalaşdyrmakda köp işleri geçirdi. Şeýle bolsada ýurtda dowam edýän syýasy çaknyşyklar, syýasy dawalar, syýasy gapma-garşylyklar hökümetiň syýasatyna hem täsir etdi.

Jolittiniň hökümetiniň aram syýasatyny ýazgarýanlar artyp başlady. 1913-nji ýylyň parlament saýlawlarynda Jolitti we onuň liberal topary katolikler (dindarlar) bilen bileleşdi. Şeýle bolsa-da 1914-nji ýylyň Magtymguly aýynda Jolittiniň hökümetiniň ýerine Salandranyň konserwatiw kabineti geldi. Şeýlelikde Italiýanyň jemgyýetçilik durmuşynda “liberal (aram)döwür tamamlandy.

XX asyryň başynda Italiýanyň daşary syýasaty esasan hem ýurduň koroly we hökümetiň ýolbaşçysyndan ugur alýardy. Şol sebäpden hem Italiýanyň daşary syýasatynda 2 ugur emele geldi. Birinjisi sagçy toparlaryň täsiri astynda basybalyjylyk syýasaty, ikinjisi ýaraglanşygyň haýdadylmagyna garşy täze ýerleri (baknalyklary)basyp almak hereketine garşy.

1900-1902-nji ýyllarda Italiýa, Angliýa, Russiýa, Fransiýa ýaly ýurtlar bilen ýakynlaşmak çärelerini amala aşyrýar. 1906-njy ýylda iňlis-frank-italiýa ylalaşygy baglaşylyp, şoňa laýyklykda Efiopiýada täsir ediş bölekleri (ýerleri) kesgitlendi. Beýle ýagdaý italiýa-germaniýa we italiýa-awstriýa gapma-garşylygyny güýçlendirdi.

1908-1909-njy ýyllarda Yakyn Gündogar we Bosniýa çökgünligi döwründe Italiýa, Fransiýa we Russiýa (Orsýet) bilen ýakynlaşyp başlaýar. 1909-njy ýylda Nikolaý II Italiýa resmi sapar bilen gelip, Balkanlarda we Ortaýer deňiz ýakalarynda hyzmatdaşlyk etmek ylalaşygyny baglaşdylar. Umuman, bu döwürde Italiýa “parahatçylykly ykdysady aralaşma” syýastyndan ugur alyp, Germaniýa, Awstriýa-Wengriýa, Orsýet, Fransiýa, Angliýa ýaly döwletler bilen ylalaşykly ýaşamagy isleýärdi.

Şol bir wagtda italýan hökümeti öz senagatçylaryna, bank eýelerine olaryň Albaniýada, Çernogoriýada, Kiçi Aziýada, Osmanly imperiýada täsirini güýçlendirmek çärelerini hem geçirýärdi. Beýleki Ýewropa ýurtlary ýaly Italiýa hökümeti Türkiýe meselesinde harby agdyklyk hereketini görkezmek usulyny ulanýardy, bu bolsa öz gezeginde italiýa-türk gatnaşyklaryny çylşyrymlaşdyrýardy.

1904 -nji ýylyň Ruhnama aýynyň 29-da Italiýa Türkiýa garşy uruş yglan edýär, hem-de Tripolitani we Kirenake ýerlerine goşun düşürýärdi. Tiz wagtda italiýan goşunlary Dardanell etraplarynda, Gyzyl we Egeý deňizlerinde hereket edip, birnäçe ýerleri eýeleýär (Rodos, Dodskanes) Uruş Italiýanyň harby we ykdysady kuwwatynyň agyr senagaty boldy, onuň halkara derejesiniň gowşanlygyny görkezdi.

Emma Balkan ýurtlarynyň Turkiýä garşy bilelikdäki harby hyjuw hereketlerine başlamagy 1912-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynda ýaraşyk baglaşmagy tizleşdirdi. 1912-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 18-de Lozzan şertnamasy baglaşyldy, şoňa laýyklykda Tripotaniýa we Kirenaika Italiýanyň ygtyýaryna geçýärdi.

Ondan başga-da Italiýa 1911-1913-nji ýyllar aralygynda Liwiýany basyp almak hereketini giňeltdi, diňe şu ýyllaryň içinde hökümet Liwiýadaky harby hereketler üçin 1,5 mld lir harç etdi.