Italiýa 1918 – 1939-njy ýyllar aralygynda

Italiýa 1918 – 1939-njy ýyllar aralygynda


Meýilnama:


1. Italiýa dünýä ykdysady çökgünlikleri ýyllarynda.

2. XX asyryň 20-nji ýyllarynda Italiýanyň syýasy durmuşy. Hökümetiň içeri syýasaty.

3. Italiýa faşizminiň daşary syýasaty.


I-nji jahan urşunyň netijesinde Italiýa özüni “ýeňijileriň içinde ýeňilen” hökmnde duýýardy. Uruş döwründe bu yurt 700 müňe golaý adamy ýitirdi we 1 million gowrak adam maýyp boldy. Harby hereketler netijesinde ýurduň demirgazyk böleginiň köp ýerleri ýumrulypdy, ol öz söwda gämileriniň 60%-e golaýyny ýitiripdi. Italiýa öz soýuzdaşlary bolan ABŞ-a 1,5 milliard lir, Angliýa 2,5 milliard lir karz bolupdy. Pariž maslahatynyň kararlary boýunça Italiýa – Astriýanyň günbatar bölegi, Pola we Golsiýa ýerleri geçdi.

Jahan urşunyň talaplary Italiýanyň agyr senagatynyň ösmegine getirdi. Bu yurt agrar ýurtdan agrar-indurtrial ýurtda öwrüldi. Esasan hem demir magdan, maşin gurluşyny we himiýa senagat pudaklary has ösdi. Döwlet karzynyň hasabyna agyr senagatda “Ansaldo”, “Ilwa” kompaniýalary, awtomobil senagatynda “Fiat” harby enjamlary öndürýän “Breda’ we ş.m. firmalar uly konsernlere öwrüldi. Şol bir wagtyň özünde orta we ownuk telekeçiler önümçiligi kemeltmäge hat-da ýapmaga mejbur bolupdy. Şonuň üçin hem uruş iri kapitalyň öz ornuny güýçlendirmäge we kuwwatyny ösdürmäge ýardam etdi.

Italiýada jahan urşy tamamlanandan soň senagat agyr ýagdaýa düşdi, sebäbi bu döwürde içerki bazaryň işlemeýändigi, adaty daşary söwda gatnaşyklarynyň bozulmagy, önümçiligiň birden aşak gaçmagyna getirdi, 1920-nji ýylda bolsa ol ykdysady çökgünlige geçip başlady.

Urşuň agyr netijeleri, işsizligiň artmagy, zähmetkeşleriň hal-ýagdaýynyň agyrlaşmagy ýurtda synpy göreşiň ýitileşmegine alyp geldi. Esasan hem 1918 – 1920-nji ýyllarda iş taşlaýyşlaryň artmagy (1918ý., 292; 1919ý – 1871; 1920ý. - 2070) we olara gatnaşýanlaryň sanynyň artmagy (2 milliona çenli) bu göreşiň subutnamasydyr.

Şonuň üçin hem bu döwürde syýasy partiýalaryň ýagny italýan sosialistik partiýasynyň, zähmetiň ähliumumy konfederasiýasynyň täsiri artyp başlady. Italýan sosialistik partiýasynyň hatarynda 1920-nji ýylda 200 münden gowrak adam bardy, zähmetiň ähli umumy konferensiýasynyň hatarlarynda bolsa 2 million gowrak adam bardy. Emma bu partiýalaryň, esasan hem ISP-ň içinde jebisligiň ýoklugy, onda fraksiýalaryň bolmagy dürli syýasy garaýyşlary emele getiripdi. Şol bir wagtda ýagny 1919-njy ýylyň Nowruz aýynda Italiýada faşistik hereket ýüze çykypdy. Milagda “Faşi di Kombattimento (Söweşjeň soýuzlar) diýip atlandyrylýan gurama döredilip, oňa 1914-nji ýylda sosialistik partiýanyň hatarlarynda çykarylan Benito Mussolini ýolbaşçylyk edyärdi. Belli bir syýasy maksatnamany öňe sürmezden faşistler köpçülik içinde meşhur bolan: respublikany döretmek, ähliumumy saýlaw hukugyny girizmek, garyp daýhanlara ýer bölüp bermek we ş.m. şygarlary ulanýardylar. Bu bolsa olara işçileriň we daýhanlaryň bir bölegini öz tarapyna, çekmäge mümkinçilik berýärdi, ýöne olaryň esasy daýanjy ownuk işewürlerdi. Eýyam 1919-njy ýylyň güýzünde faşistler ýaragly bölümleri döredip başlapdy, olaryň hatarlarynda 17 müňden gowrak adam bolup, olar esasan hem urşa gatnaşanlar, milletçiler we ş.m.

1919 – 1920-nji ýyllarda Italiýada synpy göreş has ýitileşdi. Şeýle ýagdaýda 1919-njy ýylyň Sanjar aýynda parlamente saýlawlar bolup geçdi. Saýlawlarda sosialistler 1913-nji ýyla seredende 3 esse köp ses toplady, hem-de parlamentde 156 ýer aldy. Saýlawlarda uly ýeňilişe sezewar edilen italýan işewürleriniň adaty partiýasy bolen aramçylar abraýdan gaçdy. Ýöne şonda-da olar özüňe degişli partiýalar, toparlar bilen birleşip parlamentde jemi 200 ýer eýelediler. Saýlaw netijesinde täze hökümet döredilip, onuň başynda sosialistler durýardy. Olara ses beren saýlawçylaryň aglaba bölegi indi öz durmuşynyň gowy boljakdygyna ynanýardylar. Emma sosialistler ynamy ödemediler, olar hat-da hökümetde islemekden hem ýüz öwürýärdiler. Aramçylara bolsa pursatdan peýdalanyp häkimiýet başyna gaýdyp geldiler.

Emma eýýäm 1921-nji ýylyň başyndan Demirgazyk Italiýada faşistik hereket uly germ bilen ösüp başlady. Ol herekete ilatyň dürli toparlary, hususyýetçiler, ownuk söwdagärler, ussahanalaryň eýeleri, gullukçylar, talyplar we ş.m. gatnaşýardy. Oba ilaty hakynda gürrüň edilende bu döwürde iri ýer eýeleri (mülkdarlar), kärendeçiler hem ýurtda “berk häkimiýetiň” döredilmeginiň tarapdarydy.

Şeýlelikde Italiýada faşistik hereketiň ösmegi netijesinde 1921-nji ýýlyň ahyryna olaryň hatarlarynda 300 müňden gowrak adam bardy. 1921-nji ýylyň Sanjar aýynda olar öz gurultaýyny çagyryp, resmi ýagdaýda öz partiýasyny döredýändigi barada karar kabul etdi we öz maksatnamasyny metbugatda çap etdi.

1922-nji ýylyň güýzünde Italiýada özboluşly 2 häkimiýetlilik emele geldi. Faşistler häkimiýetiň gowşaklygyndan peýdalanyp doly derejede işçleriň we demokratik guramalary ýumuryp başladylar. Mussolini öz kömekçilerine döwlet agdarylyşygyny taýýarlamagy tabşyrdy. Garaşsyzlyk aýynyň 24-nde ol faşistik partiýanyň gurultaýynda hökümete şertli duýdüryş (ultimatum) bildirip hökümetde faşistler üçin 6 sany ministrlik ýeri boşadyp bermegi talap etdi. Şondan soň ol Garaşsyzlyk aýynyň 28-nde Italiýanyň ähli faşistleri “Rime ýöriş” guramaga çagyrdy, şol gün “gara köýnekli” faşistleriň uly bölümleri paýtagta tarap ýeňdiler. Hiç hili garşylyk görkezmän şa Wiktor Emmanuil Mussolinä hökümet başlygy wezipesine geçmegi hödürledi. Parlamentde ses goýlanda Mussolini üçin 306 deputat ses berdi, 102 garşydy.

Şeýlelik bilen hökümsüriji toparlaryň wekilleri häkimiýeti faşistlere berdi. 1923-nji ýylyň Gurbansoltan aýyna çenly Mussolininiň hökümeti koalisiondy, oňa halk patriýasynyň, aram partiýasynyň wekilleri hem gatnaşýardy. Gysga wagtyň içinde Mussolininiň hökümeti “Uly faşistik maslahat” döredip oňa esasan hem faşistik partiýanyň agzalary, faşistik ministrler we beýlekiler girýärdi.

1924-nji ýylyň Gurbansoltan aýynda faşistler tarapyndan taýyarlanan täze saýlaw kanuny esasynda parlament saýlawlary geçirildi. Şol kanuna laýyklykda saýlawlarda 50% köp ses alan partiýa parlamentdäki ýerleriň 2/3 bölegini ýelemelidi. Saýlawlar netijesinde faşistler sagçy liberallar bilen bilelikde hereket edip 4,5 million ses toplady, beýleki partiýalar bolsa 3,5 million ses aldy.

Parlamentiň ilkinji mejlisinde deputatlar faşistik baş-başdaklygy ýazgaryp çykyş etdiler. Sosialistik Jakoma Matteoti Magtymguly aýynyň 30-nde faşistleriň saýlaw döwründäki gödek hereketlerini ýazgaryp çykyş etdi. Birnäçe günden soň ol köçede öndürildi. Şu wakadan soň parlamentdäki sosialistik-deputatlar, liberallaryň we katolikleriň aglaba bölegi parlamentden çykyp, appozision partiýalaryň komitetini, ýagny, “Awentin bileleşigini” döretdiler. Emma bu guramanyň ykbaly hem pajygaly ýagdaýda gutardy.

Şeýlelikde 1926-njy ýylda Italiýada totalitar faşistik düzgün dikeldildi. Faşsitik partiýa terrorçylyk hereketini ulanyp uzak möhletleýin häkimiýeti öz eline aldylar.

Durnuklaşmak şertlerinde Italiýanyň senagatynyň ösüşi duýulyp başlady. 1925-nji ýylda 1922-nji ýyl bilen deňeşdirende senagat önüçiligi 50%, elektrik energiýa 75% artdy, polat öndürilişigi 1,5 esse köpeldi. Bu ösüşde esasan hem daşary ýurtlardan (ABŞ, Angliýa) alynýan karz pullaryň hasabyndady (inwestisiýa).

Senagat önümçiligi 1929-njy ýyla çenli ösdi, emma şol ýýl başlanan ykdysady çökgünlik Italiýanyň işjeň işeňirligini aşak çagyrdy. 1929-njy ýylyň ahyryna Nýu-Ýork biržasynda nyrhlaryň aşak gaçmagy ýurduň ykdysadyýetine urlan zarbady. Italiýanyň ykdysadyýetiniň özenini düzýän dokma senagaty dargady. Çökgüňlik italýan durmuşynyň ähli pudaklaryna, şol sanda maliýe pudagyna hem täsir etdi. Italiýanyň iri banklaryndaky pul goýumlarynyň alynmagy olaryň ýagdaýyny agyrlaşdyrýardy. Italýan kommersiýa (telekeçilik) bankynyň, karz bankynyň, Rim bankynyň çökgünlige düşmegi ýurduň hojalyk durmuşynyň pese gaçmagyna getirdi. Krizisiň ilkinji üç ýylyň içinde Italiýanyň senagaty 1,5 esse, daşary söwda 3 esse, demirýollaryň ýük dolanyşygy 40% kemeldi. Çökgünlik köpsanly ownuk we orta kärhanalaryň dargamagyna getirdi, bu bolsa öz gezeginde önümçiligiň 1 ýere üýşmegi hereketini tizleşdirdi. Muňa faşistik hökümetiniň syýasaty hem dogry gelýärdi, sebäbi hökümet monopol birleşmelere ýakyndan kömek berip başlady. Iri kärhanalary maliýeleşdirmek üçin ýörite senagat täzeden gurnaýyşynyň döwlet instituty döredilip, ol iri senagatçylara karz bermegi, gymmatly kagyzlary (aksiýalary) satyn almagy we ş.m. işler bilen meşgullanýardy.

1930-njy ýylda hökümetiň karary bilen korporasiýalaryň milli Soweti döredildi. Onuň esasy wezipesi italýan ykdysadyýetine umumy ýolbaşçylyk etmek we önümçiligiň dürli pudaklarynyň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmakdy. Bu Sowete 22 sany milli korporasiýalar garaşly bolup, ol italýan ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryny öz içine alýardy.

1934-nji ýylda Italiýanyň bütin işleýän ilaty korparatiw ulgamyna girýärdi: işçiler, daýhanlar, senetçiler, senagatçiler we ş.m. Şeýlelik bilen korparatiw ulgamynyň döredilmegi faşistik döwletiň ýurduň ykdysadyýetine gatnaşmagyny aňladýardy, umuman hökümet ýurduň ähli pudaklarynyň işine doly gatyşmaga hukuk alypdy.

XX asyryň 30-njy ýyllaryň başlarynda italýan faşizmi özüniň basybalyjylyk maksatlaryny durmuşa geçirmäge girişdi. Diňe 1930-njy ýylda Mussolini daşary syýasat meseleleri dogrusynda 26-a golaý çykyş etdi. Ol hemişe Italiýanyň I jahan urşy netijesinde ýeke galandygyny belläp, Orta ýer deňzini “italýan köküne” öwürjekligini nygtaýardy.

1932-nji ýylda Mussolininiň “Faşizmiň doktrinasy” atly kitaby çykdy, onda italýan faşizminiň aňyýeti kesgitlenýärdi. Ol kitapda döwlet barada garaýyş yglan edilip, jemgyýetde ýaşamagyň hakyky görnüşi hökmünde döwlet dürli güýçleriň we häkimiýetiň çeşmesidir diýip bellenilýär. Faşistik döwletiň baş wezipesi hökmünde Mussolini onuň kuwwatlanmagyna, imperiýa ymtylmagy belleýär. Şeýle imperiýany döretmek onuň pikiriçe italýanlaryň döwlete doly tabyn bolmagy netijesinde, berk düzgün-nyzamy ýola goýmak arkaly döredip boljaklygyny belleýär. Şu kitabyň pikirleri bilen ruhlanyp, italýan hökümeti häli ykdysady çökgünlik dowam edyärkä harby taýýarlyklary görüp başlaýar. 1933 – 1934-nji ýyllarda geçirilen çäreler esasynda ýurtda doly ýaraglanmak hereketi başlandy.

Mussolininyň ilkinji gezek öz ýaraglarynyň kuwwatyny görkezmek synanyşygy 1934-nji ýylda onuň Awstriýa garşy ýörişe başlajak bolmagydy. Emma Germaniýanyň güýçlenýänligine gözi ýetip ol hereket saklandy.

1934-nji ýylyň ahyrynda ol Efiopiýany basyp almaga taýýarlyk görüp başlady. Efiopiýany basyp alyp, Italiýa Afrikada möhüm strategik daýanç edinjekdi. Şol maksat bilen Italiýa 1935-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynda Fransiýa bilen Afrikadaky täsir ediş çäklerni kesgitlemek boýünça şertnama baglaşdy. 1935-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 3-nde 500 müňden gowrak italýan goşuny Efiopiýa garşy urşa başlady, hem-de 1936-njy ýylyň Magtymguly aýynyň başlarynda ony doly eýeledi.

Fransiýa bilen Germaniýanyň arasyndaky gapma-garşylyklaryň ýitileşmeginden peýdalanyp 1935-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynda Italiýa Fransiýa bilen Afrikada täsir ediş çäkleri barada ylalaşyk baglaşdy. Şol gizlin ylalaşykda Fransiýa Italiýanyň Efiopiýa garşy urşuna razylyk berýär.

1936-njy ýylyň Magtymguly aýynyň 9-nda Mussolini Rimdäki Wenesian köşgünde Italiýanyň imperiýa öwrülendigini jar edip, ozone Efiopiýanyň hem imperatory diýen ady aldy. Italiýanyň Efiopiýany basyp almagy onuň Hindi okeanynda we Orta Gündogarda ornuny pugtalandyrdy. Italiýanyň bu hereketini 1935-nji ýylyň Sanjarynda Milletler Ligasy ýazgaryp, oňa garşy ykdysady çäklendirilmeleri girizmegi karar etdi.

Italýan faşizminiň indiki ädimi Ispaniýa garşy ýörişidi. Onuň başlanmagynyň sebäbi 1936-njy ýylyň tomsunda Ispaniýanyň uruşparaz generallary respublikan hökümetiň garşysyna pitne turuzan wagty, Mussolini oňa kömege barýar. Ýagny gysga wagtyň içinde italýan harby bölümi düzülip Ispaniýa iberilýär. 1937-nji ýylyň Nowruz aýynda Madridiň eteginde (Gwadalahara) bolan çaknyşmakda italýan goşunlary ýeňlişe duçar bolýar. Ispaniýada faşistik Italiýa bilen bilelikdäki hereketler Italiýany Germaniýa bilen ýakynlaşdyrýar. 1936-njy ýylyň Garaşsyzlyk aýynda Italiýanyň daşary işler ministry Çiano iki faşistik döwletiň syýasy hyzmatdaşlygy barada şertnama baglaşýar. Özüniň çykyşlarynyň birinde Mussolini bu ýlalaşyga ok diýip, onuň töweregine Mussoliniň pikiri boýunça Ýewropa döwletleri üýşmelidiler. Şeýdip betnam “Berlin-Rim” oky emele geldi. Baglaşylan şertnama boýunça Orta-Ýer deňzi Italiýanyň täsiri astyna geçýärdi. Italiýa öz gezeginde Germaniýanyň Merkezi Ýewropada “Täze derejesini” ykrar etmäge razylaşdy. 1937-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynda Italiýa antikomintern ylalaşygyna goşuldy, ol ylalaşyk Germaniýa bilen Ýaponiýany 1936-njy ýylda döredipdi. 1937-nji ýylyň Bitaraplyk aýynda Italiýa Milletler Ligasynda hem çykýar.

1938-nji ýylyň Ruhnama aýynda Mussolini Mýunhem ylalaşygyny baglaşmaga işjeň gatnaşdy we Gitleriň Çehoslowakiýany bölmek işine uly kömek etdi. Öz bäsdeşinden galmajak bolup Mussolini 1939-njy ýylyň Gurbansoltan aýynda Albaniýany basyp aldy. Iki faşistik döwlet täze jahan urşuna düýpli taýýarlyk görýärdi. 1939-njy ýylyň Magtymguly aýynyň 22-nde Germaniýa bilen Italiýanyň arasynda “polat pakty” baglaşyldy, şol şertnama boýujça iki tarap hem biri-birini “gury ýerde, deňizde we howada” goldamagy wada etdiler.

Şeýlelikde öňki syýasy ylalaşyklar indi harby ýaranlyga öwrülipdi. Mussolini oňa “basyp alyşlaryň guraly” diýip at berdi. Şol bir wagtyň özünde Mussolini Italiýanyň harby taýýarlygy üçin azyndan 2 – 3 ýyl gerek bolan diýip Gitlere habar beripdi.

Indi Mussolini ýurdy harbylaşdyrmaga girişipdi. Onuň ilkinji çärelerinden biri ol hem “milleti tertipleşdirmek” maksady bilen italýanlaryň aglaba bölegini faşistik partiýa girmegini gazanmakdy. 1937-nji ýylda onuň hatarlarynda 2 million golaý adam bardy. Bu döwürde ýaşlary birleşdirýän – Jil guramasy döredilip onuň şygary “Ynanmaly, boýun egmeli, söweşmeli” diýen şygardy.

Ilatyň ýaşy ýeten bölegini ruhy taýdan terbiýemek üçin işine 1937-nji ýylda döredilen “Halk medeniýetiniň ministrligi” ýolbaşçýlyk edip başlady. Bu möhüm ideologiki gurama faşistik döwletiň metbugatynda, kino, radio, teatrlarda ýolbaşçylyk edip, esasy maksat faşystik garaýyşlary adamlaryň aňyna guýmakdy.

1938-nji ýylyň tomusynda hökümet “medeni sagdynlaşdyrmak” kompaniýasyny (hereketini) yglan etdi. Ol ilki bilen faşistik häsiýete laýyk çäreleri amala aşyrmagy we milletiň durmuşynda daşary yurt täsirine garşy göreşi güýçlendirmegi göz öňünde tutýardy. Elleşip salamlaşmak faşistik salamlaşma bilen çalşyrylýardy we ş.m.

Italýan faşizminiň geçiren çärelerinden biri ol hem çaga dogurmak mukdarynyň ösüşi ugrundaky göreşdi. Faşistik imperiýa üçin esgerler gerekdi. Gazetler şäherler arasynda ilatyň köpelmegi ugrunda ýaryşlar barada maglumat çap edýärdi. Esasan hem Rimde tutulýan toýlar uly dabara bilen geçirilýärdi, olarda ýaş çatynjalar: 1 ýyldan soň watana ýaş esger sowgat etjekdigi barada Mussolinä kasam edýärdiler. Emma bu çäreleriň ählisi diýen ýaly başa barmady. Italiýada XX asyryň 30-njy ýyllaryň ahyryna ilatyň köpeliş % gaty aşakdy.

Ýurduň ykdysadyýetinde urşa taýýarlyk hem uly gerim bilen alyp barylýardy. Esasan hem strategiki ähmiýetli çig malyň öndürilişi ýagny uly mukdarda galla taýýarlamak, kömür we nebit ýataklaryny gözlemegi güýçlendirmek, gidroelektrik stansiýalaryň gurluşyny çatlandyrmak we ş.m. Netijede 1934 – 1939-njy ýyllarda ahrby ähmiýetli senagat pudaklary birneme ösdi. Emma şonda-da talap edilýän sepgide häli ýetilenokdy. Mysal üçin: 1938-nji ýýlda Italiýa 2 million golaý polat öndürýärdi, bu bolsa adaty döwürde onuň zerurlygynyň ýarysyna deňdi. Italýan senagatynyň käbir pudaklarynyň maddy-tehniňi düýbi köneleşen bolmagy, öndürlilýän önümleriň gymmatynyň has ýokary bolmagyna getirýärdi, onuň hili hem pesdi (awtorkiýe-öz-özüňi üpjün etmek).

Mysal üçin: Italiýada öndürilýän ýangyç onuň daşyndan getirilýändiginden 5 esse gymmatdy, ýurtdaky öndürilýän pagta daşyndan getirilýäninden 3 esse gymmatdy we ş.m. şol sebäpden hem bu döwürde harby harajatlara döwlet býudžetiniňýarysy sarp edilýärdi.

Italýan ykdysadyýetini harbylaşdyrmakdan iňňän uly peýda gazanýanlar iri monopol kompaniýalardy. 1934 – 1939njy ýyllar aralygynda “Pirelli”, “Snia Wiskoza”, “Fiat”, “Montekatini” ýaly kompaniýalaryň girdejisi ortaça 80%-tdi.

Şol bir wagta obada iri kapitalyň täsiri hem güýçlendi. Täze ýerleri özleşdirmek üçin olar döwletden uly karz (kredir) pul alyp, şol özleşdirilen ýerleri has gymmat baha satýardylar.

Faşizmiň Italiýany harbylaşan millete öwürmek we onuň ýkdysadyýetini uruşyň talabyna laýýk etmek işi garaşylýan netije berenokdy. Harby (paratlarda) gözden geçirişlerde goşun daşyndan göräýmäge netijeli, güýçli görünse-de, olaryň ýaraglanyşy gowşakdy. Şonuň üçin hem 1939-njy ýylyň Alp-Arslan aýynda Gitler uruş başlajakdygy hakyndaky karara gelendigini Mussolinä habar berende, ol özüniň wagtlaýynça soýuzdaşynyň tarapynda çykyş etmeklikden saklanýandygyny aýtdy, bu bolsa “polat paktyň” şertlerine laýyk gelenokdy.