Jüneýit Han
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Bu makala Türkmen dili ýazuw kadalaryna görä düzeldilmeli. Makalany üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa okyjylaryna ýardam edip bilersiňiz. |
Jüneýit Han — Jüneýt hanyň hakyky ady Gurbanmämed Serdar bolup ol, 1862-nji yýlda häzirki Tagta etrabynyň Bedirkent obasynda dünýä gelýär. onuň kakasynyň ady Hajybaý. Jüneýt Han, ýomutlaryň Orsukçy urugynyň Jüneýt tiresindendir. onuň ogullary Eşşi bilen Eýmir örän edermen ýigitler bolupdyr. Ol birnäçe wagt öz obasynda kazy we mirap bolup işläpdir. XX. asyryň başlarynda Hywa hany, padeşah hökümetiniň goldawyna daýanyp türkmenleriň üstünden hökümdarlygyny berkitmek maksady bilen, olara agyr düşýän ýer-suw we salgyt reformasyny geçirmäge synanyşýar, şonda ozal-da, padeşah hökümeti tarapyndan horlanyp gelýän ilat ýaraga ýapyşmaga mejbur bolýar. Türkmenleriň şeýle agyr ýagdaýa düşmegi Jüneýt hany orta çykarýar. İlkibada ol öz garyndaş toparyny töweregine yýgnaýar, soňra awnygrak serdarlaryň birnäçesini özüne tabin edýär. Ol, adalatyň hatyrasy üçin özüniň doganoglanyny-da öldürýär. Şeýle hereketleri bilen ol, il arasynda adygyp ugraýar. Özüne Jüneýt han diýilip başlanan Gurbanmämed serdar, 1912-13-nji yýllarda Hywa hany, padeşah hökümetiniň kömek bermegi netijesinde türkmen obalaryndaky gozgala-lary basyp ýatyrmaga girişen wagty, ilaty daşyna yýgnaýar we hana garşylyk görkezýär. Şol wagt, ýalňyz türkmenler däl, eýsem, özbekler, garagalpaklar we gazaklar-da Jüneýt hany goldap başlaýarlar. 1913-nji yýlda türkmenlerden ýaraglananlaryň sany, 15 mü-e ýetipdir. onuň edermenligine göz ýetiren german-türk we i-lis-türk razwedkalary goldaw berýär. 1916-nji yýlda Hywa hanynyň eden etdiligi, padeşah Russiýasynyň zulum-sitemleri ýalňyz bir türkmenleriň däl, eýsem özbekleriň, garagalpaklaryň we beýleki halklaryň-da halys degnasyna degýär.Şol wagt Jüneýt han aýaga galýar, ol yslam dininiň we şerigatyň düzgünini dogry we berk ýöredýär. Jüneýt han Hywa hanlygyny we bütin Türkistany rus basybalyjylaryndan azad etmäge synanyşýar. ýöne bu meselede Hywa hany İsfendiýar belli bir derejede päsgel berýär. onuň etmişleri zerarly özbekler-de garagalpaklar-da Jüneýtden kömek soraýarlar. 1916-njy yýlyň januarynda Hojaýlidäki özbeklerden bir topary özleriniň nägileliklerini aýtmaga Hywa gelende İsfendiýar han olary tussag edýär. Şonda, Hojaýliniň ýaşululary kömek sorap Jüneýt hana ýüz tutýarlar. Jüneýt han-da üç müň atlysy bilen Hywa galasynyň golayýna gelip, tussag edilenler bir gije-gündizde azad edilmese, paýtagta hüjüm etjekligini duýdurýar. Hywaň hany bu talaby red edýär we şondan soň Jüneýt han paýtagta hüjüm edip tussaglary azad edýär. 1916-nji yýlky gozgalaň basylyp ýatyrylandan soňra Jüneýt han Owganistana geçýär, ýöne ol ýene 1917-nji yýlyň Septemberinde yzyna gaýdýar, görse ýagdaý düýpgöter özgeren we ol Hywa hany bilen bilelikde ynkylapçylara garşy göreşmeli bolýar. Hywa tagtynda başga bir han otursa-da hakykatda 1918-1920-nji yýllarda bütin Hywa hanlygyny Jüneýt han öz kontrollygynda tutýar. 1918-nji yýlyň baharynda Bedirkent obasynda başlanan ilkinji elektrostasýonuň gurluşygy bilen hanyň raýatlaryna yşyk bermek nazarda tutulýar we han Jüneýt özüniň manatlyk teň-e puluny çykardyp başlaýar hem-de salgyt sistemini ýola goýýar. Bu iş elbetde, özbaşdak-garaşsyz türkmen döwletini döretmäge bolan synanyşygyň ilkinji alamatlarydy. Hywa hany İsfendiýar eden-etdilige ýüz urup, halkyň nägileligini gazanýar we Jüneýt hanyň amala aşyrýan çärelerine päsgelçilik döretmäge synanyşýar. Şonuň üçin 1918-nji yýlyň 30-nji Ojtoberinde ol, han Jüneýdiň buýrugy bilen özüniň "Nurullabaý" köşgünde öldürilýar we onuň ýerine kiçi ogly Abdylla Töre tagta çykarylýar. ýöne külli ygtyýar han Jüneýdiň golunda bolýar, ol, London, Ankara, Kabul, Tahran, Buhara we Türkistan bilen aragatnaşygy dowam etdirýär. Han Jüneýdiň, 1918-nji yýlyň 25-nji Nowemberinde, Dörtgülde Sowet häkimiýetini agdarmak üçin eden hüjümi şowsyz gutarýar we 1919- njy yýlyň 9-njy Aprilinde Tagta etraplarynda Sowet häkimiýeti bilen parahatçylykly ýaşaşmak baradaky ylalaşyga gol çekýär.Şondan az wagt soňra, Sowetleriň Zakaspy Frontynyň ýolbaşçylygy ondan özlerine 700 atly goşun ibermegini talap eden wagty, Han Jüneýt, ozaly bilen ibermejekligini, iberende-de öz goşunlaryndan musulmanlara we ylaýta-da Oraz serdar bilen Eziz hanyň güýçlerine garşy peýdalanylmazlygy şert goýýar, Sowetler bu şerti kabul etmäni onuň özüne garşy göreşe girişýär. 1920-nji yýlyň 22-23-nji Januarynda Bedirkentde we Gazawatda gyzyl goşun bilen bolan aýgytly söweşden soň, han Jüneýdiň atlylary öz maşgalalary bilen Guma-Akjaguyý diýen ýere çekilýär. 1921-nji yýlyň Aprilinde Han işanyň ýolbaşçylygynda Owganistandan, Şyhym Sülgüniň ýolbaşçylygynda-da Eýrandan ok- ýarag we azyk-iýmit ýardamlary gelip gawuşýar. 1924-nji yýlda Garagumda Palçykly diýen ýerde ýerleşen Jüneýt hana Owganistandan ýene 270 diýe ok-däri we ýaraglar gelýär. Jüneýt han şol yýlyň Januarynda, Daşhowuz, Maň-yt, Şabat, Gazawat we Ha-ka ýaly ýerleri eýeläp Hywa hanyna howp salýar, ýöne Gyzyl Goşun bilen uruşda ol ýene şowsyzlyga uçraýar we Guma çekilýär. Sowet häkimiýetiniň wekilleri bilen han Jüneýdiň arasynda geçirilen duşuşyklara Gaýgysyz Atabaýew we Nedirbaý Aýtakow-da gatnaşýarlar. 1925-nji yýlyň 4-nji Aprilinde Halk Komissarlar Şurasy, kabul eden karary bilen han Jüneýdiň emlägini we adam hukuklaryny eldegirilmez edip goýýar. onuň adamlaryna-da 5 müň hektar ýer bellenilýär. ýöne Jüneýt han, Sowetleriň söz we kararlaryna ynanmaýar we teklipleri kabul etmeýär. 1927-nji yýlda han Jüneýdiň Sowet häkimiýetine garşy yýlanlynyň töwereginde alyp baran göreşi-de netije bermeýär, şondan soň ol, Eýranyň üsti bilen Owganistana geçýär we Herat welaýatyna baryp ýerleşýär. Jüneýt han, 1937/38-nji yýlda şol ýerde aradan çykýar. onuň, Eşşi adyndaki oglundan galan agtyklary: Söýer bilen Älem serdar Owganistanyň Herat welaýatynda ýaşaýarlar. Eşşiden galan Taýça adyndaky ogly soňra Eýrana geçýär we ol ýerde aradan çykýar. Taýçadan galanlar (4 ogul) häzir Eýranda ýaşaýarlar. Türkmenistanyň ilkinji hökümet başlygy we öz halkynyň söýgüli ogly Gaýgysyz Atabaýiň 1920-nji yýlda dogry belläp geçişi ýaly: "Jüneýt Han, türkmenleriň, Hywa hanlaryna garşy, Zarist Kolonýal häkimiýetleriniň zulumyna garşy göreşlerine baş boldy we hiç wagt öz halkyna hyýanat etmedi". Han Jüneýdiň edermenligi, asyrlar boyý özgaraşsyzlyklary ugrunda daşky duşmanlara garşy göreşip gelen türkmen tire-taýpalarynyň gahrymançylyklarynyň bir dowamy bolup durýar. Han Jüneýt, halkyň arasyndan çykan we oňa goşulan batyrdy.
Stawropol turkmenleri. Russiyanyn Stawropol ulkesinde yashayan turkmenlerin ata babalary bu yerlere 17 asyrda (rus taryhy golyazmalyrynda yazylyshyna gora 1653-nji yyllar toweregi) hywa hanlygynyn bashys we yzygiderli zulum etmegi netijesinde Mannyshlan yarym adasyndan 1665 toweregi mashgala hazirki Russiyanyn Astrahan we Kawkaz boylaryna gochup gelyarler. Taze gochup gelen yerlerinde ilki bilen charwachylyk bilen meshgullanyarlar. Son wagtyn gechmegi bilen ekeranchylyk bilen meshgullanyp bashlayarlar sebabi bu yerlerin klimaty mannyshlak yarym adasyndaka menzesh daldi.Olar 3 sany turkmen taypalary Igdir, Chowdur we Sonajy taypalary. Hazirki dowurde olar Astrahan we Kawkaz boylaryna sheyle hem Stawropol ulkesinde yashayarlar. 2010-njy yylyn maglumatlaryna gora Stawropol ulkesinde yashayan turkmenlerin sany 15000-den gowrak bolup olar butin Russiyada yashayan turkmenlerin 60% toweregi shu yerde yashayar.