Jüneýit han

juneýt han
(Jüneýt han sahypasyndan gönükdirildi)

Jüneýit han türkmenleri we hywalylary bir ara toplap Sowet häkimiýetine garşy göreşen ýomut taýpasynyň lideri, Hywa hanlygynyň iň soňky hökümdary.

Gurbanmämmet Serdar
Faýl:Gurbanmämmet Serdar.jpg
Iň soňky Hywa hany 1918-1920 Gurbanmämmet Serdaryň ýaşlyk wagty
Şahsy maglumatlar
Doglan wagty1862-nji ýyl
Ölüm1938-nji ýyl, Owganystan, Hyrat
MilletiTürkmenleriñ Ýomut tiresinden
GatnaşykEýran, Owganystan
Çaga(lary)Eşşi, Eýmir
KakasyHajybaý
GaryndaşlaryTaýça, Söýer, Älem serdar, agtyklary
Harby hyzmatlary
Hyzmat eden ýyllary1912-1938
DerejeSerdar Karim (Asylly serkerde) 1918-nji ýyl
BuýruklarAtly we pyýada goşunlar
Uruşlar/ÇaknyşyklarSowetler bilen ençeme uruş
Gurbanmämmet Serdar köp çeşmede basmaçy hökmünde taryp edilýär

1862-nji ýylda Tagta etrabynyň (häzirki Görogly etraby) Bedirkent obasynda doglan Gurbanmämmet serdar — Jüneýit han birnäçe wagt öz obasynda kazy we mirap bolupdyr.

Ýigriminji asyryň başlarynda Hywa hany patyşa Russiýasynyň hökümetiniň goldawyna daýanyp, türkmenleriň üstünden hökümdarlygyny berkitmek maksady bilen, olara agyr düşýän ýer-suw we salgyt reformasyny geçirmäge synanyşýar. Şonsuz hem patyşa hökümetiniň kolonial syýasaty sebäpli horluk baryny gören türkmenler ýaraga ýapyşmaga mejbur bolýar.

Jüneýit han 1938-nji ýylda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň bir obasynda aradan çykýar.

Türkmeniň şeýle agyr ýagdaýa düşmegi Jüneýit hany orta çykarýar. Jüneýit han ilkibada özüniň gowy ýaraglanan garyndaş toparlaryny töweregine jemläp, serdar adyna mynasyp bolýar. Soňra ownugrak galtamanbaşylaryň, serdarlaryň birnäçesini özüne tabyn edýär, hatda adalatyň hatyrasy üçin özüniň doganoglanyny-da öldürýär. Şeýle hereketleri bilen ol il arasynda adygyp ugraýar. Öz tiresiniň ady bilen baglanyşykly ony Jüneýit han diýip atlandyryp başlaýarlar. Sebäbi ol öz obasyndaky ilatyň garyp ýa-da baý bolmagyna garamazdan, olaryň ar-namysyny, hak-hukugyny goramagy başarypdyr.

1912-13-nji ýyllarda Hywa hany patyşa Russiýasynyň hökümetiniň kömek bermegi netijesinde türkmen obalaryndaky gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin harby ýöriş geçirýär. Jüneýit han bolsa türkmenleri töweregine jemläp, Hywa hanynyň goşunlaryna garşylyk görkezýär. Şonda Jüneýit hany diňe türkmenler däl, eýsem, Hywa hökümetiniň alyp barýan syýasatyndan nägile bolan özbekler, garagalpaklar, gazaklar hem aktiw goldapdyrlar. Jüneýit han halkyň bähbidini hiç bir zada çalyşmandyr. 1913-nji ýylda türkmenleriň ýaraglanan topary 15 müňe ýetipdir. Türküstandan patyşa Russiýasyny gysyp çykarmakda Jüneýit hanyň uly daýanç boljakdygyna käbir daşary ýurt hökümetleri hem oňat düşünipdirler. Şoňa görä-de 1914-nji ýyldan başlap Jüneýit hanyň ähli alyp baran işlerine ilki german-türk, soňra bolsa iňlis-türk razwedkasy goldaw berýär.

1916-njy ýylda Hywa hanynyň eden-etdiligi, patyşa Russiýasynyň kolonial sütemi diňe bir türkmenleriň däl, eýsem, özbekleriň, garagalpaklaryň we beýleki halklaryň hem halys degnasyna degýär. Hywa hany ýerli halkyň namysyna degip, hatda ýetişen gyzlary zorluk bilen alyp, öz köşgüne getirmäge çenli baryp ýetýär. (Bu taryhy hakykat boýunça ýazyjy Beki Seýtäkow «Gyz salgydy» kitabyny ýazypdy.)Jüneýit han türkmeniň ar-namysyny goramak üçin aýaga galýar. Jüneýit hany goldaýan toparlar has köpelýär. Sebäbi ol her bir meseläni akylly we adalatly çözmegi başarypdyr. Jüneýit han Hywa hanlygyny, başarsa, bütin Türküstany rus basybalyjylaryndan azat etmäge synanyşýar. Ýöne bu meselede Hywa hany Isfendiýar han belli bir derejede päsgel berýär. Isfendiýaryň ýaman etmişleri sebäpli, özbekler, garagalpaklar häli-şindi Jüneýit handan kömek sorap, arz edip geler ekenler.

1916-njy ýylyň ýanwarynda Hojailidäki özbekler özleriniň nägileliklerini aýtmaga Hywa gelende, Isfendiýar han olary tussag edýär. Hojailiniň ýaşululary kömek sorap, Jüneýit hana ýüz tutýarlar. Ol hem 3 müň atly nöker bilen Hywa galasynyň sebitine baryp, tussag edilenler bir gije-gündiziň dowamynda boşadylmasa, paýtagta girip, ähli zady derbi-dagyn etjekdigini Isfendiýar hana duýdurýar.

Gepleşik netije bermänsoň, Jüneýit han diýenini hem edýär. Isfendiýar hany tagtdan düşürýär. Emma patyşa Russiýasynyň administrasiýasy goşulyp, Isfendiýary ýene tagta geçirýär. Jüneýit han Isfendiýardan 60 müň manat hun alyp, yzyna dolanýar. Ýöne ýurtda halk gozgalaňy barha möwç alýar. Gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin general Galkiniň ýolbaşçylygynda jeza beriji otrýad türkmen obalarynyň içinden gylyç bilen geçýär. Halky şeýle bir gyrýarlar, hut Gökdepe galasyndaky ýaly gyrgynçylyk bolýar. Bu gyrgynçylyk ilat arasynda häli-şindilerem «Galkin ýyly» diýlip, ýigrenç bilen ýatlanylýar. Onuň ýüzbaşylarynyň biri Söýün serdar bolupdyr.

1916-njy ýylda gozgalaňy basylyp ýatyrylandan soň Jüneýit han Owganystana gidýär. 1917-nji ýylyň sentýabrynda ol Owganystandan yzyna dolanyp gelýär. Ol döwürde ýagdaý düýpgöter üýtgäpdi. Russiýadaky rewolýusiýanyň tolkuny bu ýerlere-de ýetipdi. Halk indi bolşewistik akyma goşulyp, rewolýusion hereketleriň tarapynda göreşýärdi.

Hywadaky wagtlaýyn hökümet Isfendiýar han bilen bilelikde halkyň rewolýusion göreşine garşy göreş alyp barýardy. Jüneýit hanyň ozalky alyp baran ähli göreşi rus kolonizatorlaryna we Isfendiýar hanyň eden-etdiligine garşy gönükdirilen bolsa, soňra han wagtlaýynça olar bilen ylalaşyga gelip, sowet häkimiýetine garşy göreşmeli bolýar. Bu ýagdaýda Isfendiýar han hem Jüneýit hanyň güýjüne daýanmasa, ýurdy özbaşdak dolandyryp biljek däldi.

Hywa tagtynda başga bir han otursa-da, hakykatda 1918-20-nji ýyllarda bütin Hywa hanlygyny Jüneýit hanyň özi dolandyrýar. Her beglikde öz adamlaryndan ýörite wekil goýýar. Özüniň berkarar eden tertip-düzgünine tabyn bolmadyklara ol dözümli darapdyr. Şonuň üçin Jüneýit hanyň ýurdy dolandyran döwründe ogurlyk, talaňçylyk, günäsiz adamy öldürmek, esassyz nika bozmak ýaly türkmençilige mahsus bolmadyk hadysalar bolmandyr. Şol döwri gören ýaşulularyň aýtmagyna görä, hemme zat ýatan-ýatan ýerinde bolupdyr, hiç kim kişiniň zadyna birugsat el degirmändir.

1918-nji ýylyň baharynda Bedirkent obasynda başlanan ilkinji elektrostansiýanyň gurluşygy soňy bilen Jüneýit hanyň raýatyndakylary yşyk bilen üpjün etmeli eken. Ol özüniň manatlyk teňňe puluny çykardyp başlaýar we salgyt sistemasyny girizýär. Bu elbetde, özbaşdak türkmen döwletini döretmäge bolan synanyşykdy.

Hywa hany Isfendiýar eden-etdilige ýüz urup, halkyň nägileligini gazanýar we Jüneýit hanyň geçirýän çärelerine päsgelçilik döretmäge synanyşýar. Şonuň üçin 1918-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda ol Jüneýit hanyň görkezmesi boýunça özüniň «Nurullabaý» köşgünde öldürilýär. Jüneýit han onuň ýerine Isfendiýaryň kiçi dogany Seýit Abdylla töräni tagta çykarýar. Şeýle-de bolsa ähli häkimiýeti Jüneýit han öz elinde saklaýar. Ol Angliýa, Türkiýe, Owganystan, Eýran, Buhara we Türküstanyň ähli künjekleri bilen aragatnaşyk saklaýar.

1918-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Jüneýit hanyň Dörtgülde Sowet häkimiýetini agdarmak üçin eden hüjümi şowsuz gutarýar. Ol 1919-njy ýylyň 9-njy aprelinde Tagta etrabynda Sowet häkimiýeti bilen parahatçylykly ýaşaşmak baradaky ylalaşyga gol çekýär. Gol çekişligiň yz ýany amatly pursatdan peýdalanyp, Zakaspi frontynyň ştaby front üçin 700 atly nöker ibermegini Jüneýit handan haýyş edýär. Emma Jüneýit han sowetleriň bu haýyşyny kanagatlandyrmaýar. Eger kömek bermekçi bolsa-da, onuň ýerine köp mukdarda ok-ýarag talap edipdir. Üstesine-de, kömege iberiljek atlylary musulmanlaryň, aýratyn hem Oraz serdaryň we Eziz hanyň garşysyna ulanmaly däldigini duýdurýar (ol Eziz han bilen ýakyndan gatnaşar eken). Sowet häkimiýetiniň wekilleri bu teklibi kabul etmeýär.

1920-nji ýylyň 22-23-nji ýanwarynda Bedirkentde we Gazawatda Gyzyl Goşun bilen bolan aýgytly söweşden soň, Jüneýit hanyň atlylary öz maşgalalary bilen gum a— Akjaguýy diýen ýere çekilýär. 1921-nji ýylyň aprelinde Han işanyň ýolbaşçylygynda Owganystandan, Şyhym Sülgüniň ýolbaşçylygynda bolsa Eýrandan 3 müň tüpeň, 54 müň ok, birnäçe pulemýot we başga-da dürli harytlar ýüklenen kerwen Jüneýit han üçin ýardama gelýär.

1924-nji ýylda GaragumdaPalçykly diýen ýerde ornaşan Jüneýit hana Owganystandan ýene-de 270 düýe ok-däri, ýarag we başga harytlar gelýär. Şol ýylyň ýanwarynda ol Daşoguz, Maňňyt, Şabat, Gazawat, Haňka ýaly etraplary eýeleýär we Hywa howp salýar. Emma Gyzyl Goşunyň jemlenen uly otrýady Jüneýit hanyň toparyna güýçli zarba urandan soň, ol ýene-de guma çekilmäge mejbur bolýar.

Sowet häkimiýetiniň wekilleri Garagumda ornaşan Jüneýit han bilen özara ylalaşyga gelmek üçin gepleşikler geçirýär. Halk Komissarlar soweti 1925-nji ýylyň 4-nji aprelindäki karary bilen onuň emläginiň we graždan hukugynyň eldegrilmesizdigini ykrar edýär. Jüneýit hanyň garamagyndaky adamlar üçin 5 müň gektar ýer bölüp berip, olary üç ýyllap salgytdan boşatmak we pul kömegini bermek hem göz öňünde tutulýar. Emma akylly hem öňdengörüji han Gurbanmämmet serdar — Jüneýit han sowet hökümeti bilen ylalaşyga girmeýär. Ol ýer bermek bilen, sowet hökümetiniň öz daşyna tor gurjak bolýanyna akyl ýetiripdir hem-de 1928-nji ýylda özüniň az sanly nökerleri bilen Eýrana göçýär, 1929-njy ýylda bolsa Owganystana geçýär.

Jüneýit han käbir ýagdaýlarda kem-käs öte geçen-de bolsa, umuman, onuň alyp baran işleri adalatly we külli türkmeni birikdirip, bütewi özbaşdak döwlet döretmäge edilen synanyşyk bolupdyr. Ol daşary ýurtlarda bolanda-da öz ýany bilen gidenleri hor-zar etmändir, türkmen adyny belent tutupdyr.

Jüneýit han öz Watanyny diýseň gowy görüpdir. Ol 1938-nji ýylda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň obalarynyň birinde aradan çykýar. Halkyň arasyndaky gürrüňlere görä, ol ölmeziniň öň ýanynda hossarlaryna: «Ölenimden soň meniň jesedimi Amyderýa bilen Watanyma sary akdyryp goýberiň, men suw bilen baryp, öz dogduk mekanymyň topragyna siňeýin» diýip, sargyt edipdir.

Yene basgaca bir halkyn arasyndaki gurrunlere gora juneyt hany olumunden son onyn jesedini bir gijede eltip Dasaguz welayatynyn Tagta etrabynyn Bedirkent obasynda oz kakasynyn yanynda jaylapdyrlar.

«Ýer berjek» diýende-de, sowet hökümetine ynam etmän, daşary ýurda gitmek bilen, Jüneýit han dogry çözgüt tapypdyr. Sebäbi Jüneýit hanyň-da, Eziz hanyň-da daşyny gurşan adamlaryň ählisi — olaryň maslahatçylary, nökerleri, dogan-garyndaşlary... sowet hökümeti tarapyndan sudsuz-zatsyz atylyp öldürildi.