Uatt Žeýms

şotland oýlap tapyjysy
(Jeýms Watt sahypasyndan gönükdirildi)

Uatt Žeýms (James Watt), (19.1.1736, Grinok, Şotlandiýa – 19.8.1819, Hitfild, Angliýa) – şotland oýlap tapyjysy, uniwersal bug maşynyny dörediji, Londonyň korollyk jemgyýetiniň agzasy (1785). 1757-nji ýyldan Glazgo uniwersitetinde işläp, suw bugunyň häsiýetlerini öwrenýär. 1763-1764-nji ýyllarda ol T. Nýukomeniň bug maşynynyň modelini kämilleşdirmegiň üstünde işleýär. Ol 1774-nji ýylda Nýukomeniň maşynyndan 2 esse netijeli bug dwigatelini gurnaýar. Dwigateli işletmek üçin Uatt merkezden gaçýan regulýatory hem-de geçiriji mehanizm hökmünde balansir goýmak bilen walyň aýlanyş ýygylygyny iki esse artdyrýan planetar geçirişi ulanýar. Uatt şu maksat üçin ilkinji gezek indikatory döredýär. Silindrde buguň işini jikme-jik barlaýar. Ol kuwwatyň birinji birligi bolan at güýjüni girizýär. Uattyň bug maşyny tygşytlylygy üçin maşyn önümçiligine geçmekde uly rol oýnaýar.

Karl Frederik fon Breda tarapyndan çekilen Žeýms Uatt portreti

Çeşme

düzet

Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 9, sah.86