Jemi içerki önüm

Jemi içerki önüm (JIÖ), belli bir döwürde öndürilen soňky önümleriň we hyzmatlaryň bazar bahasynyň pul ölçegidir. Kişi başyna düşýän JIÖ (nominal) ýaşaýyş çykdajylarynyň we ýurtlaryň inflýasiýa derejesiniň tapawudyny görkezmeýär; şonuň üçin JIÖ-niň kişi başyna düşýän satyn alyş kuwwatynyň deňligini (PPP) ulanylmagy, halklaryň arasyndaky ýaşaýyş derejesini deňeşdireniňde has peýdaly, nominal JIÖ bolsa halkara bazaryndaky milli ykdysadyýetleri deňeşdirmek üçin has peýdalydyr. [2]

Bu kesgitlemede belli bir wagt; bir aý, üç aý ýa-da bir ýyl bolup biler. JIÖ adatça bir ýyllyk hasaplanýar. Ahyrky harytlar we hyzmatlarda bolsa, öndürilen umumy önümleriň we hyzmatlardan önümçilik üçin ulanylan aralyk harytlary aýyrandan soň galan bahadyr. JIÖ-ni tapmak üçin aşakdaky formula ulanylýar:

JIÖ = Sarp etmek + Maýa goýum + hökümet çykdajylary + (eksport - import)

Jemi içerki önümi (JIÖ) kesgitlemekEdit

JIÖ üç usul bilen kesgitlenip bilner, bularyň hemmesi teoretiki taýdan birmeňzeş netije bermeli. Bular önümçilik (ýa-da önüm ýa-da goşulan baha) çemeleşmesi, girdeji çemeleşmesi ýa-da çak edilýän çykdajy çemeleşmesi.

Üçüsiniň içinde iň gös-göni çemeleşýäni önümçilik ; ýagny jemi hasaplamak üçin önümçiligiň her synpynyň netijelerini jemleme çemeleşmesidir. Çykdajy çemeleşmesi, önümiň hemmesini kimdir biri satyn almaly diýen ýörelge boýunça işleýär, şonuň üçin önümiň umumy bahasy adamlaryň zatlary satyn almakdaky umumy çykdajylaryna deň bolmaly. Girdeji çemeleşmesi öndürijilik faktorlaryň ("öndürijiler", köplenç) girdeýjisi önümleriniň bahasyna deň bolmaly diýen prinsipde işleýär we ähli öndürijileriň girdejileriniň jemini tapmak arkaly JIÖ-ni kesgitleýär. [15]

JIÖ we JMG (iňlis dilinde GNI)Edit

JIÖ, jemi milli önüm(JMÖ) ýa-da häzirki belli bolşy ýaly jemi milli girdeji (JMG) bilen deňeşdirilip bilner. Arasyndaky tapawut, JIÖ ýerleşişine görä kesgitlenýär, JMG bolsa eýeçiligine görä kesgitleýär. Global kontekstde, dünýä JIÖ-si we dünýä JMG şonuň üçin deň terminlerdir.

JIÖ ýurduň çäginde öndürilýän önüm; JMG ýurduň raýatlaryna degişli kärhanalar tarapyndan öndürilýär. Bir ýurtdaky öndürijilikli kärhanalaryň hemmesi öz raýatlaryna degişli bolsa we şol raýatlaryň başga ýurtlarda öndürijilik kärhanalary bolmasa, ikisi birmeňzeş bolardy. Emma iş ýüzünde, daşary ýurt eýeçiligi JIÖ-ni we JMG-ni birmeňzeş etmeýär. Bir ýurduň çäginde önümçilik, ýöne daşary ýurtdan kimdir birine degişli kärhana, jemi içerki önümiň bir bölegi hasaplanýar, ýöne JMG däl; beýleki tarapdan, ýurduň daşynda ýerleşýän, ýöne raýatlarynyň birine degişli kärhana tarapyndan öndürilýän önüm, JIÖ-niň däl-de, JMG-iň bir bölegi hasaplanýar.

Mysal üçin, ABŞ-nyň JMG-i, firmalaryň nirede ýerleşýändigine garamazdan Amerikanyň eýeçiligindäki firmalar tarapyndan öndürilýän önümiň bahasydyr. Şonuň ýaly-da, bir ýurdyň bergisi has köpelip, bu karzy tölemek üçin köp girdeji sarp etse, bu JMG-iň azalmagynda görkeziler, ýöne JIÖ-niň azalmagynda däl. Edil şonuň ýaly-da, bir ýurt öz baýlyklaryny öz ýurdunyň daşyndaky guramalara satsa, bu wagtyň geçmegi bilen JMG-iň azalmagynda görkeziler, emma JIÖ-iň azalmagynda görkezilmez. Bu, milli karzy artýan we aktiwleri azalýan ýurtlardaky syýasatçylar üçin JIÖ-ni has özüne çekiji eder.

Halkara standartlaryEdit

JIÖ-ni ölçemek üçin halkara standarty, Halkara walýuta gaznasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň we Bütindünýä Bankynyň wekilleri tarapyndan taýýarlanan Milli Hasaplar Ulgamy (1993) atly kitapda bar. Neşir adatça 1968-nji ýylda çap edilen (SNA68 diýilýär) öňki neşirinden tapawutlandyrmak üçin [22] SNA93 diýlip atlandyrylýar.

SNA93 milli hasaplary ölçemek üçin düzgünleriň we proseduralaryň toplumyny üpjün edýär. Standartlar çeýe; ýerli statistiki zerurlyklarda we şertlerde tapawutlylyklara rugsat berjek şekilde döredildi.

Nominal JIÖ we JIÖ-e düzedişlerEdit

Ýokardaky deňlemeleriň görkezişi ýaly çig JIÖ-e nominal, taryhy ýa-da häzirki JIÖ diýilýär. JIÖ görkezijilerini bir ýyldan beýlekisine deňeşdireniňde, puluň bahasynyň üýtgemeginiň - inflýasiýanyň ýa-da deflýasiýanyň täsiri üçin öwezini dolmak islenýär. Ýyl-ýyl deňeşdirmeleri has manyly etmek üçin, JIÖ-niň ölçenen ýylynda puluň gymmaty bilen baz alynýan ýyldaky puluň gymmaty arasyndaky gatnaşyga köpeldilip bilner.