Jozue Karduççi
Italýan şahyry we tankytçysy Jozue Karduççi 1835-nji ýylyň 27-nji iýulynda Pizan welaýatynda Waldi – Kastelloda lukman maşgalasynda dünýä inýär. Onuň maşgalasy 1849-njy ýylda Florensiýa göçüp barandan soňra, ýetginjek oglan mekdepde okaýar, goşgy ýazmaga we gadymy grek dilinden terjime etmäge başlaýar. Karduççi ýokary bilimi Pizan uniwersitetinde alypdyr we ony 1856-njy ýylda tamamlap, San-Minýato şäherçesinde mugallymçylyk işine başlapdyr. “Rifma” atly ilkinji kitabyndaky eserleri (1857) metbugatda yzygiderli çap edilipdir. J. Karduççi Bolon uniwersitetinde italýan edebiýaty boýunça professor bolupdyr. Ýöne onuň “Jynlar” atly poemasy oňa onçakly uly abraý getirmändir.
Karduççi 1878-nji ýylda “Wagşylar” (1877–1889) atly üç jiltliginiň birinji jildini çap etdiripdir. Ol öz eserlerini galapyn antik medeniýetiniň ruhunda ýazypdyr, hatda käýarym grek we latyn şygryýetiniň äheňlerine hem çalym edýär. Bu kitaplar, şeýle hem “Täze goşgular” (1873) ýygyndysy J. Karduççiniň döredijiliginiň iň ýokary derejesidir. Onuň “Ýeňil we çynlakaý” (1861-1867), “Ýamblar we epodlar” (1879), “Rifmalar we ritmler”(1901) ýaly eserleri mäkäm nusgawy usulda döredilipdir. Karduççiniň esasy watançylyk mowzugyndaky goşgulary italiýanyň galkynmagyna we birleşmegine bagyşlanypdyr.
Ol Italiýanyň belli däp-dessurlary we watançylyk duýgusy barada eserleri ýazypdyr. Şahyr ýurduň iň gowy satira ýazyjysy bolup, onuň eserleri köpüň söýgüsine mynasyp bolupdyr. Onuň Italiýada neşir edilen 30 jiltlik edebi mirasynyň diňe 4 tomy goşgulardan ybaratdyr. J. Karduççi dürli-dürli mowzuklardan monografiýalary we esseleri ýazypdyr.
Italiýanyň milli şahyry 1906-njy ýylda diňe bir çuňňur bilimi we tankydy nazary üçin däl-de, ozaly bilen, onuň şahyrana eserlerine mahsus bolan döredijilik energiýasy, usulynyň tämizligi we onuň ajaýyp şahyrana lirik güýji üçin Nobel baýragyna mynasyp bolýar. Nähoş J. Karduççi baýrak gowşurylyş dabarasyna gatnaşyp bilmändir we basym ol 1907-nji ýylyň 16-njy fewralynda aradan çykypdyr.