Kärende ýerleri
Kärende ýerleri – XIX asyrda Lebapda, Ahalda, Etrekde kärende ýerleri (ýagny) kişiniň ýerini kärendesine alyp ekmek düzgüni giňden ýaýrapdyr. Kärende ýerlerine ýer, suw, tohum, el güýji, zähmet guraly gerekdi. Ýer, suw, tohum ýer eýesiniňki bolmalydy. Kärendeçi diňe ýerde zähmet çekip hasylyň 4/1 bölegini alýardy. Buhara emirliginde bu düzgüne “çärýekkärlik” diýilýärdi, ýagny 4/1 –ni aňladýan düzgün.
Lebap boýlarynda kärendeçi daýhana käbir halat-da hasylyň 3/1 hem berlipdir.
Kärendesine ýer alýanlar köplenç ýagdaýlarda kembogal adamlar bolupdyr, ýagny garyp-daýhanlar. Olar ömür boý, gurply hanlaryň öňünde bergili bolup, olaryň gapysyndaky guluna öwrülipdirler. Mundan başga-da baýyň gapysynda hyzmatkärler hem bolupdyr. Olara “ýetimler” hem diýipdirler.
Kärendeçileriň arasynda azrajyk ýerli, ýek-tük maly barlar hem bolupdyr, olar 2 owara birleşip kärendesine ýer alyp hasylyň 3/1-ni özlerine alyp güzaranyny görýänler hem bar eken. Olara goşak diýip atlandyrypdyrlar.
Maryda kärendeçilik düzgüni bolmandyr. Bu düzgüniň ýörgünli ýerleri Lebap, Ahal we Etrek bolupdyr.