Kätibi —hem Baýram han Türkmen, Abdyrahman han Türkmen, Seýdi, Zelili, Mollanepes ýaly Watany daşky duşmanlardan goramakda janyny pida eden şahyrdyr.
Dürli maglumatlara esaslanyp, Kätibi 1803-nji ýylda dünýä inipdir diýip bolar. Onuñ önüp-ösen ýeri Bäherden etrabynyñ Garagan obasydyr.
Kätibi şahyryñ edebi lakamydyr. Kätibi diýmek" ýazyjy, hatdat" manyny añladýar. Onuñ hakyky ady Öweztagan bolan. Şahyr oba medresesinde okapdyr. Bilimini artdyrmak üçin Buhara, Hywa-da barypdyr. Kätibi daýhançylygy oñat görüpdir. Giñ meýdanlarda, suwly ýerlerde ekin ekmekligi, hasyl ýetişdirmekligi höwes edipdir. Şonuñ üçinem Marynyñ Hywanyñ ekin meýdanlaryny şahyryñ göwnünden turupdyr. Kätibi Amangözel diýen obadaş gyzyna öýlenýär. Maşgalada bir ogul bilen bir gyz dünýä inýär. Oglunyñ ady Ata, gyzynyñ ady hem Ogulnur. 1881-nji ýylda Gökdepe galasynda Ogulnur bosgunlaryñ arasyna düşýär we diri ýitig bolýar. Kätibi öz gyzyny gözläpdir. Emma Ogulnur tapylmandyr. Kätibiniñ çuññur watançylygy onuñ goşgularynda hem ýüze çykýar. Şahyryñ "Göründi" atly goşgusy general Lomakiniñ 1879-njy ýyldaky Ahal-teke ýörişiniñ ýeñlişini görkezýär. "Seniñ üstüñde" goşgusy bolsa 1881-nji ýylyñ Gökdepe gahrymançylygy hakdadyr.
Kätibiniñ ölümi hakda dürli-dürli maglumatlar bar. Näme-de bolsa, Gökdepe urşunda gurban bolandygy anykdyr. Onuñ şygyrlary galany goraýjylara medet, gaýrat berendigi-de aýdyñdyr. Kätibi tire-taýpalaryñ agzybirliginiñ, bir döwlete gulluk etmegiñ tarapdary bolan. Bu mesele onuñ eserleriniñ içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şahyryñ öz watandaşlaryna bolan guwunjy uludyr. Ol şygyrlarynda ýaşlaryñ päk, ýokary ahlakly, Watana, söýgä wepaly, ene-ata gadyrly bolmaklygyny ündäpdir.
Öweztagan Kätibiniñ döredijiliginde türkmen tabigaty, onuñ gözelligi suratkeşlik bilen çekilipdir. Şonuñ ýaly-da yşky goşgulary-da çeperçiligi, özboluşlygy şygyrýet dünýäsi bilen kalplara täsir edýär.
Kätibi "Ymam Hasan we Ymam Hüseýin" atly dessanyda ýazypdyr.

Kaynag

düzet

http://turkmen.wap.ug[permanent dead link] saýtyndan göçürilip alyndy