Köpetdag goraghanasy
Ýurdumyzyň günortasynda Türkmen-Horasan dag ulgamynyň demirgazyk bölegi bolan gözel Köpetdagyň gerişleri uzalyp gidýär. Gurluş aýratynlyklaryna baglylykda bu dag ulgamlaryny Günbatar, Merkezi we Gündogar Köpetdaga bölýärler. Gymmatly agaçlaryň (türkmen arçasy, türkmen kerkawy, kawkaz dagdany) çapylmagy, malyň köp bakylmagy, çensiz aw edilmegi ýaly adam täsiriniň artmagy Köpetdagda goralýan ekologik ulgamlaryň döredilmeginiň zerurlygyna getirdi. Merkezi Köpetdagda tokaý işlerini ýola goýmak boýunça ilkinji synanyşyklar XX asyryň 20-30-njy ýyllarynda başlandy. 1948-nji ýylda Köpetdag tokaý hojalygy döredildi. 1976-njy ýylyň 19-njy awgustynda bolsa Merkezi we Gündogar Köpetdagyň hem-de dag etegindäki düzlükleriň ekologik ulgamlaryny diketltmek we gorap saklamak maksatlary bilen Köpetdag döwlet goraghanasy döredildi. Bu goraghana Ahal welaýatynda ýerleşýär. Goraghana berkidilen ýerleriň içinde dürli gorag düzgünli bölek ýerler bar. Gönüden-göni diňe goraghana degişli ýerleriň tutýan meýdany 49,7 müň gektar. Bu ýerde iki sany Kalinin (15 müň gektar) we Mäne-Çäçe (60 müň gektar) zakaznikleri, şeýle hem gorag zolagy (32,8 müň gektar) we iki sany Garaýalçy we Çarlyk ýadygärlikleri bar.
Merkezi Köpetdagyň döreýiş taryhy irki ýura eýýamyndan başlanýar, hek döwrüniň ahyryna çenli bu ýedäki ägirt giňişlikleri deňiz tutupdyr. Häzirki daglaryň ilkinji sudurlary paleogeniň ahyrynda neogeniň başynda ýüze çykyp ugrapdyr.
Goraghanada oňurgasyzlaryň faunasy has köpdürliligi we baýlygy bilen tapawutlanýar, olaryň görnüşleriniň sany 1000-den hem geçýär. Oňurgasyzlar barada söz açylanda ilki bilen aladasyz uçup ýören, dürli öwüşginli kebelekler okyjylaryň göz öňüne gelýär. Bezegindäki reňkleriň köpdürlüligi boýunça hiç bir jandary kebelekler bilen deňeşdirip bolmaz.
Bu ýerde duşýan iň iri we owadan kebelekleriň biri hem gözel Mahaondyr (ol troýan urşunyň gahrymany bolan lukmanyň hatyrasyna atlandyrylan). Kebelekleriň bedeniniň yz tarapynda ýüreginiň ýerleşýändigini, ganynyň bolsa ýaşyl reňkdedigini bilmek bolsa has hem geňdir.
Türkmen şaşkaçysy atly kebelegiň dünýäde bar bolan 3 populýasiýasynyň biri Manež derede (Germap uçastogy) ýaşaýar. Garaýalçy jülgesinde bolsa, kallimah we kaspiý aňyrsy tutuksy aýypisint kebelegi gabat gelýär. Köpetdagda duşýan mör-möjekleriň 15 görnüşi (bulaýjy teneçir, orden lentaly lesbiýa kebelegi, ýelkenganat aleksanor kebelegi, kallimah, akgurt möýi we başgalar) Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Sähra süýri çekirtgesi bolsa Tebigaty goramagyň halkara soýuzynyň (TGHS) Gyzyl kitabyna hem girizldi.
Goraghananyň çäklerinde oňurgaly haýwanlardan balyklaryň 15 görnüşi duş gelip, olardan kaspi aňyrsy garabalyk we türkmen ýalaňaç balygy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 3 görnüşi gabat gelýär. 43 görnüşinden durýan süýrenijileriň özboluşly faunasy bolup, olaryň 8-si (türkmen eublefary, zemzen, pişikgöz ýylan, göklors we başgalar) Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.
Köpetdagda guşlaryň örän köpüsi ýaşaýar. Ýurduň goralýan ýerleriniň arasynda diňe Köpetdag goraghanasynyň çäklerinde adaty syçançy, laçyn, hindi dag towugy, ak petekeli we ala jokjokylar, gara gögümtil jikjiki, arçasar ýaly guşlar höwürtgeleýär. Köpetdag goraghanasynda goralýan guşlaryň arasynda towukşekilliler otrýadyndan seýrek duşýan we az öwrenilen hindi dag towugy aýratyn orun tutýar. Beýik dag depelerindäki gür bolmadyk arçalyklarda arçasar duş gelýär. Bu ýerde uly guşlar bolan dazzarkel, garaguş, maslykçy we iň kiçijik eýran aldawajy ýaly guşlar hem duşýar. Köpetdagyň gaýalarynda gara leglekleriň gurýan özboluşly höwürtgeleri hem synçylaryň ünsüni özüne çekýär.
Köpetdag goraghanasynyň çäklerinde ýaşaýşy batgalyklar we tokaýlar bilen bagly guşlaryda görmek bolýar. Käbir ýyllarda Durnalar bu ýerde dynç alýarlar, iýmitlenýärler we güneşli günleriň birinde süri-süri bolup asmana göterilýärler we öz dogduk mekanlaryna höwürtgelemäge gidýärler. Güýzüne bolsa ýene-de şu ýerden täze neslini yzyna tirkäp, Eýrana tarap gyşlamaga uçup gidýärler. Goraghanada duşýan guşlaryň 11 görnüşi (adaty syçançy, bürgüt, sakally garaguş we başgalar) Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi, gajar bilen sähra göwenegi bolsa TGHS-nyň Gyzyl kitabyna hem girizildi.
Gündogar Köpetdagyň etegindäki tebigy şertleriň, bu ýerde gulanlary köpeltmek üçin we pisse agaçlaryny ösdürmek üçin ekologik talaplara laýyk gelýändigini ylmy barlaglaryň netijeleri görkezdi. Bary-ýogy onlarça ýyl mundan öň hem gulana ýitip gitmek howpy abanýardy. Bu çydamly haýwanlary Köpetdag goraghanasynyň meýdanlaryna gaýtadan aralaşdyrmak işleri 1978-nji ýylda başlandy we 1985-nji ýyla çenli Bathyz goraghanasyndan 60 gulan getirilip goýberildi. Häzirki wagtda Mäne-Çäçe we Kalinin zakazniklerinde umumy sany 650-ä ýetýän gulanlaryň ýaşaýşa ukyply populýasiýasy döredildi. 350 gektar meýdana ekilen pisseler hem ilkinji hasylyny berip başlady.
Süýdemdirijileriň 67 görnüşi bolup, olaryň 12-si (üçreňkli gijeçi, itaýy, syrtlan we başgalar) Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Goşatoýnaklylaryň gijeki awçysy hasaplanylýan uly owadan pişik-alajagaplaň, gulan, dag goçy we dag tekesi TGHS-nyň Gyzyl kitabyna hem girizildi. Ýabany toýnaklylaryň sanynyň azalmagy uly ýyrtyjy haýwanlaryň sanynyň kemelmegine getirýär. Şonuň üçin hem ýyrtyjy wagşy haýwanlaryň sanyny ýokarlandyrmak üçin, ilki bilen ýabany toýnaklylaryň baş sanyny goramak we köpeltmek zerurdyr.
Gözelligi we syrlylygy bilen Köpetdagyň ösümlik dünýäsi hem özüne çekýär. Aýratynda dag girişlerinde hemişe gök-salyp gözüňi dokundyrýar. Arçalyklaryň howasynda olaryň pürüniň gaýtalanmajak hoşroý ysy duýulýar, howanyň yssylygy näçe ýokary bolsa bu ysyň täsiri hem şonça güýçlenýär. Arçanyň garamtyl-ýaşyl pürleri bakteriýalary öldürmek häsiýetinde eýedir. Arçalyklardaky tämiz howanyň peýdalydygy, adamlaryň şähdini açýanlygy, keselli haýwanlaryň bolsa öz kesellerinden dynmak üçin şu ýerik gelýändikleri ir wagtdan bäri bellidir. Arça ekologik taýdan örän ýowuz şertlerde ösmek bilen kert gaýalary, düýpden tekiz ýapylary we dag derelerini janlandyrýar. Onuň kökleri agajyň düýbünden bir näçe metrlere uzalyp, ýeriň üst ýüzi bilen ýzylyp gidýärler. Arçalyklar köp guşlara we süýdemdirijilere gaçybatalga bolup hem hyzmat edýär. Emma arçalyklaryň esasy gymmatlylygy dag gaýalaryny berkidýänliginde we ygal ýygnaýanlygyndadyr. Arça Köpetdagyň ösümlik örtüginde agdyklyk edýän agaçdyr.
Adaty injir hem görenleri geň galdyrýar. Köküni kert gaýalardaky ýarçyklaryň arasyndan goýberip ösýän injir şireli hem-de derman häsiýetli miweleri we özboluşly ysy bilen adamlara şatlyk paýlaýar. Adamlaryň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan bu ösümlige gadym wagtlardan bäri uly hormat goýlupdyr we 5 müň ýyl mundan öň adam tarapyndan medeniýetleşdirilen ilkinji ösümlikleriň biridir. Gadymy rowaýata görä, injir Rim şäherini esaslandyryjy Romulyň diri galmagyna ýardam edipdir.
Bu ýerdäki ömri gysga otjumak ösümlikler (efemerler we efemer şekilliler) hakykatdan hem owadandyrlar. Çigildemleriň 16 görnüşinden Köpetdag goraghanasynyň çäklerinde 7-si ösýär. Olardan iň bellisi açyk gyzyl gülli-Miheliň çigildemi. Apreliň ikinji ýarymynda garamtyl melewşe gülli gladiolus gülleýär. Şular we beýleki güller diňe bir seleksionerler üçin däl-de, eýsem medeni ösümlikleriň gelip çykyşyna göz ýetirmekde hem möhüm ähmiýete eýedir. Goraghananyň çäklerinde we onuň töwereginde ýokary derejeli ösümlikleriň 1400 töweregi görnüşiniň bardygyny bellemek gerek. Olardan 24 görnüş Türkenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi, aýratyn hem grek, eýran, türkestan rýabinalary, türkmen popowiolimony we başgalar. TGHS-nyň Gyzyl kitabyna Atabaýewiň haramçybygy, Guduň çigildemi, zakaspi giasinti girizildi. Bu ýeriniň ösümlikleriniň köpüsi (270 görnüş) endmikdir. Köpetdagyň ösümlik dünýäsi derman ösümliklerine hem baýdyr (jerebaý, zirk, boýbodron, helihrizum, yşgyn we başgalar).
Pes derejeli ösümlikleriň arasynda mohlar, lişaýnikler we paporotnik görnüşliler adatydyrlar. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna lişaýnikleriň 3 görnüşi (Oksneriň aspisiliýasy, tabajykly tornabea, dag teloshistesi), mohlaryň 1 görnüşi (trhostomopsis) we paporotnik görnüşleriniň 1 görnüşi (tüýli aspelinium) girizildi.
Goraghananyň işgärleri tarapyndan halk köpçüliginiň arasynda ekologik bilimleri ýaýratmakda hem köp işler geçirilýär. Işgärleri tarapyndan halk köpçüliginiň arasynda ekologik bilimleri ýaýratmakda hem köp işler geçirilýär. Işgärleriň metbugatda, telewizorda, radioda ýygy-ýygydan edýän çykyşlary, okaýan sapaklary, mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän bäsleşikleri ilatyň ösümlik we haýwanat dünýäsindäki gyzykly zatlary bilmegine kömek edýär. Köpetdag goraghanasy Türkmenistanda “Parklaryň (seýil-gähleriň) ýörişi” atly hereketiň başyny başlaýjy bolup çykyş etdi, 1996-njy ýyldan başlap şeýle hereket ýurdumyzda her ýylda geçirilýär. Her ýylda taýýarlanylýan “Tebigatyň ýyl ýazgysy” hasabatynyň, ylmy makalalarydyr, kitaplaryň esasyny geçirilýän ylmy barlaglaryň netijeleri düzýär.
Köpetdag goraghanasy seýrek duşýan we ýitmek howpy abanýan köp ösümlikler we haýwanlar üçin ygtybarly gaçybatalga öwrüldi we olaryň saklanyp galmagyna kepilnama bolup durýar. Ülkämiziň iň gözel künjeklerinden biri bolan Köpetdag goraghanasyna gelip görüň!