Köplükler we san köplükleri

Köplükler we san köplükleriMatematikada kesgitlemesi getirilmeýän ilkinji düşünjeleriň biri hem köplük düşünjesidir. Köplükleri dürli nyşanlaryň esasynda, birmeňzeş bolmadyk tebigatly obýektleriň – elementleriň üsti bilen emele getirmek mümkindir. Meselem, köplügi ony düzýän elementleriň häsiýetini ýa-da emele geliş düzgünlerini görkezip gurmak bolar. köplükleriň elementleri material obýektler ýa-da geometrik figuralar, simwollar, sanlar ýaly abstrakt-howaýy düşünjeler bolup bilerler.Umumy köplükler nazaryýetiniň elementlerine hem-de elementleri sanlardan ybarat köplüklere, hususan-da, natural, bitin, rasional, irrasional, hakyky hem-de kompleks san köplüklerine, olarda arifmetiki we beýleki amallaryň kesgitleniş aýratynlyklary ýaly görnüşlere aýyrmak bolar.

Köplükler