Küşt
Küşdüñ Daşlary

Strategiýa Oýny
 Oýnuň meşhurlugy 6-njy asyr-häzirki döwür
 Dolandyryjy Emin agzalar
 - Oýunçy Sany 2
 - Oýnuň wagty Soňsuz ýada wagtly
 Web-saýty http://www.fide.com

Küşt örän çylşyrymly strategiýa oýny bolup, aýratyn düzgün boýunça 64 öýli tagtada 32 sany ak we gara mally oýnalýan oýun. Dünýäde küşt ýaryşlary geçirilýär we ol sportuň bir görnüşi hasaplanýar. Küşt oýununa könelerimiz beýniniň gimnastikasy hem diýipdirler. Küşt oýnunda Türkmen türgenleri uly abraýa eýedir. Türkmenistanda abraýly uly küşt ussatlary bardyr. Mesgen Amanow, Maksat Atabaýew, Meýlis Annaberdiýew, Orazly Annageldiýew, Hanjar Ödäýew ýaly örän ussat küştçüleri mysal bermek bolar. Küşt tagtasy diýlen 8×8 bolan dörtburç tagtanyň üstünde oýnalýar. Jemi 64 sany dörtburçlugyň (öýjügiň) 32 sany gara, 32 sany hem ak reňkli bolýar. Küştçileriň biri aklary, beýlekisem garalary alýar we bir gezekde diňe bir göçüm edip bilýär.

Küştüň Daşlary

düzet

Küşt Oýnunda Daşlaryň Göçüm Kadalary

düzet
Şa şeýle göçüp bilýär
 
 
               
               
               
               
               
               
               
               
 
 
Ruh şeýle göçüp bilýär
 
 
               
               
               
               
               
               
               
               
 
 
Pil şeýle göçüp bilýär
 
 
               
               
               
               
               
               
               
               
 
 
Perzi şeýle göçüp bilýär
 
 
               
               
               
               
               
               
               
               
 
 
At şeýle göçüp bilýär
 
 
               
               
               
               
               
               
               
               
 
 
Pyýada şeýle göçüp bilýär (●). Mal alanda bolsa, şeýle alýar (×)
 
 
               
               
               
               
               
               
               
               
 
 
  • Rokirowka edip bilmek üçin şa birinji göçümini göçmedik bolmaly.
  • Rokirowka edip bilmek üçin şa bilen ruhuň arasynda başga daş bolmaly däl.
  • Garşydaşyň malynyň bir ujy şa bilen ruhuň arasyna düşse rokirowka bolmaýar.

Oýuna Başlamazdan Öň Daşlaryň Düzülişi

düzet
 
Oýuna başlamazdan öñ daşlaryň düzülüşü
  • Oýunyň başynda birinji göçüm hemişe aklaryňkydyr.

Poçta küşt

düzet

Bu oýunçy garşydaşyndan uzakda ýaşaýan we oýunlar e-poçta arkaly habar berilýän küşt görnüşidir. Jogap wagty günlerde ölçelýär we bir oýun gutarmak üçin aýlar ýa-da ýyllar uzaldylyp bilner.

1951-nji ýylda döredilen Halkara habarlaşma küşt federasiýasy (ICCF) [1] bu usul bilen öz Olimpiýa oýunlaryny we dünýä çempionatlaryny guramaga jogapkärdir.

Poçta küşt olimpiadasy

düzet
# Yyllar Altyn medal Kümüş medal bürünç medal
01. Archived 2022-12-14 at the Wayback Machine 1949-1952 Wengriýa Çehoslowakiýa Şwesiýa
02. Archived 2022-09-22 at the Wayback Machine 1952-1955 Çehoslowakiýa Şwesiýa   Germaniýa
03. Archived 2022-12-14 at the Wayback Machine 1958-1961 Sowet Soýuzy Wengriýa Ugugoslawiýa
04. Archived 2022-09-21 at the Wayback Machine 1962-1964 Sowet Soýuzy Demokratik Germaniýa Şwesiýa
05. Archived 2022-09-22 at the Wayback Machine 1965-1968 Çehoslowakiýa Sowet Soýuzy Günbatar Germaniýa
06. Archived 2022-09-21 at the Wayback Machine 1968-1972 Sowet Soýuzy Çehoslowakiýa Demokratik Germaniýa
07. Archived 2022-09-22 at the Wayback Machine 1972-1976 Sowet Soýuzy Bolgariýa Beýik Britaniýa
08. Archived 2022-09-21 at the Wayback Machine 1977-1982 Sowet Soýuzy Wengriýa Beýik Britaniýa
09. Archived 2022-12-14 at the Wayback Machine 1982-1987 Beýik Britaniýa Günbatar Germaniýa Sowet Soýuzy
10. 1987-1995 Sowet Soýuzy Angliýa Demokratik Germaniýa
11. 1992-1999 Çehoslowakiýa
Sowet Soýuzy
Kanada
Şotlandiýa
12. 1998-2004   Germaniýa Litwa Latwiýa
13. 2004-2009   Germaniýa Çeh Plşa
14. 2002-2006   Germaniýa Litwa   ABŞ
15. 2006-2009 Norwegiýa   Germaniýa Gollandiýa
16. 2010-2016 Çeh   Germaniýa   Fransiýa
17. 2009-2012   Germaniýa Ispaniýa Italiýa
18. 2012-2016   Germaniýa Sloweniýa Ispaniýa
19. 2016-2021 Bolgariýa   Germaniýa Çeh
Polşa
20. 2016-2019   Germaniýa   Russiýa Ispaniýa
21. 2020-2023   Germaniýa Lýuksemburg   ABŞ

Daşarky çykgytlar

düzet
  1. ICCF