Kanada 1945-2000-nji ýyllar aralygynda

Mowzuk : Kanada 1945-2000-nji ýyllar aralygynda.


M E Ý I L N A M A :

1. Kanada uruşdan soňky onýyllykda.

2. XX asyryň 60-80-nji ýyllarynda ýurduň syýasy we ykdysady ösüşi.

3. Kanada 1985-2005-nji ýyllar aralygynda. Syýasat, ykdysadyýet, durmuş.


Kanada Demirgazyk Amerikanyň demirgazygynda ýerleşýän döwlet bolup, ol hyzmatdaşlygyň düzümine girýär. Kanada günortada we demirgazyk-günbatarda ABŞ bilen araçäkleşýär. Oňa Demirgazyk Buzly umman Günbatarda Ýuwaş ummany we Gündogar Atlantik ummany ýanaşýar. Meýdany – 9976,19 müň km2. Paýtagty – Ottawa şäheri. Döwlet gurluşy : Kanada – parlamentar monarhiýa, hökümet baştutany formal taýdan iňlis şazadasy. Ol Beýik Britaniýanyň ilkinji deminionlarynyň biri (1867 ý.) Kanada 1931-nji ýyldan bäri Britan arkalaşygyndaky garaşşyz döwlet. Ol şol bir wagtda Federatiw döwlet. Kanun çykaryjy ýokary häkimiýet iki palataly parlament. Onda premýer ministr we Ministrler döwleti dolandyrýar.

XX asyrda Kanadanyň ykdysady-syýasy durmuşyna beýleki daşary döwletleriň täsiri örän uludy. Angliýanyň dominiony bolmak bilen ol sözüň dogrusynda iňlisleriň çig-mal çeşmesi bolup hyzmat edýärdi. Şeýle ýagdaýa seretmezden Kanada hem iňlisler hem Günortadaky ABŞ ýaly goňşy kuwwatly döwletler bilen özara döstlukly hyzmatdaşlygyny alyp baran döwletdir.

1939-1945-nji ýyllar aralygynda ýalynly ot bolup tutaşan gowgaly hasratly ikinji jahan urşy dünýä ýurtlarynyň syýasy durmuşyna köp nogsanlyk näsazlyklary döretdi. Ine, Kanada XX asyryň II ýarymynda uruşdan soňky 10 ýylyň içinde şeýle wakalar içerki syýasatyny gurşap alypdy. Ýagny, 1945-nji ýylda Oguz aýynyň 11-inde Kanada-da ýeňişde üstün çykan Aram partiýanyň öňe süren maksatnamasy netijesinde ähliumumy saýlawlar geçirildi. Premýer ministri Makenzi King (1935-1948) öz wezipesinde galypdy. Aram partiýa Kanada-da täze gurluşy dikeltmek şygar astynda hereket edýärdi. Beýleki ösen döwletleriň II jahan urşundan soň ösüşiniň haýallanmagy Kanadada hem belli bir derejede öz täsirini ýetirdi. Şeýle-de bolsa ol öz ornuny, ösüşini ýitirenokdy. Jahan urşy kanadalylara ruhy tarapdan bitewileşmegine şert boldy. Makenzi King uruş ýyllarynda kanadalylaryň özlerini millet hökmünde kemala gelmeginde hereket edýän, bir halk, bir millet hökmünde özlerini ykrar etdirendikleri baradaky pikirlerine uly baha beripdir : “Hat-da uruşdan gaýdyp gelen weteranlar hem özlerini “Britan esgerleri” diýip hasap etmeýärdiler. Olar doly bir bitewi kanad harby ýolbaşçylarynyň, harby strategleriniň buýrugy esasynda hereket etdiler”.

Saýlawlardan öňki çykyşlarda bolsa bir ýeke-täk kanad baýdagynyň kabul edilmegini talap edýän şygarlar öňe sürüldi. Makenzi uruş ýyllarynda antigitler baknadarlygyna garşy döredilen, Kanada üçin hemişelik, onçakly bir möhüm bolmadyk Atlantik üçburçlugynda ýer bermek baradaky dokument-resminamalara gol çekip, galyberse-de 1945 ýylyň Gurbansoltan aýynyň 26-synda geçirlen uruşdan soň dünýä gurluşyny we syýasy ýagdaýa ara alnyp maslahatlaşylan BMG-nyň konferensiýasyna gatnaşmak bilen Makenzi öz halkyndan oňa uly goltgy bermegine garaşýardy.

1945-nji ýylda Alp Arslan aýynda Federal prowinsial döwlet gurluşygy baradaky konferensiýasy geçirildi. Ýagny, indi döwlet derejesinde dogry ýola ösüşler pese gaçmaga haky ýokdy. Aramçylaryň saýlawlar öňündäki beren wadalary resurslary merkezleşdirilişini hökümete prowinsiýalaryň konstitusion esasyna we iňlislere baglydy. Ýöne, ýurduň merkezleşmegine fransuz kanadasynda we iňlis kanadasynda oňa garşydaş çykyş edýän syýasy we täsirli güýçler bardy. Makenzi King öňden dowam edip gelýän däplere wepaly bolup, ol aram toparyň daşary syýasatdaky gatnaşyklary milletara gatnaşyklary Britan agalygy esasynda alyp barýardy.

Sowuk uruşyň başlanmagy bilen Kanada özüniň Günortadaky kuwwatly goňşusyna ABŞ bilen diňe bir ykdysadyýetde däl eýsem harby-syýasy ýagdaýda hem oňa birnäçe ýeňillikler döredip özara hyzmatdaşlyk etdi. 1940 ýylda ABŞ bilen Ordenburg ylalaşygy baglanyşyldy. Şeýle hem Kanada anti sowet deržawasyna garşy anglo-amerikan meýilnamasyny doly goldady. 1946 ýylda Baýdak aýynyň 15-inde Ottawada “Şpion jenjeli” ýüze çykyp ýurtdan sowet diplomaty kowlup çykaryldy. Bu olaryň gatnaşyklaryny has hem ykjamlaşdyrdy. Ondan başga-da Kanadaky arktiki etraplaryna harby ekspedisiýa iberildi. Onda ABŞ-nyň aglaba köp mukdarda harby we awiasiýa goşunlary ornaşdyryldy. Umuman aýdanda, ABŞ bilen Kanada harby hyzmatdaşlykda has ýakynlaşdy.

Beýik Britaniýa bilen bu gatnaşyklar pese gaçdy. Kanada gerek bolan senagat harytlary şeýle hem zerur tehnologiýany indi ABŞ-dan alsa bolardy. Makenzi Kingiň ýolbaşçylygynda amerikan ýoluna ýykgyn edilmegi ýurtda nägilelikleri döretmän hem duranokdy. 1948 ýylyň Alp Arslan aýynda King işden gidýär. Täze premýer-ministr asly Kwebekli Lui Sen Loran bolýar. Onuň döwründe ýurt onçakly ösüşde däldi. 1947 ýylda dollaryň hümmeti gaçýar. Import bes edilip “Ebbortyň meýilnamasy” giň gerimde hereket edýär.

1948-1949-njy we 1953-1954-nji ýyllarda önümçilik pese gaýar. Ýöne nebit gazyň öndürilmegi oňa ummasyz girdeji getirdi. Hökümetiň ykdysady syýasatynda 1948-nji ýylda iş berijiler bilen işçileriň aragatnaşygy baradaky kanun kabul edildi. Bu içerki parahatçylygy kadalaşdyryldy. 1957 ýlda saýlawlarda Džon Difenbeýker (1957-1963) ýurda baştutanlyk edýär. Ol ýurtda güýçli özgermeler geçirýär. Energetikada, ýaşaýyş jaýy üçin karz işsizlige garşy göreş, salgytlaryň azaldylmagynda düýpli işler amala aşyryldy. Difenbeýker “Ýeke-täk Kanada” ýa-da “Kanada Demirgazyk” meýilnamasyny aňyýetini öňe sürdi. 60 ýyllarda bu meýlinden el çekdi. Sebäbi ol howaýy bir amala aşyrylmajak güýçýeterlik derejede däldi.

Angliýa bilen gatnaşyklary we özara hyzmatdaşlygy dünýä bazarynda Kanadanyň abraýyny artdyrdy. Muňa mysal edip, 1957 ýylda ilkinji gezek ýurduň taryhynda Mejlis ýygnagyna Angliýanyň şazadasy Ýelizaweta II çagyryldy.

1962 ýylda Kanadada parlamentar çökgünlik emele geldi. 1963 ýylda häkimiýete täze saýlanan Lister Pirson geldi. Onuň döwründe hem Kanada ykdysady-syýasy taýdan beýleki kuwwatly döwletler bilen söwda gatnaşyklary bilen utgaşdyrylyp alnyp baryldy.

Kanada 1968-1984 ýyl “Trýudo eýýamy”.

1968 ýylda Gorkut aýynda saýlawlarda Pýer Elliot Trýudo üstün çykýar. Onuň döwri ýurdy agyr ykdysady çökgünlikden çykmagyň wagtydy. Ol hökümete gelenden çylşyrymly möhüm mesele milleti bitewileşdirmek işlerini özüne maksat edindi we oňa bütin kanada jemgyýetini çekdi.

Hökümet tarapyndan 1969 ýylda dil barada resmi taýdan kanun edildi. Ýene-de şol ýyl sebitde Ykdysady ösüş ministrligi döredildi. “Ählihalk bir ýeke-täk döwlet jebis millet” diýen ýörelgeden ugur aldylar.

1972-1974 ýylda Trýudo saýlawda ýene üstün çykmak başartdy. Indi, ol ýurtda özgertmeleri demokratik ýolunda alyp barmagyň ýörelgelerini işläp düzdi.

Trýudo 1979-1980 ýyllarda ýene-de öz ýolbaşçylygyny dowam etdirdi. Ol ýurduň ählitaraplaýyn ykdysady-syýasy, medeni, maliýe, daşary ýurtlar bilen gatnaşyklarynda hem Kanadany iň bir ösen derejesinde ykrar edilmegine goşant goşan döwletleriň biridir. Kanada onuň döwründe ösen döwletleriň ýediligine hem girdi. Ol Angliýa, ABŞ, Russiýa hat-da Ýaponiýa bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy. Şeýle ösüşli bu döwür “Trýudo eýýamy” diýen at bilen taryha girdi. Bu döwürden soň Köneçil partiýa häkimiýete geldi. Onuň baştutany Braýan Malrinidi (1984-1993) dolandyrýar. Bu ýyllarda Kanada oba-hojalyk önüminiň öndürilişi, ylaýta-da 20% bugdaý dünýä bazaryna eksport edilýär. Ol ABŞ-dan soň senagat önümlerini öndürmekde öňde baryjy döwletleriň hataryna goşuldy.

1993 ýylda hökümede ýene-de Aram partiýanyň wekilleri gelýär. Onuň ýolbaşçylygyna Ž. Kretýen (1993-1999) bellenildi. Ol ýurtda maliýeleşdirmek pul hümmetini artdyrmagy babatynda düýpli işleri amala aşyrdy we oňa gözegçilik etdi.

Onuň öňe çykaran maksatnamalary iki basgançakly ugra eýedi. Onuň biri “Mümkinçilikleriň deňlik strategiýasy” diýip atlandyrylyp ol ýurduň ylym-biliminiň ösüşi, kämilleşmegi, talyp haklarynyň köpeldilmegi, garyp gatlaklarda oba-şäherlerde okuw ulgamynyň alnyp barlyşy baradaky meseleleri öz içine aldy.

Ikinji bir ugry “Jemgyýetiň goraglylygyny üpjün etjek bolup ol öz öňünde ýurduň ilatyň ýaşaýyş durmuşyny ählitaraplaýyn gowulandyrmakdan ybaratdy.

1990 ýylda Kanadada ýokary derejede çözülmesi kyn meseleleriň biri işsizlik ýüze çykdy.

Kretýeniň döwründe ykdysady gurluşyň düzümi işlenip düzüldi. Dünýä bazarynda isleg döredýän girdeji çeşmesi bolup durýan harytlaryň geçmezligi senagat önümleriniň öndürilmegini kemelmegine getirdi. Indi bar üns diňe täze gazanylan tehnologik önümleriň telekomunikasiýa, biotehnologiýa, farmaseftika, maşyn gurluşyk önümleri dünýä bazarynda uly islegleri döretdi. Indi söwda ulgamyna salýan howp yza galypdy. Kanadanyň söwdadan gelýän girdejileri günde 1 mlrd dollara barabardyr. Bu onuň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyny has-da özgerdip, dünýä derejesindäki abraýyny artdyrdy.

Umuman, XX-XXI asyrlaryň sepgidinde Kanadanyň durmuş-ykdysady we syýasy ýagdaýy dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde.