Kastiliýanyň Aragoniýa bilen birleşdirilmegi
Dworýanlar güýçlenip korol häkimiýetiniň täsiri pese gaçýar. Beýleki tarapdan ýurduň içindäki ilatly ýerler we şäherler mawr çozuşlaryndan goramaly bolupdyr. Şol bir wagtyň özünde Ispaniýa ýarym adada Prowans we Italiýa bilen gatnaşyklary edýän söwda şäherleri peýda boldy XIV asyrda şäherliler kortesleriň güýçli bölegini öz içine alyp oňa ruhany dworýanlar hem girdi. Ispan döwletlerinde söwda pul gatnaşyklarynyň ösmegi netijesinde iri ýer eýelerine garaşly daýhanlary ezmek hem güýçlendi. Azat daýhanlarada jenaplar täsiri ýetirdi. Kastiliýada maldarçylygyň ösmegi bilen XIV-XV daýhan ýerleri köpçülikleýinöri meýdanlaryna öwrüldi. Bu bolsa Kastiliýa obasyna daýhan tolgunyşyklaryna getirdi. Kastiliýada “ermandinoslaryň” (doganlaryň) hereketi uly gozgalaňa öwrüldi. 1437 ýylda XIV-XV asyrda Balear adalarynda bolup oňa söwdagärler bolup daýhanlar gatnaşdy.
XV asyrda Kataloniýa köpçülikleýin daýhan hereketleriniň merkezine öwrüldi. Daýhanlar özbaşdak hereketini talap etdiler. 1462-1472 ýyllarda Kataloniýada daýhan hereketi bolup gozgalaňçylara az ýerli, ýersiz daýhanlar goşulyp ýer talap etdiler. Argon koroly Huan II bu hereketi peýdalandy. Ol Kataloniýada hem öz häkimiýetini berkitdi, daýhanlarada az-kem eglişikler eden boldularda, soňa baka olary hem ýatyrdylar.
1484 ýylda Kataloniýada ýene-de güýçli gozgalaň Pedro Huan Saliniň ýolbaşçylygynda başlandy. Hökümetiň olara garşy iberen goşuny daýhanlara köp garşylyk görkezmedi. Şeýle-de bolsa Salini tutup, gynap öldürdiler. 1486 ýylda hökümet eglişikler etmäge mejbur bolýar. 1479 ýylda Aragon we Kastiliýa birleşip ýeke-täk häkimiýeti döretdi. Ferdinand Argondskiý we Izabella Kastilskiý ýurdy dolandyrdy. Bu Ispaniýada korol häkimiýetini berkleşdirdi, Ispan korollary esasy hüjümi Granau emirligine gönükdirdiler. Ispaniýadaky araplaryň eýeçilikleri 1492-ýyldan uzaga çeken göreşlerden soň ýok edildi. Bütin Pirineý ýarym adasy, Portugaliýada başga ispan korollarynyň eline geçdi. Ispaniýada ýaşaýan musulmanlara hriste çokunmalydy bolmasa ýurdy taşlap gitmeli diýip buýruk berildi. Netijede köp söwdagärler Afrikanyň günortasyna göçdüler, Galanlaryny buthana ezdi.
Ferdinandyň we Izabellanyň dolandyran döwründe Ispaniýada absolýut monarhiýa ornaşdyryldy. Iri ýer eýeleri syýasy özbaşdaklygyny ýitirdi. Kortesler öňki ähmiýetini gaçyryp, az çagryldy. Dolandyryş býurokratik häkimiýete geçdi.
Umuman orta asyrlarda ilkinji gezek Ispaniýada XI-XII asyrlarda dörän korteslerde dürli gatlaklar uly rol oýnapdyr.