Katwin söweşi
1141-nji ýylda Karahitaýlaryň ýeňmegine sebäp bolan Garahitaý-Beýik Seljuk söweşi.
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Katwin söweşi — 1141-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Garahytaýlylar bilen Beýik Seljukly Türkmen döwletiniň arasynda bolup geçen söweşdir. Söweş Samarkandyň golaýlarynda bolup, Garahytaýlylaryň Seljuklylaryñ wassaly bolan Garahanly döwletine çozmagy bilen başlanýar.
Horezmşa türkmenleri bilen Seljukly türkmenleriň arasyndaky uruşlardan peýdalanyp, Garahytaýlylar Türkmenleriň Garahanly döwletine çozuş etdiler. Ahmet Sanjar bilen Mahmyt Garahan öz 100.000 türkmen esgeri , Garahytaý hany bolan Ýelü Daşi mongollardan duran 100.000-700.000 aralygyndaky esgerleri bilen çaknyşdylar. Bu söweşde Seljukly türkmenleri ýeňlip, Garahytaýlylar Garahanly Türkmen döwletini basyp alýar.