Kel bagşy (Annaberdi Aýdogdi ogly (1850-1923)) — Meşhur Türkmen dutarçysy,saz dörediji kompozitor,halypa Kel bagşi Gökdepe etrabynda Yzgant obasynda daýhan maşgalasynda doglupdyr. Kel bagşynyñ atasy Aýdogdy dutar çalyp bilse-de,ussatlyk derejesine ýetip bilmändir. Kel bagşy öz döwrüniñ meşhur sazandalary bolanGulgeldi ussa,Amangeldi göni,Sary bagşy,we beýleki ussat bagşy-sazandalar bilen duşuşyp,öz ukybini kämilleşdirýär. Şol döwürlerde ýazgy maşynlary bolman soñ,onuñ öz eli bilen çalan sazlarynyñ ýazgysy biziñ döwürmize gelip ýetmändir.Şeýle bolsa-da,onuñ döreden „Hatija“ „Jerenim“ „ Suwa geledir“ „Kepderi“ „ Ak eşekli“ „ Ýusup owgan“ ýaly sazlary Türkmen Bagşy-sazandalarnyñ çalynmalaryndan düşmän gelýär.Kel bagşy 1923nji ýylda aradan çykýar. Onuñ şöhraty Türkmen sazynyñ taryhyna ebedilik girdi.