Kelem
Kelemliler —maşgalasyna degişli ösüm likleriň ählisiniň güllerinde dört sany ýaşyl okara ýapragy, dört sany gül ýapragy bolýar. Gül täjiniň dört sany gül ýapraklary atanaklaýyn ýerleşendir. Bu maş galanyň atanak güllüler diýen ady şondan gelip çykypdyr. Kelemliler maşgalasyna degişli ösümlikleriň gülleri salkym şekilli gül çogdamyna ýygnanandyr. Bu maşgala gir ýän ösümlikleriň gülleriniň bir sany miweli gi we alty sanyda tyçinkasy bardyr. Tyçinkalaryň iki si beýlekilerine garanyňda gysgarak bolýar. Köpüsiniň gülleriniň açyk reňki, ýakymly ysy hemde içinde süýji tagamly şiresi (nektary) bolýar. Şoňa göräde olar mörmöjekler arkaly tozanlanýar. Tozanlanan gülleriniň düwünçeklerinden uzynja miwe emele gelýär. Miwäniň ortasynda ýuka germewajy bolup, onuň gyra larynda tohumlar ýerleşýär. Bişen miwe aşakdan ýo karlygyna ýuwaşýuwaşdan ýarylyp, onuň çaňňaklary germewaçdan aýrylýar. Germewaçdaky tohumlary ýel kemkemden ýere gaçyrýar. Şunuň ýaly miwelere struçok diýilýär. Türkmenistanda atanak güllüler maşgalasyna de gişli ösümlikleriň ýabany we medeni görnüşleriniň en çemesi ösýär we olar dürli maksatlar üçin ulanylýar. Olaryň birnäçesi bilen tanşalyň.
Ýabany ösýän kelemliler maşgalasyna degişli ösümlikler
düzetTürkmenistanda kelemliler maşgalasyna degişli ýabany ösümlikleriň 180den gowrak görnüşi ösýär. Olaryň köpüsi ir ýazda ösüp ýetişýär. Ýazyň başynda, baldagynyň tiz ösýänligi sebäpli, 30–40 günüň dowamynda gülleýär we miweleri bişýär. Bu maşgala degişli ösümlikleriň arasynda güýzde gögerýänleri hem bardyr. Olaryň ösüş döwri tomus ýada güýz paslynda başlanýar. Şol döwürde olaryň köki we gysga baldakda ýerleşýän ýapraklary ösüp çykýar. Türkmenistanyň ekin meýdanlarynda ösýän ha şal otlardan 40-a golaýy kelemliler maşgalasyna degişlidir. Olaryň arasynda aýratynda gyjy-gyjy has köp duş gel ýär. Ol ýaplaryň boýlarynda, dag eteklerinde, derýa ýakalarynda, bagbakjalyklarda we beýleki ýerlerde giňden ýaýrandyr. Gyjygyjynyň maýdaja ak gülleri baldagynyň depesinde salkym şekilli gül çogdamyna ýygna nandyr. Gülüniň gurluşynda kelemliler maşgala syna mah sus alamatlary saklaýar. Gyjygyjynyň maýdaja miwe leriniň üçburç şekilli keşbi bardyr. Ol çopanlaryň ýan torbasyny ýada salýar. Şonuň üçin bu ösümlige çopan torbasy hem diýýärler. Gyjygyjy birýyllyk otjumak ösümlikdir. Ol mart–aprel aý larynda gül leýär, maýda miwesi bişip ýetişýär. Ýetişen miwele ri ýuwaşýuwaşdan açyl ýar. Olardan ownujak tohum lar se pelenip ýere düşýär. Onuň her Gyjygyjy peýdaly der manlyk ösümlikdir. Ondan alynýan derman gan duruzyjy hökmünde we aşgazaniçege kesellerini bejermekde ulanylýar. Ýenede ol mal lar üçin otiým bolup hyzmat edýär. Ýabany ösýän kelemliler maşgalasyna gyjygyjy dan hem başga ajybalgaz, çetir, dadran, ýabagan, sy gyrguýruk we beýleki ösümlikler degişlidir.
Kelem
düzetGymmatly azyk önümi hasaplanýan kelemiň gülleriniň we miwe leriniň gurluşy gyjygyjynyň güllerine we miwelerine meňzeşdir. Medeni kelem Ortaýer deňziniň we Atlantik okeanynyň kenarynda ösýän ýabany kelemden gelip çykandyr. Grekler we rimliler kelemi örän gadymy wagtlarda hem ösdürip dirler. Adam köp asyrlaryň dowamynda kelemiň dürli sortlaryny döredipdir. Kelem ikiýyllyk ösümlikdir. Ol birinji ýylynda kök, ýap rakly baldak we kelle emele getirýär, ikinji ýylynda bol sa, gülleýär we miwe berýär . Kelem sowuga çydamly ösümlik bolup, onuň tohumy 2–3 °C ýylylykda göger ýär. Kelemiň kadaly ösüp ýetiş me gi üçin 15–18 °C ýylylyk ýe terlikdir. Kelemiň tohumy gögeren wagtynda ilki bilen ok kök, ondan soň iki sany tohum ülüşleriniň ýaprajyklary çykýar. Tohum ülüşleriniň ýap rajyklarynyň arasynda de pe pyntygy bolup, ondan ösüm ligiň baldagy ösýär. Baldagyň üstün de bolsa yzlyyzyna ha kyky ýapraklary peýda bol ýar. Tiz wagtdan baldagyň uzynlygyna ösmegi togtaýar Depe pyntygyndan ösüp çykýan täze ýaprak lardan kelem kellesi emele gelýär. Kelemiň kellesiniň ululygy kökýany ýapraklaryň ululygyna baglydyr. Ýapraklary lar uly bolsa, kelem kellesi hem uly bolýar. Kelemiň kellesiniň içinde ýogyn gysgalan baldak bardyr. Oňa kelem düýbegi diýilýär. Baldakdaky ýapraklaryň arasynda gapdal pyntyklary ýerleşýär. Kelläniň daşky ýapraklary ýaşyldyr. Olarda hlorofil köp bolýar. Ýaşyl ýapraklarda ýagtylykda howadan alynýan kömürturşy gazyndan, toprakdan alynýan suw we mineral duzlardan organiki maddalar (şeker, krahmal, belok) emele gelýär. Kelläniň içki ýapraklaryna günüň ýagtysynyň düşmeýänligi sebäpli, olarda hlorofil emele gelmeýär. Şonuň üçin hem olar ak reňkli bolýar. Kelemiň güýçli ösen şahaly kökleri bolup, olar topragyň ýokarky has mes gatlagynda ýaýraýar. Kelemiň düýbüne yzgarly toprak üýşürilende baldagyň aşaky böleginden goşmaça kökler emele gelýär. Olar ösümlige mäkämlik berýär we toprakdan köp ýokumly maddalary almaga kömek edýär. Kelem suwy köp talap edýär. Kelemiň örän köp sortlary bardyr. Olardan has köp ekilýäni ak kelleli, gyzyl kelleli, kolrabi, brýussel we gül kelemleridir. Kelem witamine baý bolan iýmitlik ösümlikdir. Ony halk lukmançylygynda iç kesellerini, kelle agyryny we beýlekileri bejermek üçin giňden ulanýarlar. Kelemiň köp sanly sortlaryndan başgada kelemliler maşgalasyna gök ekinlerden gyzyldüýp, akdüýp we beýlekiler degişlidir. Olar iýmitlik ösümliklerdir.