Taryhy

düzet

Kelif gala taryhy-medeni ýadygärligi Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän ylmy taýdan öwrenilmäge mynasyp ýadygärlikleriň biridir. Bu medeni ýadygärlik Amyderýanyň kenaryna has ýakyn ýerleşendigi sebäpli onuň käbir ýerlerine we böleklerine derýanyň suwy zeper ýetiripdir. Gadymy Kelif şäheriniň taryhy hem asyrlaryň jümmüşinde ýylpyldap görünýär.

Onuň Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşendigi sebäpli, bu ýerden geçýän kerwenleriň yzy üzülmändir. Bu ýerde söwdagärler sowda-satyk, alyş-çalyş işlerini ýola goýupdyrlar. Hytaýdan, Şaşdan gelýän kerwen Hojapiliň, Köýteniň, Bazardepäniň, Garlygyň üsti bilen Kelif şäherine gelip ýetipdir. Bu ýerden hem Balha, Gazna, Hindistana tarap ugrapdyr. Şu möhüm söwda ýolunyň ugrunda ýerleşen Kelif şäherine gelen kerwenler Şirabada, Termeze, Garşa, Samarkanda, Buhara, Amula, Horezme ugrapdyrlar. Mongol basybalyjylaryna çenli bolan döwürde Kelif şäheri gülläp ösen merkezleriň biri bolupdyr. Ýöne mongol goşunlary tarapyndan tozdurylmak hem weýran bolmak kysmaty gadymy Kelif şäherinden hem sowa geçmeýär. Köp asyrlaryň dowamynda ençeme çylşyrymly syýasy hem-de ykdysady öwrülişikleri başdan geçiren Kelif şäheriniň ilaty basybalyjylaryň çozuşlaryna güýçli gaýtawul beripdirler. Horezmiň in soňky hökümdary Muhammet Horezmşanyň ogly, meşhur türkmen serkerdesi Jelaleddin Meňburn Köýten jülgesinde - Kelif galasynyň töwereklerinde mongollara garşy batyrgaý söweşipdir. Güýji asgyn gelensoň Kelif güzeriniň üsti bilen Amyderýadan geçipdir. Amyderýanyň ýakalaryna grek-makedon goşunlary ilkinji gezek biziň eramyzdan öňki 329-njy ýylyň ýazynda gelipdir, oňa meşhur serkerde Aleksandr Makedonskiý baştutanlyk edipdir. Onuň Amyderýa jülgesinde üç ýyl töweregi bolmagy ol hakda birgiden rowaýatlaryň döremegine getiripdir. «Kurany Keremde ýatlanýan Pygamberlerden ikisiniň — Zulkarnaýn bilen Zul- kefliniň adyny göteren rabatlar Amyderýa kenarynda ýerleşipdirler. Zulkarnaýn rabaty (berkidilen gala, kerwensaraý) derýanyň çep kenarynda, Zulkefli rabaty hem sag kenarynda gurlupdyr. Zulkefli pygamberiniň mazary birneme gijiräk Termeziň ýanyndaky derýanyň içinde ýerleşen ada geçirilipdir (ol ada onsoň Aral Pygamber, ýagny Pygamber adasy adyny göteripdir)» diýip, taryhçy alym Annaçary Bäbekow «Geçmişiň dumanly alyslyklarynda» diýen işinde belläp geçýär. Gadymy Kelif şäheriniň döreýiş taryhy, Kelif sözüniň manysy hakynda ýerli ilatyň arasynda gyzykly rowaýatlar köp. Oturymly ilat «kelif» sözüni «gulp» ýa-da «kilt» sözleriniň üýtgän görnüşi hasaplap, ony Iskender Zulkarnaýnyň ady bilen baglanyşdyrýar. Başga birleri «kelif» sözüniň «zuf» sözünden döräp, onuň kenardaky şäher manysyny aňladýandygyny, käbirleri bolsa bu sözüň türkmenleriň «gelip» sözünden dörändigini tekrarlaýar. Her niçik bolsa-da, gadymy Kelif şäheriniň adynyň antik zamanlarda hem häzirkisi ýaly duş gelýändigini taryhçylar, alymlar subut edýärler. Amyderýanyň orta akymynda Kerki (häzir Atamyrat) geçelgesinden soňra iň uly güzer Kelif geçelgesi, esasan, dört sany ýalpak-güzerden ybarat bolupdyr. Olar Jargüzer, Kelifgüzer, Akderigüzer, Şagondygüzer diýlip atlandyrlypdyr. Şu güzerleriň hersinde ýüzlerçe gämiler we gaýyklar ýolagçylara hyzmat edipdir. Olaryň ikisinde - Kelifgüzer bilen Şagondygüzerde at goşulýan gämiler, öküz goşulýan gaýyklar işläpdir. Bu bolsa ýolagçylaryň, aýratyn-da, täjirlerdir söwdagärleriň beýleki kenara aňsatlyk bilen geçmegine oňyn şert döredipdir. Kelif geçelgesinde at we öküz goşup, gämi-gaýyk sürýän ýörite gämiçiler taýpasy ýaşapdyr. Olara ýerli dialektde — «kamaçi» («gämiçi») diýilýär. Döwlet işgäri, serkerde, meşhur şahyr Zahyreddin Muhammet Babur (1483-1530) Hindistanda beýik mogollar döwletini döredýär. Babur ussat şahyr, saz sungatyna gadyr goýýan patyşa bolupdyr. Ol özüniň «Baburnama» atly kitabynda: «Termez we Kelif we Kerki güzerlerinde (geçelgelerinde) munça gämi ýasap, köpri gurmak üçin munça esbap taýýarlap, ýokarky ... geçelgeleri berk goraň» diýip, Kelif güzeri barada-da agzaýar. Gadymy Kelif şäheri Amyderýanyň iňňän amatly kenarynda ýerleşendigi üçin, onuň ilaty asyrlarboýy gurply ýaşapdyr, daýhanlary ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanypdyr. Ilatyň belli bir bölegi hünärmentçilik we senetçilik bilen gyzyklanypdyr. Bu ýerde uly bazar bolup, onda dünýäniň dürli künjeginden gelen söwdagärler, täjirler söwda edipdirler. Kelif begligi diňe şu geçelgeden düşýän girdejiniň-pajyň hasabyna güzeranyny gurply dolandyrypdyr. Kelif galasy we şäheri häzirki adybir demirýol menzilinden bir kilometr çemesi günortada, Amyderýanyň 150-200 metre çenli daralýan ýeriniň gaýaly kenarynda ýerleşýär. Şäheriň galasy çägesöw daşly gaýanyň üstünde gurlup, şäheriň ýerleşýän ýeri bolsa demirgazyga tarap uzalyp gidýär. Ol ýerler soňky döwürlerde gurlan ymaratlaryň harabaçylygy bilen basyrylypdyr. Galanyň we şäheriň daş-töwereklerinde antik zamanlara, irki we giçki orta asyr döwürlerine, şeýle-de XIII-XIV, XVIII-XIX asyrlara degişli gap-gaçlaryň, kerpiç we daş jäjekleriniň, syrça bölekleriniň, şaýy pullaryň, adam we haýwan şekilleriniň uly toplumyna duş gelindi. Bu ýerde 1931-nji ýylda alym-arheolog A.A.Maruşenko, 1948-nji ýylda akademik M.E.Masson, 1960-njy ýylda arheolog A.M.Mandelştam, 1966-njy ýylda alym-arheologlar T.Hojanyýazow bilen W.N.Pilipko, 1995-nji ýylda Atamyrat şäherindäki döwlet taryhy-medeni goraghananyň işgäri, mirasgär Ş.Hudaýnazarow dagy bolup, bu arheologik ýadygärligine degişli gymmatly ylmy maglumatlary toplapdyrlar.

Edebiyat

düzet
  • "Diyar" žurnaly. Aşgabat. 2015. №8. S.42-43