Gurluşy

düzet

Kelle beýnisi kelleçanagyň içindäki boşlukda ýerleşýär. Ol, esasan, üç bölümden, ýagny sütünden, beýnijikden we öňdäki beýniniň uly ýarym şaryndan durýar.

Sütün bölümi. Kelle beýnisiniň sütün bölümi süýri beýniden, köprüden, ortaky we aralyk beýnilerden durýar. Süýri beýni oňurga ýiliginiň göni dowamydyr. Onuň görnüşi oňurga ýiligine meňzeşdir. Onuň öňki we yzky üstlerinde edil oňurga ýiliginiňki ýaly oňat bildirýän dik joýajygy bar. Süýri beýniniň kese-kesiginde ak we çal maddalar görünýärler. Aşaky böleginde çal madda kebelek şekilli görnüşde bolýar. Ýokarky böleginde bolsa, ol ak maddanyň içinde ýerleşýär we aýry-aýry toplumlary - ýadrolary emele getirýär. Süýri beýni ýaşaýyş üçin birnäçe möhüm işleri ýerine ýetirýär. Onda dem alyş we ýürek-damar ulgamynyň merkezleri ýerleşýärler. Ondan başga-da süýri beýnide sormaklygyň, ýuwutmaklygyň, çeýnemekligiň nerw merkezleri, şeýle hem diliň we galkan görnüşli mäziň işlerini sazlaşdyrýan nerw merkezleri bar. Birnäçe goranyş refleksleri - üsgürme, asgyrma, gaýtarma hadysalary hem süýri beýni bilen baglanyşyklydyr. Süýri beýniden ýokarda, ondan aýdyň kese joýajyk bilen bölünen köpri ýerleşendir. Köpriniň esasy bölegini keseligine ýerleşen nerw süýümlerinden emele gelen ak madda düzýär. Çal madda aýry-aýry ýadrolar görnüşinde ak maddanyň galyňlygynda ýerleşýär. Ol ýadrolar nerw öyjükleriniň (neýronlaryň) bedenlerinde emele gelendirler, olardan ösüntgiler aýrylyp gaýdýarlar. Köprüniň üstünden öňdäki we ortaky beýnini süýri beýni we oňurga ýiligi bilen baglanyşdyrýan nerw ýollary geçýärler. Yüz we eşidiş nerwleri hem köprüden aýrylyp gaýdýarlar. Eşidiş nerwleri eşidiş reseptorlaryndan gelýän habarlardan başga-da deňagramlylygy saklaýan synalardan gelýän habarlary hem beýnä geçirýärler. Köprüden soň ortaky beýni gelýär. Ortaky beýniniň içinde çal maddanyň uly bolmadyk toplumlary ýerleşýär. Köprüden we süýri beýniden öňdäki beýnä geçýän, ol ýerden hem yzyna barýan köp sanly nerw baglanyşyklary ortaky beýniniň üstünden geçýär. Bu ýerde birnäçe möhüm duýujy, şol sanda görüş hem-de eşidiş we hereketlendiriji merkezler ýerleşendir. Mundan başga-da ortaky beýniden myşsalara üznüksiz oýanyş geçirilip durulýar. Netijede, beden özüniň belli bir görnüşini saklap durýar, myşsalar bolsa kadaly dartgynlygynda galýar. Aralyk beýni sütüniň iň ýokarsynda ýerleşýär. Onuň aşaky ýüzünde gipofiz (beýniniň aşagyndaky ösüntgi) ýerleşýär. Aralyk beýnide içki synalaryň işini dolandyrýan merkezler, şeýle hem bedeniň gyzgynlygyny sazlaşdyrýan, teşneligiň, açlygyň we doklugyň duýgularyny berýän merkezler ýerleşýärler. Sütüniň içinden käbir ýerlerinde giňelýän akaba geçýär. Ol oňurga ýilik akabasynyň dowamydyr. Sütüniň üstüniň köp bölegi ak madda bilen örtülendir. Sütüniň içinde ýerleşen nerw öýjükleri, bedenlerinde bolsa aýry-aýry ýadrolar görnüşinde çal madda emele gelendir.

Beýnijigiň gurluşy we işi.
Beýnijik süýri beýniniň üstünde, ýarym şarlaryň yzynda we aşagynda ýerleşendir. Adamyň beýnijiginiň agramy 150 gr. töweregidir. Oňurga ýiliginden we kelle beýnisiniň sütün böleginden tapawutlylykda, beýnijigiň üsti çal maddanyň ýukajyk gatlagy bilen örtülendir. Bu onuň gabygydyr. Nerw öýjükleriniň ösüntgilerinden emele gelen ak madda beýnijigiň içki gatlagynda ýerleşendir. Bu ösüntgiler beýnijigi merkezi nerw ulgamynyň beýleki bölümleri bilen baglanyşdyrýar. Beýnijik bedeniň çylşyrymly hereketlerini sazlaşdyrmakda, şeýle hem bedeniň deňagramlylygyny saklamakda uly ähmiýete eýedir. Adamda beýnijigiň işiniň näsazlygy kadaly hereketi bozýar, ujaklaryň aýry-aýry myşsa toparlarynyň arasyndaky myşsa dartgynlyklary kadasyzlandyrýar. Şeýlelikde, edilýän hereket tagaşyksyz we näsaz bolýar. Adam derrew ýadaýar, aýaklarynyň arasyny giňden açyp ýöreýär, üznüksiz yranýar, büdreýär we ýykylýar. Beýnijigiň şular yaly bozulmalary birnäçe wagtdan soň doly bolmadyk ýagdaýda dikelýär. Bu bolsa hereketiň sazlaşdyrylmagyna kelle beýnisiniň gabygynyň hem gatnaşýandygyny görkezýär.